|

Ümlük

Ümlük ÜMLÜK

Üm­lük!
Se­niň bü­tin göw­räň ýe­ke­je çüm­mük,
Ju­da düş­nük­li sen äh­li dil­de-de,
Ju­da düş­nük­li sen äh­li mil­le­te,
Mil­ýard sö­zi oý­lap ta­pan adam­zat,
Duýgusyn,
gaýgysyn,
şat­lyk-be­gen­jin
Mil­ýard sö­zi bi­len giz­läp bil­me­se,
söz­läp bil­me­se,
Yn­sa­nyň da­dy­na ýe­tiş­ýän sen­siň!

GÖWHERIM

Göw­her… Göw­her… Göw­he­rim!
Gör, men seni nä­çe ýyl­lap göz­le­dim,
Di­däm ýaş­lap, ji­ger-bag­rym çäk edip,
Aý­la­nyp Di­ýa­ryň şä­her-ken­di­ni,
Hem Geç­mi­şe,
Hem-de Gel­je­ge gi­dip!
Gi­je­ler­ne düýş­le­rim­den göz­le­dim,
Gün­diz hy­ýal-huş­la­rym­dan göz­le­dim,
Köl bo­ýu­na go­nup hüý­re öw­rül­ýän
Er­te­ki­leň guş­la­ryn­dan göz­le­dim.
Perimi sen,
peý­ker­mi sen,
hüýr­mi sen?!
Dün­ýäň yk­lym­la­ryn, ýurt­la­ryn sö­küp,
Sen ýa­ly nä­ze­nin gy­zy gör­me­dim!
Ni­je ýyl­lap ahy-za­ry­ňy çe­kip,
Se­ni ta­pyp bil­me­dim men Göw­he­rim!
Gör, sen nir­de ge­zip ýö­ren eke­niň!
Sen bir ahu göz­li je­ren eke­niň!
Eý, Al­lam!
Ma­ňa ni­çik bag­ty be­re­niň eke­niň,
Ke­rem eke­niň-ow, ke­rem eke­niň!
Eý-ho, ar­şy ag­laň Hu­ma­ýy­my sen,
Ýa-da yşk-he­se­riň Hu­da­ýy­my sen?
Ke­rem-ke­ra­mat­myň, gud­rat­myň Göw­her,
Her ba­kaň­da en­dam-ja­nym jig­le­ýär!
Her ba­kaň­da sä­mäp aý­lan­ýar kel­läm!
As­man­da ser­gez­dan ko­me­ta ýa­ly,
Hem ýa­nyp,
Hem ýa­kyp-ýan­dy­ryp gel­ýän.
Sen me­lek­miň,
me­li­ke­miň,
hüýr­müň sen,
Ataş­myň,
çy­rag­myň,
ba­ky nur­muň sen?!
Sen ýa­nym­da dur­man­my­dyň ýaň­ja-da,
Eý­ýäm nä­dip ýü­re­gi­me gir­diň sen?
Dar ha­nas­na syg­man çyr­pyn­ýan çaý deý
Gur­sa­gym­da ýyl­dy­rym­lap dur­suň sen!…

Nobatguly REJEBOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle