|

Uka gitdi ýarym…

Uka gitdi ýarym… UKA GITDI ÝARYM…

Uka gitdi ýarym,
Gam ýok serinde.
Bu gözel şäheriň,
gijelerinde.

Ukuda hemmeler,
Oýa Halykdyr.
Deňizde gämiler,
doňup galypdyr.

Gaplandy bir kysym,
Çar ýan pyşyrda:
Ýagyş bolmajysyn,
bolýa daşarda.

Köňlüm neçüýn tukat,
Bilemok häli.
Göräýmäge bar zat,
ýerbe-ýer ýaly.

Garaşýaryn daňa,
Asla atanok.
Munda maňa diňe,
Watan ýetenok.

Beýik işlerimiň,
Hemrasy bolup,
Süýji düýşlerimiň,
Gümrasy bolup.

Uka gitdi ýarym,
Gam ýok serinde.
Bu gözel şäheriň,
gijelerinde.

Stambul, 2003 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle