Undulan söýgim
Undulan söýgim
Belki, asla unudylmaz öýdülen,
Ýöriteläp düýne goýup gidilen,
Undulan söýgim.
Gözýaş bilen ýuwup kalbyň yzasyn,
Bermek üçin biwepanyň jezasyn,
Undulan söýgim.
Ynjydyp, ýüregim söýmekden kesip,
Didarlaşmak asla etmejek nesip,
Undulan söýgim.
Undulan,
sebäbi bagt bermedik hiç.
Söýmeklik mümkin däl,
Ýigrenere giç.
Annabeg AÝMAKOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby, » Kämillik mekdebi» klubynyň agzasy. Goşgular