Üç ýyllyk depe (Koreý halk ertekisi)
Gadym zamanlarda «Üç ýyllyk depe» diýen bir ýer bolupdyr. Ondan ýykylsaň üç ýyldan köp ýaşap bolmaýanlygyna ynanan oba ilaty oňa hut şu ady dakypdyr. Şonuň üçin hem adamlar bu depeden geçjek bolanlarynda ýykylmazlyk üçin, aşa hüşgärlik görkezipdirler.
Günlerde bir gün bir goja bazardan öýüne dolanyp gelýärkä, hälki gum depesini aşyp geçmeli bolupdyr. Halyndan ätiýaç edip, haýal ädim urup barşyna seresaply ýöremäge çalşypdyr. Emma ýoluň ortarasyna ýeteninde, garşysyndan gelýän bir kişä ýol berjek bolup, gyra çekilipdir. Şol badada daşa büdräp, depeden gaýdypdyr.
«Üç ýyllyk depeden» ýykyldym, indi üç ýyldan artyk ýaşap bilmerin» diýip, ol ruhdan düşüp, özüni zordan külbesine atypdyr. Ysgyndan gaçyp, hiç zat iýmäniçmän, göwnüçökgün halda uzakly gün ýatypdyr. Şeýle ýagdaý birnäçe wagt dowam edipdir. Ahyrynda ol bir derde uçrapdyr. Onuň haly gün geçdigiçe egbarlapdyr. Derman baryny içsede, hiç hili peýdasy degmändir. Gojanyň ýagdaýy baradaky habar diňe bir daştöweregindäkilere däl, eýsem, goňşy obalara çenli ýaýrapdyr. Şol goňşy obalaryň birine durmuşa çykaran gyzy atasynyň halyny eşidip, ony görmäge gelipdir. Gyzy diýseň akylly eken, özem ol kakasyna tapylgysyz bir derman tapyp gelendigini aýdypdyr. Goja:
— Wah, jan balam, men «Üç ýyllyk depeden» ýykyldym. Indi men uzak gitmerin. Şonuň üçin maňa bular ýaly gymmatly dermanyň geregi ýok ahyryn — diýeninde, gyzy kakasyna şeýle diýipdir:
— Kaka jan, nämäň aladasyny edýäň! «Üç ýyllyk depä» gidip, ýenede ýykylsaň boldugydyr. Bir gezek ýykylsaň üç ýyl, iki gezek ýykylsaň alty ýyl, şeýdip birnäçe gezek ýykylarsyň welin, ýaşyň uzar oturar…
Bu sözleri eşiden baba taýagyna daýanyp, gyzyny hem ýany bilen alyp, «Üç ýyllyk depä» tarap ugrapdyr. Onuň üstünden bir gezek ýykylyp: «Üç ýyl», ýene bir gezek ýykylyp: «Alty ýyl» diýip gygyrypdyr. Şeýdip bu edenlerini ýene taýly ýola gaýtalapdyr.
Şondan soň ilgün onuň uzak ýaşandygy hakynda geň galyp gürrüň edipdir.