Ugrukdyrma
Ugrukdyrma

«Gözden salma ýegenini,
Söýjek bolsaň doganyňy».
Awtordan.
Asmanda awlady guşy,
Gyssanyp oň gonaryna.
Sowgat etdi erkek dogan,
Eltip, aýal doganyna.
Sargady hem gaýta-gaýta:
«Gowuryp, täk özüň iýgin!
Ýüzüň-gözüň açylanny,
Göreli biz, görsün il-gün».
Istedi oň delje etden,
Şähtiniň sagalaryna.
Eti ene höwes bilen,
Iýdirdi çagalaryna.
Balasynda bolýanlygyn,
Bar şähtiniň açarynyň,
Aňman, aňtady dogany,
Göwünjigin naçarynyň.
Daýy, dogan, aňla muny:
Ünse salman, ýegeniniz,
Gowy görüp bilmersiniz,
Bir emmeden emeniniz.
2024 ý. Goşgular