Uçýarmyşym diýýärin…
Uçýarmyşym diýýärin…
Birde gyzdyrýaryn, bir-de üşüdýän,
Ir ertirden ne içýän, ne iýýärin.
…Meger basyrganýan, mümkin düýşümde,
Men birdenkä uçýamyşym diýýärin…
Galyp barýan, barha ýerden daşlaşyp,
Şonda ýakynjakdan gördüm buludy.
«…Hiç kim bilen bilmedimem hoşlaşyp…»
Gol buladym, soň dem alyp uludan:
«Meniň üçin indi bary tükendi…»
Diýip, galagoply bakýan aşaga.
Görsem, biri eli gara tüpeňli,
Meni atjak bolup alýar nyşana…
Gygyrmakçy bolýan, ýagşy-ýamandan
bolanok. Oýamy, ymyzgandymmy?
Onýança ýagyşam ýagyp başlady,
Damjalarnyň beýle gyzgyndygyny!
Gözüm açdym. Garaňky. Daň atara
az galdymy? Gün ýaşdymy ýaňy ýa?
…Başymy sypalap, aglap oturan,
Ejemiň gözýaşy ýüzüme damýar…
Annamuhammet KIRŞEN. Goşgular