Türmeden hatlar
Türmeden hatlar
Rehim etdiler. Birinji sapar
türme howlusynda edýärin gezim.
Geñ galdym asmana, ol örän beýik.
Örän mawy hem giñ asmanda gözüm.
Durdum, gozganmadym.
Soñra oturdym.
Oturdym arkamy berdim haýata.
Şu minutda maña hiç zat gerek däl.
Zar däldirin azatlyga, hatyna.
Şu pursatda bolmak üçin bagtyýar,
zemin bilen günden özge näme bar?
1938.
* * *
Stambulyñ türmesinde gyş güni
ýagyşdan soñ asmanda gün gezende,
siñe bakyp, men nämeler görmedim
howludaky çalpawlaryñ ýüzünde.
Göründi bulutlar, jaý üsti, haýat
hem meniñ didarym — bar batyrlygym,
erbetligim, güýjüm we gowşaklygym,
garasaý, göründi ähli gylygym.
Şonda pikir etdim älem hakynda,
watan barasynda oýlandym şonda,
şonda pikir etdim, seniñ hakyñda,
pikir etdim çalpawlaryñ başynda.
1939.
* * *
Salkyn deñiz örän uzak bu ýerden.
Howa bolsa yssy, çydap bolanok.
Men deñiz boýunda ulalan adam.
Ganhor peşelerden hiç kime gün ýok.
Otyryn bir köne peşehanada.
Men ümsüm ýatyryn gözlerim açyk.
Daşarda howlyny suwlaýandyrlar,
uly kranlary bütinleý açyp.
Gyzyl daşlar bolsa jyzyrdaşýandyr,
galanyñ düýbünde otlar gurandyr.
Gara çerepisa ýapynan jaýlar —
ak jaýlar bu mahal doñup durýandyr.
Galp bolýarlar ol jaýlaryñ aklygy.
Gijesine birden öwüsýär şemal,
derrew doñup galýar öwsen sähel ýel,
ýene yssy gelýär, gelýär salyp al.
Garañkyda, jandar ýaly dem alyp,
sessiz ädim ädip gelýär ol yssy.
Iniñ jümşüldeýär — heder edýärsiñ,
ogryn gadam urup basýar sussuñy.
Tussagyñ göwnüne näme gelmeýär:
ýeriñ titremegi bolup biljek zat,
tupan bolsa bizden üç günlük ýolda,
tupan güwläp geler, çekeris perýat.
Bu şäher duranmyş duzuñ üstünde.
«Kyýamat gelende, ähtimal — çaky,
Şäher başga şäherlerden kyrk gün öñ
weýran bolar» diýýär bu ýeriñ halky.
Gije ýatsañ, ölseñ ertire çenli,
owratsa gaty pürs seniñ kelläñi,
ölüm ýok durmuşda mundan biderek…
Özüm-ä islämok beýle ölümi.
Entek bu dünýäde ýaşasym gelýär,
jahanyñ ýüzünden gitmäýin basym.
Ynsan bagty üçin türmede ýatýan
adamlar älemde uzak ýaşasyn!
12.VIII.1940.
* * *
Oglumyz-a näsag. Menem türmede.
Gözüñ dökülmedik gözýaşdan doly.
Bu günler perişan şadyýan gözüñ.
…Ykbalymyz ýer ýüzüniñ ykbaly.
Güneşli günlere ýeter adamzat.
Seniñ gözüñ güler öñküler ýaly,
sebäbi oglumyz ýoñdan açylar,
Ykbalymyz — ýer ýüzüniñ ykbaly.
* * *
Okadym bir kitap, kitap sen hakda.
Diñlän bir aýdymym özüñ babatda.
Oturyp iýýärin çörek paýymy,
Hyýalymda sen otyrsyñ garşymda.
Işläp ýörün menem tussaglar bilen,
sen bolsa gezýärsiñ meniñ daşymda.
Küýsän wagtym tapylýarsyñ ýanymda,
emma söhbet etmegiñ-ä ýok täri.
Seniñ sözleriñi eşdip bilemok.
Dul aýal sen, ýarym, sekiz ýyl bäri.
22.IX.1945.
* * *
Iñ gowy çagalar, eşider bolsañ,
kiçijik nesillerdir.
Ömrümiziñ iñ ajaýyp günleri
indi geljek günlerdir.
Ýeriñ ýüzündäki iñ gowy deñiz
öñ görmedik deñzimdir,
Özüm baradaky iñ gowy sözüm
indi aýtjak sözümdir.
24.IX.1945.
* * *
Otyryn ýerde,
otyryn ýere garap,
otyryn ota garap,
çybyn-çirkeýe garap,
güllere seredýärin,
sen — ýazdaky ýer, ýarym, men saña seredýärin.
Arkan ýatýaryn,
Men asmany görýärin,
daragtlary görýärin,
leglekleri görýärin,
sen — ýyly asman, ýarym, diñe seni görýärin.
Gije ot ýakdym,
oda el degirýärin,
suwa el degirýärin,
mata el degirýärin,
sen — bir ýanan ot, ýarym, saña el degirýärin.
Il içinde men,
adamlary söýýärin,
pikirleri söýýärin,
göreşimi söýýärin,
sen — pikirdeşim, ýarym, seni örän söýýärin.
24.IX.1945.
* * *
Bir almanyñ ýary — seniñ bilen men,
tutuş dünýä — onuñ beýleki ýary.
Bir almanyñ ýary — seniñ bilen men,
beýleki ýarydyr ilatyñ bary.
Bir almanyñ ýary — sensiñ, diñe sen,
beýleki ýary hem — özüm diñe men.
28.X.1945.
* * *
Gowy köýnegiñi sandykdan çykar,
eşitdim men bu gün ýakymsyz habar[1],
geý şony. Sen şony geýen ekeniñ
özüñi göremde birinji sapar.
Türmeden iberen myhaklarymy
saçyna dakaýsañ has oñat bolar.
…Bu gün biziñ duşmanymyz şatlanar,
Bilip goý şu zady: Nazym Hikmetiñ
aýaly buýsançly ýöremelidir.
Şeýdip hem duşmana eýgertmezligi,
elbetde, her kişi öwrenmelidir.
4.XII.1945.
* * *
Meniñ üçin türmä iberiñ kitap;
Kitabyñ ahyry bolsun gowulyk.
Meselem, ganaty döwlen samolýot
ýere aman gonsun, beladan sowlup,
ýa hirurg açsyn bir batyl gözi,
ýa ölümden azat bolsun partizan,
ýa on ýyllap garaşylan salamhat
garaşýan adama gelsin bir azan,
ýa şahyryñ ýazan gowy kitaby
bir günüñ içinde alynsyn satyn,
ýa maksada ýetsin aşyk-magşuklar,
ýa ejiz adamlar bolmasyn asgyn,
adam azatlyga, çörege, güle
hem güneşe, hiç wagt bolmasyn mätäç.
Iberiñ siz maña şu hili kitap,
galaýyn şol kitap bilen ikiçäk.
Soñy gowy kitap okamakçy men,
şudur bu wagt edýän umydym-tamam.
Bilýärin, iru-giç biziñ ömrümiz
bagtly gutarar, bagtly bor tamam.
1947.
■ ÝEÑIŞ HAKYNDA[2]
Dişle dodagyñy ýakyp janyñy,
eliñ bilen sakla ýarañ ganyny.
Ýan berme, müzzerme, öñünde ýadyñ.
Duşmany ýeñerin diýen umydyñ
ahy-nala hem gazaba öwrüldi.
Günler agyr geldi, adamlar öldi.
Diş hem dyrnak bilen getirsiñ ýeñşi,
ýeñiş rehimsiz bor, bilýär bar kişi.
Aýdymyñ, baýdagyñ baýramçylykda
ploşada çykyşy dek, bu çakda
adamlar çykýarlar jeñ meýdanyna,
olar bulaşýarlar öz al ganyna.
Indi aglamyzok, ýöne biz gamgyn,
bilýäris, ýagyny ýeñmek bolar kyn.
Diş hem dyrnak bilen getirsiñ ýeñşi,
ýeñiş rehimsoz bor, bilýär bar kişi.
1941.
■ YBRAÝYMYÑ DÜÝŞI[3]
Men söwer ýarymy düýşümde gördüm.
Ýarymyñ ak göwsi ýüzýär howada.
Ak bulut içinde şeýdip aý ýüzer.
Ýarym bilen ýüzýäris biz birbada.
Ol duran wagtybda men hem durýaryn.
Men ýara bakýaryn, ýar maña bakýar.
Telegraf simine onuñ gözünden —
gara gözlerinden ýaş dynman akýar.
Telegraf simi, elbetde, habar,
gözýaş bolsa şatlyk bolsun ylaýym.
Ýorgudym dürs bolsa, türmäniñ ýene
on ýylyna razy men — Ybraýym.
1946.
Nazym HIKMET.
______________________________
[1] 1945-nji ýylyñ 4-nji dekabrynda faşistik ýaşlar Stambuldaky «Tan» («Dañ») atly progressiw gazetiñ tipografiýasyny derbi-dagyn edipdirler. Goşgy şu waka mynasybetli ýazylypdyr.
[2] Şahyr türmede ýatan wagty, Türkiýe radiosynyñ ýene birnäce günden nemesler Moskwa girjekler diýen habaryny eşidip, şu goşgyny ýazypdyr.
[3] Ybraýym Balaban — şahyr bilen türmäniñ bir kamerasynda ýatypdyr we ol ýerde hem surat çekmäni öwrenipdir.
Terjime eden: Allaberdi HAÝYDOW. Goşgular