|

Ugurtapyjy towşan

Ugurtapyjy towşan UGURTAPYJY TOWŞAN

Towşany
ýaş toýna çagyrdy Kirpi,
Toýuñ tutumynyñ uludy hörpi.
Her kim bir-birini
meýden ýakýardy.
Öýde suw deregne şerap akýardy.

Toý gyzdy… Towşanjyk şeýle bir içdi,
Öñküje akylam başyndan göçdi.
Samrady, gyllygy akdy erninden,
«Gaýt-jakk! Gaýtjak!» diýip turdy ýerinden.

«Ýat-da, ertir ötäýt!» Ýalbardy Kirpi: —
Ýolda ýolbarslara… ýal borsuñ belki!»
«Ýolbarsmy! Ýolbarsjyk nämejikmişin?
Gelsin bärik! Häzir dökeýin dişin.
Hamyn diri soýup, öwrüp possuna,
Düşek edip myhmanlaryñ astyna.
Özüni hem ýalañaçlap kowaryn
Dörän ýerne — gyzgyn Afrikasyna…»

Diýdip, towsup çykdy. Ýetdi jeññele,
«Gelsin bärik, kim uruşsa meñ bile.
Ýekeje ädim hem tesmerin yza,
Derisin sypyryp, basaryn duza!»
Bu ses gulagyna ýetip Ýolbarsyñ,
Ukusyny bozdy. Galdy ol haýran.
Görse Towşan! «Wiý, wiý, senmidiñ asyl,
Ölesiñ geldimi, samsyjak haýwan?
Hany, agzyma gir!
Lak-luk ataýyn!»
Towşan pýanlykdan açyldy şo bat:
«Hawa… hawa… men… men… Aý, ýöne şu gün
Myhmanlykda boldum… Dadaýdym…
bir zat.
Bagyşla günämi, eý tokaý hany!
Seniñ saglygyña içdim hemmesin!
«Goý sg bolsun — diýdim. Ýolbarsyñ jany.
Hiç mahal başyna bela gelmesin!
Özi-de, nesli-de uzak ýaşasyn!»
Diýip, göterdim men ähli tostumy.
…Ýolbars kem-kem gowşatdy-da penjesin.
Boşadyp goýberdi pýan dostuny:
«Biri azar berse, aýdaýgyn maña,
Her tikesin gulak ýaly ederin!»
Ýolbars çyn ýolbarsdy. Bilýärdi ýöne
Ýaranjañlañ gadyryn…

Sergeý MIHALKOW.

Terjime eden: Kerim GURBANNEPESOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle