|

Ürkdi gitdi

Ürkdi gitdi ÜRKDI GITDI

Ürkdi gitdi

Elden, ol-a emel eken,
Eýse, indi erk-de gitdi.
…Elli ýaş ─ tüýs neme… eken,
Gitdi, menden görk-de gitdi…

Aýby ýok, munuň hiç aýby,
Asla, ýok öýlenjek gaýgym.
Çal ýeller başdan aýagmy,
Çaňy bilen örtdi gitdi.

Ýat boldy hoşzyban dilber,
Ýada düşse, ýürek dilner.
Asal-asal sözlän diller,
Ajysyny pürkdi gitdi.

Ömrüm şemdir ─ ýyldyr-ýyldyr,
Öçüp barýar. Niçik ýyldar?!
Duşdan göç geçirip ýyllar,
Böwrüme bir dürtdi gitdi.

Goşgy goşýan ─ göwne melhem,
Getirýär ol biraz pul hem…
Görüň, bu gün ol hem, ol hem,
Meger, menden ürkdi gitdi?! Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle