Umyt uçgunlary
Umyt uçgunlary
UMYT UÇGUNLARY
Gowy kämil zatdan göwnüñ suw içse, aýrylasyñ gelenok. Goşgularyny gaýtalap-gaýtalap okadygym Aknur Rozyýewa, Nurgözel Akmyradowa, Maýa Halykowa dagylaryñ her haýsynyñ öz ýüzi bar. Şygryýetde öz ýüzüñi görkezip bilmek, bu örän belent zehini talap edýär.
Beýle diýsem, ol ýaş zehinler çeperçiligiñ çür depesine çykypdyr diýdigim däl-de, şolara geljekde bu ugurda bil baglap boljak, olaryñ uly geljegi bar diýdigim, ýagny, olary hemme taraplaýyn ikelläp goldamaly, kömek etmeli diýdigimdir. Ýaş nahala hemişe idi-yssywat edilende, bol miwe berýär.
Sözümizi Aknur Rozyýewanyñ "Obam", "Owadan säherler, nurana dañlar" hem "Şa güller" atly atly goşgusyndan başlalyñ. Öz dogduk obasyny wasp eden şahyrlar ozalam kän, ýöne Aknuryñ obasy "…Gudratlañ mekany Astanababa" ekeni… Goşgulañ dokuzy düzüw, süññi sagat, içki sazlaşygy sünnäli, çeperçilik äheñi belent:
Sadalyk bar, keramat bar kalbyñda,
Ynsanlañ mähire eýlenen ýaly.
Çyn mertlikden dowamat bar süñnünde,
Göýä bakylyga eygeren ýaly.
Dogduk mekanyñy gudrata öwürmegiñ özi-de bir belentlikdir!
Ýa-da:
Özge ýerde giñ jahana sygmadyk,
Ýürek señ goýnuñda tapýandyr karar…
Aknuryñ beýleki iki goşgusy bolsa, içki duýgusy güýçli goşgulardyr. Olaryñ birinde erkana, eziz Diýarymyzyñ asuda, tämiz säheri taryp edilse, beýlekisinde bägülleriñ tebigatyna şahyr gözi bilen syn berilýär, şahyr ýüregi bilen gülleriñ gözelligi syzylýar
Garañky şalyny ýygnap ýör gije,
Seret, oýanypdyr nur lybas dünýä.
…Durmuş sallançagnyñ bagyny çekip,
Säheriñ yşkyndan Gün dogup gelýä!
Biziñ günde görüp ýören säherimize şygryýetiñ nuruny saçyp, ony şeýle bezemek, şahyr ýüreginiñ sünnäli nagşydyr. Ýa-da:
Söýgiñ wysaly deý ýaşap ýörendir,
Belkem, şol aşyklar öwrülip güle.
Bildimikä gülleñ pynhan syrlaryn,
Baksañyzlañ, perwaz urýan bilbile!
Dünýä ýaly giñ sähramyzyñ sadaja güllerini şeýle keramata öwürmek bu täze, şahyrana pikirden nyşandyr.
Indi üçüñ biri Nurgözel Akmyradowanyñ şygyrlaryna seredip geçeliñ. Nurgözel meniñ çak edişime görä, şygryýetde täze at däl, ol eýýäm okyjylara özüni tanadan zehin. Onuñ metbugatda her bir çykyşy beýlekisinden aýdyñ tapawutly, ol gitdigiçe kämilleşýär. "Şahyr", "Yşka ynan!", "Damjalar" we "Ýaşaýyş" goşgularynda awtor durmuşa pelsepeçiniñ gözi bilen garaýar. Goşgularyñ çeperçiligi nepis, sözüñ göçme manyda ulanylyş täri bolsa, diýseñ ýerine düşüpdir. Ol "Şahyr" goşgusynda şahyry sarsmaz, belent daglara deñäp:
Çyn şahyrlar üýtgemeýär aslynda,
Diñe üýtgeýändir akyly darlar.
…Buz bugarar, garlar erär üstünde,
Emma sarsman durar ol belent daglar —
— diýip, ýazmak bilen olaryñ merdemsi ýüreginiñ waspyny ýetirýär. Nurgözel "Yşka ynan!" goşgusynda ykbala ýüzlenip:
Bimany ömre iberme,
Gülleýän ykbala ýolla! —
— diýip, her bir ynsanyñ ýaşan ömrüniñ bimany bolmazlygyny tekrarlaýar. Nurgözeliñ şu ýokardaky ady agzalan goşgusynyñ pelsepeli dowamy bolup, "Ýaşaýyş" atly şygry hem belent ýañlanýar:
Ýerde ömür synar öýtdi,
Asmanda ýyldyz süýnende,
Emma haýran galdy pelek,
Çagajyk dünýä inende.
Ine, bu Ýer ýüzündäki ýaşaýşyñ şahyrana pelsepe bilen beýan edilişiniñ özboluşly nusgasy. Ýaş şahyryñ "Damjalar" şygry hem näzik duýgulara ýugrulan ýüregiñ altyn damja ýaly dury owazlarydyr.
Maýa Halykowanyñ "Sen erärsiñ", "Ýüzük" goşgulary ynsan duýgularynyñ iñ ezizi bolan yşk-söýgä bagyşlanypdyr. Ynsan söýgüsi barada söz açmadyk şahyr ýok. Emma Maýanyñ ol barada öz garaýşy, öz sözleri bar. Ol "Sen erärsiñ" goşgusynda:
Yşkyñ daragyny sessiz kakdym men,
Söýgi halysyny dokap bilmedim.
Täsin nazar bilen mañ bakdyñ sen,
Syryñy gözünden okap bilmedim —
— diýip, çekinjeñlik bilen başlanan yşky goşgusynyñ ahyrynda uly ynam bildirip:
Sen entek üşäber, gagşaber, ýazda,
Erärsiñ gül-gülälekleñ közünde… —
— diýip, ynsan umydyny söýgi wysalyna baglaýar. Şeýlelikde, şahyr öz ýüreginde gopýan harasady çeper duýgular bilen ösdürip, söýginiñ öçmeýän oduny gülälekleñ közünde görýär. Şygryñ mydama umytly türkmeni maýyl ediji güýji hem şonda. Maýanyñ ikinji goşgusy "Ýüzük" diýlip atlandyrylypdyr. Şahyr ol goşgusynda sülük ýaly barmagyndaky ýüzügiñ göwher gaşyny aşyk ýigidiñ görejine deñäp şeýle çeper, täsin setirleri döredipdir.
Kim ol?
Haýsy ýigit?
Uzakmy — ýakyn?
Seredýän,
Seredýän tanajak bolup,
Owadan ýanyp dur göwherden gaşy,
Ýüregime yşgyñ şuglasyn salyp.
Umuman, bu üç ýaş şahyryñ kalbynda tebigy zehin joş urýar. Ony bolsa birsyhly ösdürmeli, aýamaly, sylamaly!
Sary DURDYÝEW,
Mary şäheri.
# edebiyatwesungat_2005
Edebi tankyt