Tüweleý
Tüweleý
Gaçsam,
Kowalaý,
Kowalaý,
Ýetdi yzymdan tüweleý.
Sepip maňa hapa gumy,
Alyp gitdi papagymy.
Eltäge-de otluk düze,
Örän gyňyr bir öküze,
Sowgat diýip beren eken,
Öküz geýip ýören eken.
Diýdim öküze: — Bagyşlaň,
Şu papak-papagy başgaň!
Öküz diýdi: — Baş üstüne,
Beýle bolsa, alyň ine!
Bu-meniňki diýip bilmen,
Iliň zadyn geýip bilmen! Çagalar edebiýaty