Ukrain ýomaklary
Ukrain ýomaklary
— Nirä dazlap barýarsyñ?
— Uruşýanlary aralamaga…
— Kim uruşýa?
— Bondarçuk bilen men.
* * *
Kakasy ata-eneler ýygnagyndan dolanyp gelipdir. Ol öýde top oýnap ýören ogluny ýanyna çagyryp, gaharyny ýuwudypdyr-da:
— Sen öz klasyñyzda iñ ýalta okuwçyny tanaýañmy? — diýip sorapdyr.
— Bilmedim, kaka, hä näme? — diýip, ogly egnini gysypdyr.
— Bileñokmy, a sen, belki, hemme kişi sapagyny işläp durka, iki elini biri-biriniñ üstünde goýup oturanyñ kimdigini aýdarsyñ?
— Ä-ä! — diýip, ogly gygyrypdyr. — Wah, başda şeý diýip soraýmazlarmy? Ol-a biziñ mugallymymyz…
* * *
— Señ adyñ näme, oglanjyk?
— Bilemok!
— O nähili bileñok? Öýüñizde señ adyny näme diýip tutýarlar?
— Kakam-a bezzat, ejem möjek, atam galtaman, enem bolsa şeýtan diýýär!
* * *
— Näme üçin sen äýnek dakynañok? — diýip, segsen ýaşly kempirden sorapdyrlar.
— Wah, men näler dakynjak-la! Ýöne şü ärimden çekinýän. Birden ol maña «Sen-ä eýýäm garrapsyñ» diýse, men näderin! — diýip, kempir jogap beripdir.
* * *
Aýaly:
— Bilýäñmi, maña bäş sany men diýen goç ýigit öýlenjek bolup çytraşypdy. Ýöne şonda-da olañky paşmady. Bu günki gün bolsa sen…
Adamsy:
— Päheý, bu akmagyñ sammyldaýşyny. Hut meniñ özüm on sany gyza öýlenjek bolup, olaryñ gözüni-başyny aýlapdym ahyry…
* * *
— Sen goñşyñyñ gulagyna ýelmäpsiñ diýip aýdýarlar welin, şol çynmy?
— Galat! Eger-de ol şuña meñzeş ýene-de gabahat zatlary lakgyldaýsa, ony ýene bir ýelmärin welin, gaýdyp ikini islemez ýaly bolar…
* * *
Iki awçy özara söhbet edýär.
— Sen ýekegapan awlañda tüpeñiñe nähili ok salýañ?
— Diñe tüsselisini.
— O näme üçin.
— Sebäbi tüsse sowlynça men agaja dyrmaşmaga ýetişýärin.
«Edebiýat we sungat» gazeti, 31.07.1979 ý. Degişmeler