|

Ürküzilen

Ürküzilen ÜRKÜZILEN

Näme isleýärin, bilemok özüm,
Gije gündiz ters aýlanýan nämüçin,
tapýaryn, ýitirýän, agtarýan ýene,
Näm:ädir gussaly garaşyar kalbym.
dostlarymdan gaçýaryn men näme üçin—
Gizlenýärin dymyk tussaghanamda?!
Duygylam ýollaýar pyşyrdylaryny
diñleýän olary teşnelik bilen.
Ýol agtarýan garañkydan, tümlükden
Mekir kezzaplardan gaçmaklyk üçin
azap çekýän;
Sebäp:
Düýnem olar maña dostduyar,
Mylaýym ýylgyryş bilen ýüzüme
bakdylar
Aldan ekenler:
Arkama öwrülip kesek atdylar.
Bu adamlara açyk göwün bilen gatyldym
Olaram gül ýaly beripdi jogap
Gapynyñ arkamdan ýapylan wagty
olar kimdiklerni aýan etdiler
Gülüp bakanlarym kesek atdylar
Ah, ynjan kalbym, düşünýän saña,
gözleme, garaşma
gynanma, puşman etme
Düşersiñ hassa,
Söýgi goragynda taşla ynamyñ:
Betpygyllañ,
nätanyşlañ dünýäsinde duşmarsyñ dosta!

© Fürug Ferrugzad

Rusçadan terjime eden: © Kalba Nur Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle