|

Týug

Týug TÝUG

Týug

Ýanyp-bişip ýardan göwnim sowady,
Göterlen tüssämem ýardan sowady.
Has aňyrdan eken onuň sowady,
Bir gamly dessana dönderdi meni.

Ýar sogrup ýüregmi eline aldy,
Ýürekden akýan gan şapak deý aldy.
Söýenim kastyma çykan bir a:ldy,
Toz edip asmana gönderdi meni.

Salgym deý süýnüp ýön garaba-gara,
Ruhum köýük boldy garga deý gara.
Ne gözel oglandym kalbyma gara,
Goý-a öz günüme-gussama meni.

Şat başlanan söýgim hasrata ýazdy,
Durmuş maňa gyşdy, ýar üçin ýazdy.
Şeýtdi-de, adymy gam içre ýazdy,
Ýetirmän al-elwan bossana meni!

Ilmet GURBAN. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle