|

Ukrain depderinden

Ukrain depderinden UKRAIN DEPDERINDEN

• Garşylamak üçin Türkmenbaşyny

Kiýewiñ milleti köçä çykypdyr,
Garşylamak üçin TÜRKMENBAŞYNY!
Siren, kaştan gülden keşte çekipdir,
Garşylamak üçin TÜRKMENBAŞYNY!

Howasy bulutly, ýagyşly Kiýew,
Türkmen gardaşyna haýyşly Kiýew,
Aşgabadym ýaly güneşli Kiýew,
Garşylamak üçin TÜRKMENBAŞYNY!

Türkmenden hiç kimse görmänsoñ zyýan,
BEÝIK TÜRKMENBAŞYM äleme aýan!
SERDARYMY Kuçma çagyrdy myhman —
Garşylamak üçin TÜRKMENBAŞYNY!

Türkmeni dost tutan batmaýar gussa,
Kiýew, Iliçewsk hem-de Odessa —
Bu gün begenjinden gülgün öwüsýä,
Garşylamak üçin TÜRKMENBAŞYNY!

BEÝIK HOWANDARYNY gör, Seýitbaýyñ,
Mährine eýlenip, mylaýym Maýyñ,
Ukrain dostlarmyz hyzmata taýyn —
Garşylamak üçin TÜRKMENBAŞYNY!

13.05.2001 ý. Kiýew.

• Ukrain öýünde türkmeniñ gazy

TÜRKMENBAŞYM bilen Kuçma gol çekdi, —
Tapyldy gadymky dostlugyñ yzy.
Olar halky üçin bäş ýyllyk ýakda,
Ukrain öýünde Türkmeniñ gazy.

«Dostluk» diýilýän zat nähili gowy,
Nähili ýakymly dostluk owazy!
Ýanyp dur, öwrülse nurbatyñ towy, —
Ukrain öýünde Türkmeniñ gazy!

Elbetde, mugt zat ýok, bahasyn tölär,
Bir bolar dostlugyñ ygrary, sözi.
Owkadyny arkaýynja taýynlar, —
Ukrain öýünde Türkmeniñ gazy!

Dostlugynda Türkmen asla gowşamaz,
Dosta hemdem eýlär mydama ýazy.
Ukrainaly dostlarymyz üşemez, —
Ukrain öýünde Türkmeniñ gazy!

Bagt dälmi, ojakda ýanyp dursa ot,
Şu dälmi, her kimsäñ höwes, yhlasy!
Doganlaşdy Kiýew bilen Aşgabat, —
Ukrain öýünde Türkmeniñ gazy!

14.05.2001 ý. Kiýew.

• Aşgabatda — Şewçenko, Kiýewde — Magtymguly

BEÝIK SERDAR TÜRKMENBAŞYÑ
Jöwher dek akylyndan,
BEÝIK SERDAR TÜRKMENBAŞYÑ
Ýüpek dek ýakymyndan,
BEÝIK SERDAR TÜRKMENBAŞYÑ
Perişde şekilinden,
Alnyp ýasalypdyr, gör,
Sogap bakylygyndan —
Aşgabatda — Şewçenko,
Kiýewde — Magtymguly.

«Ile döwlet geler bolsa,
Bagşydyr ozan geler»,
Diýip, aýdan ekeni,
Gadym türkmen danalar.
Danalaryñ dahanyndan
Döküler dür däneler,
Diýýän ýaly: «Biz illerde
Indi yrsgal käneler» —
Aşgabatda — Şewçenko,
Kiýewde — Magtymguly.

Ýurtlaryñ dostluk ýagdaýy —
Şahyrdan belli bolar.
Şewçenkonyñ,
Magtymgulyñ
Daşy ter gülli bolar.
Adyl Şalar şahyryny
Mydam beýgeldibiler,
Bagtly Şahyrlar, görüñ,
Şeýle heýkelli bolar —
Aşgabatda — Şewçenko,
Kiýewde — Magtymguly.

Şahyryñ sylanmagy —
Halkynyñ sylanmagy.
Şahyra üns berilse —
Durmuşyñ gowlanmagy.
Aýdym-saz,
Şygyr ýañlansa —
Işleriñ şowlanmagy.
Neneñ gözel görünýär,
Gujakda goýulmagy —
Aşgabatda — Şewçenko,
Kiýewde — Magtymguly.

BEÝIK SERDAR egninde —
Halkynyñ garamaty,
Beýik Şahyr göwnünde —
Iline delalaty,
Çyn Şahyry,
Çyn SERDARY —
Il saýýar öz ganaty,
TÜRKMEN-UKRAIN DOSTLUGNYÑ,
Ebedi alamaty —
Aşgabatda — Şewçenko,
Kiýewde — Magtymguly.

BEÝIK TÜRKMENBAŞYM ýaly
Bolansoñ Adam merdi,
Türkmen bilen dostlaşýar,
Dünýäñ ençeme ýurdy.
Unudylmaýar Şewçenko,
Magtymguly ägirdi,
Söýgüsinden saýradýar,
SEÝITBAÝ ýaly şägirdi —
Aşgabatda — Şewçenko,
Kiýewde — Magtymguly.

14.05.2001 ý.

• Türkmenbaşyñ Ukraina sapary

SERDARYMYÑ niýeti —
Dostlaryny köpeltmek,
Şonuñ üçin SERDARYÑ
At-abraýy ýokary.
Dosta wepadar bolmak,
Maksady kömek etmek —
BEÝIK TÜRKMENBAŞYNYÑ
Ukraina sapary.

Keşbi keşdeli Kiýewi
Çoýdy bolsa-da salkyn,
Garagumuñ gyzgyn ýeli
Ýöne bolmaz ýakary.
Begendirdi kyrk milýonly
Ukrainañ halkyn,
BEÝIK TÜRKMENBAŞYNYÑ
Ukraina sapary.

BEÝIK SERDARYM bilen
Kuçma şertnamalaşdy,
Gazymyzyñ Ukraina
Gümana däl, akary.
Bu GEPLEŞIK ýurtlar üçin
Ykdysady ösüşdi —
BEÝIK TÜRKMENBAŞYNYÑ
Ukraina sapary.

Türkmen sazyn joşgun bilen
Ukrainada ýañlatdy,
Şaýat — Seýitbaý Gandym
TÜRKMENBAŞYÑ nökeri.
Türkmen sözün Ukrainada
Makullatdy, diñletdi —
BEÝIK TÜRKMENBAŞYNYÑ
Ukraina sapary.

15.05.2001 ý.

Seýitbaý GANDYMOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle