Üçünji söz
Üçünji söz
Bir sözüm az saňa, ikisi kändir,
Üçünjini weli aýdyp bilemok.
Gel gülüm, aşygyň ýekesirändir,
Bilmeseň halymy, özge bilen ýok.
Günüň şöhlesinden, Aýyň nurundan,
Gabananym üçin gaty görme sen.
Diliňe döneýin bala ýugrulan,
Besdir, pyşyrdama, gaty gürle sen.
…Işilip, çekeli bagtyň keşdesin,
Bolmanka gül açan ömrümiz öýlän.
Aýtmak isleýärin, gelýär eşdesim,
Bir saňa, bir senden: «Men, seni…».
Süleýman HAÝDAROW. Goşgular