«Ulag gidip barýar…»
"Ulag gidip barýar…"

Ulag gidip barýar soňsuz ýol bilen,
Içi doly ak kagyzdyr, goş-golam.
Şemal alagada illere ýaýýar
Her pytran kagyzda ençe garalanan,
Heniz okalmadyk eser, goşgular.
Bu zatlar sürüjiň azarna-da däl,
Piňine däl ýazan birje setirem.
Dogruda, näme üçin, piňine bolsun,
Içinden çykaryp, şygra geçiren,
Häzir hem ýaşaýan gaýgy-heseri.
Kerwenaly HUDAÝNAZAROW. Goşgular