Ümsümlikdäki galmagal
Ümsümlikdäki galmagal

Depesinden gyşa tarap inipdik,
Dünýäme ümsümlik getiren güýzüň…
Iki ýoluň çatrygyna giripdim,
Howalar üýtgedip başlanda tüýsün.
Serimde sagat deý işledi durdy,
Lukmanyň pederim hakda aýdany.
Sowuklar ekin däl, kalbymy urdy,
(Barmy baglaň güýzden ýaza gaýdany!?.)
…Atam bolsa geljek ýylyň ekini
hakda pikir edip mellegimizde,
aýlanýardy, derde bermän erkini
täze umytlary döredip bizde.
Täze ýyldan başlap iki öküzi,
Baga bakyp başlajagyn aýdýardy.
Alys menzilleri nazarlan gözi,
gynanjyma gynanç goşup gaýdýardy.
Bilenokdy atam ýürek derdiniň
Sanalgyja günlerini kertişin.
Men bolsa şol wagtlar pynhan derdinip,
Ugruna çykypdym sement, kerpijiň…
Akmyrat JUMAÝEW. Goşgular