Üç isleg (Hekaya)

Üç isleg (Hekaya)

LI Je­un, ko­reý ýa­zy­jy­sy

Kempir ýadaw göwresini zordan süýräp, oba girdi. Gyşyň çapgyn şemaly ýüzüni kesip gelýärdi.

— Bir gijelik ýatar ýaly ýer ýokmuka?

Ol geçip barýan adamdan bu ýeriniň iň barjamly kişisiniň adyny sorap, Kim Sewonyň öýüne bardy. Aýazdan ýaňa saňňyldaýan ellerini owkalaşdyryp, içinde birneme eglenenden soň gapyny kakdy.

Biraz wagtdan gapyda hyrsyz adam peýda boldy:

— Size näme gerek?

— Bu Kim Sewonyň öýümikä?

— Hawa welin… näme iş bilen geldiňiz?

— Bimaza edenim üçin bagyşlaň, ýöne men uzak ýola barýan bir ötegçi. Maňa bir gijelik ýatar ýaly ýer berip bilmermisiňiz? Şu mejalsyz göwräm bilen uzakly gün ýöredim, tutuş süňňüm buza döndi.

Kim Sewon garryny boýdan-başa synlady. Daşyndan barypýatan pukara meňzeýän bu aýala merhemet edeýin diýip pikir hem etmedi.

— Bular ýaly zady nireden eşidip geldiňiz?! Başgarak ýere gidip göräýmeseňiz!

Mejalsyz halda aýak üstünde zordan duran aýal ýene bir gezek ýagdaýyny düşündirip:

— Diňe ýekeje gije galmaga rugsat berseňiz bolany. Haýyş edýän. Başga ýere gitmäge ysgyn-mydarym galmady — diýdi-de, onuň ellerine ýapyşdy.

— Garry gedaý diýsänim. Beýle-de bir zat bormy?! Git diýdim-ä, git-dä owarra bol-da! — diýip, Kim Sewon ony itip goýberdi-de, gapyny tarpyldadyp ýapyp, öýüne girip gitdi. Kempir bialaç gapynyň agzynda galyberdi. Biraz wagtdan bir ýigit garrynyň ýanyna geldi.

— Ene jan, näme boldy? Bir ýeriňiz agyrýamy?

— Ýok, hiç ýerim agyranok. Aladaň üçin sag bol, oglum.

— Ýagdaýyňyz gowumy? Siz süňňüňiz bilen sandyraýaňyz…

— Dogrymy aýtsam… — mama düşen ýagdaýyny aýdyp berdi.

Ony diňlän ötegçi kempiri öz öýüne alyp gaýtdy. Ýigidiň aýaly hem öýüne geleniň nätanyşlygyna garamazdan ony myhman aldy. Garry aýal bular bilen agşamlyk edindi. Saçakda dary goşulan çorba bilen çörek bardy.

Ýigidiň aýaly çekinjeňlik bilen gürledi:

— Känbir gowy nahar-a däl, ýöne garnyňy welin doýurýar. Iýiberiň, noş bolsun!

— Kim aýdýa, gowy nahar däl diýip! Köp sag boluň! Ýerliksiz sorag berýänim üçin bagyşlaň, ýöne siz näme iş bilen meşgullanýaňyz?

— Men agaç çapýan, aýalym bolsa biriniň ýerinde zat satýa.

— Hä, onda siz zähmet bilen gününi dolaýan adamlar ekeniňiz.

Maşgalanyň bikesi ýoldaşyna gözi bilen yşarat etdi. Ikisem daşaryk çykyp, bir zatlar barada gürleşip başladylar. Kempir-de iýýän zadyny goýup, olary diňledi.

— Ezizim, näme ederis? Bizde ýekeje ýorgan bar. Olam ikimizi zordan ýapýa — diýip, ýigidiň aýaly aladaly sorady.

Adamsy hem:

— Alaç ýok, şol ýorgany myhmana bereris. Onuň ýaşy uly, goý, ol ýyljajyk ýatsyn. Biz bolsa ýaş, bir gije sowukda ýatsagam hiç zat bolmaz.

— Hawa, şeýtmeli bolar. Dogrymy aýtsam, menem şeýdeli diýip pikir edipdim.

Kempir eşidenlerine haýran galdy.

— Dünýäde ýagdaýyňa düşünýän, ak ýürekli şular ýaly adamlar hem bar eken-ow! — diýip, gözüne ýaş aýlap çorbasyny bir demde içdi.

***

Ertesi gün ertirlik nahar ýene şol düýnki dary gaýnadylan çorbady. Muňa garamazdan, kempir ony işdämenlik bilen iýdi. Hemmeden öň naharyny iýip bolandan soň bolsa söze başlady:

— Men siziň ikiňize-de diýseň minnetdar. Bu ýagşylygyňyzy gaýtarmak isleýän. Islegiňiz bar bolsa üçüsini aýdyň.

Är-aýal geň galyp durdular:

— Ýagşylygyňyzy gaýtarjak diýýäňizmi?! Ýok, ýok, biziň size üýtgeşik eden ýagşylygymyz ýok. Gaýtam, biz bolmalysy ýaly hyzmat edip bilmedigimiz üçin ötünç soramaly. Onsoňam biziň üýtgeşik bir isläp barýan zadymyz ýok. Agzybir ýaşaşsak bolany. Egin-eşik bizi alada goýanok.

— Hä, şeý diýsene. Onda siz ömürboýy egin-eşigiň aladasyny etmän, agzybir ýaşamak isleýäňiz-dä. Men size üç sany isleg aýdyň diýipdim. Ikisini aýtdyňyz ýene biri galdy, ony hem aýdyň!

Är-aýal haýran galyp, oňa ep-esli salym seredip durdular. Ýerliksiz oýun edýändir diýip pikir etdiler. Ýöne welin, onuň ýüz-keşbi, daş görnüşi düýnküden üýtgän ýalydy. Onuň gözleri nurana göründi, sesi dana adamyňky ýaly merhemetli eşidildi. Şunlukda, «Bu garry aýal adaty adam däldir» diýip pikir etdiler.

— Size köp minnetdar, biziň hemme zadymyz ýeterlik.

— Çynyňyzmy? Başga isleýän zadyňyz ýokmy?

— Çynymyz.

Kempir ýene sorady.

— Siz has ulurak jaýda ýaşamak isläňzokmy?!

— Uly jaý bolsa, elbetde, gowy bolardy — diýip, ikisi ýylgyryşdylar.

Kempir başyny atdy-da, ýerinden turdy.

— Ind-ä bolaýdy öýdýän. Siz, çyndanam, maňa köp ýagşylyk etdiňiz.

Olar ony uly ýola çenli ugratdylar. Enäniň salgymy gözden ýitensoň bolsa yzyna dolandylar.

— Waý, seret, ýanýan biziň öýümiz-ä däldir?! — diýip, agaç çapýan gygyrdy.

Dogrudan hem, olaryň ýaşaýan külbesi tüssä gaplanypdy. Olar haýdan-haý öýlerine tarap ylgadylar. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde güýçli şöhle bularyň gözüni gapdy. Az salymdan gözüni açyp görseler, ýaňky çatma ýom-ýok bolup, onuň ýerinde kaşaň bir jaý durdy.

— Bu näme boldugy?

— Bu näme?

Içine girip gördüler. Edil köşk ýaly jaýdy. Otaglary aňrybaşdy, içi puldan doly sandyklar hem durdy. Ammarda her dürli reňkli ýüpek matalar, dänäniň her dürli görnüşi ýaýrap ýatyrdy.

— Ol garry arşdan ugradylan melekdir — diýip, är-aýal gujaklaşyp, begenjine aglaşdylar.

***

«Päk ýürekli maşgala baýapdyr» diýen gürrüň şol pursadyň içinde tutuş oba ýaýrady. Göriplikden ýaňa içi-içine sygmadyk Kim Sewon agaç çapýanyň öýüne ugrady. Baryp görse, giň howluly ýalpyldap duran jaý durmuş. Muňa içi ýanyp, gany depesine urupdyr.

— Nähili… Ýok, nädip beýle boldy? Göz açyp-ýumasy salymda baý bolup bolýamy?!

— Hä, ol neme boldy… — diýip, agaç çapýan gaty dogruçyl, sada adam bolany üçin hemme zady bolşy ýaly edip aýdyp beripdir.

Kim Sewon öýüne baryp, ýer ýumruklap ökünipdir. Onuň aýaly hem bolanlary eşidip, goh turzupdyr:

— Ah, sen nalajedeýin diýsänim. Şular ýaly bagt gapyňa gelende kim ýüzüni alyp kowup goýberýä, hä?!

Husyt, nebisjeň Kim Sewonyň aýaly özünden hem beter eken. Ol adamsyna ýagdaýyň çözgüdini aýdypdyr:

— Beýdip oturma-da, maňa gulak as. Ol garry gaty daşa gidip bilen däldir. Ony tutup, öýümize getir. Bizem oňa gowy hyzmat edip, soň öz isleglerimizi aýdarys.

Kim Sewon dyzyna urupdyr-da:

— Dogry aýdýaň. Şeýtsek bolar — diýip, onuň bilen ylalaşypdyr.

Atyna atlanyp, garrynyň gözlegine çykypdyr. Ahyrynda ony tapypdyr.

— Wah, ene jan! Men örän uly ýalňyşlyk goýberdim. Öýe giremden soň, bular ýaly gartaşan aýaly beýdip ugradyp bolmaz diýip pikir etdim. Men sizi öýe çagyrmak üçin şobada daşaryk çykdym, ýöne siz bir ýerlerik ýitirim bolupsyňyz. Şonuň üçin şu wagt siziň yzyňyzdan geldim. Şu gün meň öýümde bir gijelik galmagyňyzy sizden haýyş edýän. Ýok, tutuş gün, ýok, ýok, iki hepde. Waý, bir aý galsaňyzam bolýa.

Kempir birsalym ýylgyryp durupdyr-da, şeýle diýipdir:

— Daşyňyzdan gorkunç görünseňizem, ýüregiýuka adam ekeniňiz. Ýöne indi meň o diýen gidesim gelenok. Gitjek ýolum uzak bolany üçin yzyma gaýtmasam gowy bolar.

Kim Sewon oňa öýünde hyzmat etjekdigini aýdyp, halys ýüregine düşüpdir. Kempir ýüzünden geçip bilmän, ahyrynda çakylygyny kabul edipdir. Şeýdip, iki hepdeläp onuň öýünde galypdyr.

Kaşaň otagda rahat ýaşapdyr. Kim Sewon bilen aýaly onuň isleglerini berjaý edipdir. Onuň: «Hytaýdan gelen aňrybaş miweleridir içgileri dadyp göresim gelýä ýa-da ökde masgarabazyň çykyşyna tomaşa etmek isleýän» diýen ýaly haýyşlaryny ýerine ýetiripdirler.

Bulary mejbury etmek olaryň şeýle gaharyny getirse-de, ondan etjek haýyşlary ýatlaryna düşende birneme köşeşipdirler.

— Pul-a köp sowulýar, ýöne ýene azrak sabyr edeli.

Şeýdip, olaryň öz-özlerine göwünlik berýän günleri yzly-yzyna geçipdir.

Bir aý bolupdyr welin, kempir yzyna gitmek üçin goşlaryny ýygnamaga başlapdyr. Är-aýal ony obanyň çetine çenli ugradypdyr.

— Bolýa, onda sag-aman galyň… — garry ýönekeýje sagbollaşypdyr.

Olar bolsa ýerli-ýerden:

— Neme… Hiç zady ýatdan çykarmadyňyz dälmi?! — diýşipdirler.

— Goşumyň hemmesini aldym. Galdyrar ýaly köp goşumam ýok.

— Ýok, ony diýjek bolmadyk. Geçen gezek myhman bolan öýüňizde üç sany…

Garry göwünli-göwünsiz jogap beripdir.

— Islegmi?

— Hawa, hawa — diýşip, är-aýalyň ýüzi ýagtylyp gidipdir.

— Bolýa. Üç sany islegiňizi aýtsaňyz hasyl bolar. Onda men gitdim.

Är-aýalyň agyzlary gulaklaryna ýetipdir. Öýlerine baryşlaryna ýöreýişleri hem üýtgäpdir.

Kim Sewon özünden göwni hoş bolup gelşine, derwezäniň öňüne gelende, aýagynyň astyndaky atyň tezegine aýagy taýyp, diňarkanlygyna gaýdypdyr. Kellesi gaty ýere degip, agzyna gelenini gygyryp başlapdyr:

— Haýsy näletsiňeniň aty bärik tezegini taşladyka?! Garamaňlaýyň aty diýsä! Ölüp dynan bolsa bolmaýamy?!

Atýatakdan atyň elhenç sesi gelipdir. Soňra bolsa, birhili, pyşyrdy eşidilip başlapdyr. Är-aýal atýataga tarap ýelk ýasapdyr. Hyzmatkärler ölüp ýatan atyň daşynda üýşüp duran ekenler. Bir hyzmatkär geň galyp gürläpdir:

— Eý, Taňrym! Bu näme boldugy?! Sap-sagat at tarpa-taýyn ölüp ýatyberdi-le?!

Muny gören Kim Sewon agzyny açyp galypdyr:

— Bolgusyz zat üçin islegimiň birini ulandym.

Onuň aýaly gaharyndan ýaňa ýarylaýjak bolup, şeýle diýipdir:

— Ah, sen nalajedeýin! Hemme bela seň şu ýumulmaýan agzyň sebäpli bolýa. Agzyňy agaç dyky bilen ýapsaň gowy bordy.

— Hyk-hyk.

Bir ýerlerden ulurak agaç dyky uçup gelipdir-de, Kim Sewonyň agzyna girip petikläpdir.

Kim Sewon «hyk-hyk» edip, dykyny näçe çykarjak bolsa-da, başarmandyr.

Aýaly hyzmatkärlerine buýrupdyr:

— Eý, siz! Nämä aňalyp dursuňyz? Çalt çekip çykaryň ony!

— Bor, hanym.

Olar hernäçe synanyşsalaram, dykyny çykaryp bilmändirler. Agaç dyky hatda ýerindenem gozganmandyr. Kim Sewon gözünden boýur-boýur ýaş döküp, aýalyna naýynjar seredipdir.

— Eý, Hudaý! Näme ederis indi? Bir islegden başga islegem galmady, indi nätmeli?

Kim Sewon dem alyp bilmän ýüzi göm-gök bolup gidip barýarmyş. Keýwanysy hem näme etjegini bilmän, adamsynyň agzyndaky agaç dykynyň aýrylmagyny diläpdir. Agaç dyky şol bada aýrylypdyr.

Bu açgöz är-aýal hiç zadam gazanyp bilmän, öýkeli ýagdaýda gözlerini ýaşa dolduryp galyberipdirler.

Koreý dilinden terjime eden Maýagözel ABDYRAHYMOWA,
Aşgabat şäherindäki «Patyşa Sejong» adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkeziniň diňleýjisi
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle