Türkmenleriñ söweşjeñ guşaklary
Türkmenleriñ söweşjeñ guşaklary
TÜRKMENLERIÑ SÖWEŞJEÑ GUŞAKLARY
■ Söweş guşaklary
Esgerleriñ gorag esbaplary hakyndaky teswirlemede söweş guşaklarynyñ beýany bolmasa, kemter gaýdar. Skiflerde, sarmatlarda, gunlarda, gadymy türkilerde, oguz türkmenlerinde guşak esger esbabynyñ esasy bölegi bolupdyr. Arheologiýa we ýazuw maglumatlarynyñ azlyk etmegine garamazdan, söweş guşaklaryny olaryñ ýerine ýetiren hyzmaty boýunça iki görnüşe bölmek bolar: bil kemeri (gaýyş; ýasy metal toplumly; bezeg şaýlary bilen örtülen) ㅡ palta gysdyrmak, gylyç we hanjar asmak üçin ulanylypdyr; gorag (ýasy metal) guşaklary ㅡ harby esbaplaryñ üstüni doldurypdyr ýa-da özbaşdak gorag serişdesi hökmünde hyzmat edipdir. Bil kemerleri (insiz metal örtükli), esasan-da, garny, böwri we arkany ýapýan ýasy gorag guşaklary bela-beterlerden goraýan özboluşly dagdanyñ hyzmatyny-da ýerine ýetiripdir. Ýarag ussalary guşagy bezemeklige-de uly üns beripdirler, sebäbi guşak öz esasy hyzmatyndan başga-da, egin-eşigiñ bezegi bolupdyr(1). Muña saklaryñ Yssyk gorganyndan tapylan, miladydan öñki IV asyra degişli guşagyny mysal getirmek bolar. Altyn bilen ajaýyp bezelen bu guşak gujur-güýç berýän we bela-beterlerden goraýan Indranyñ guşagyna meñzeş bolupdyr. Zoroastraçylyk jemgyýetine girenlere ony kämillik ýaşyna ýetmegiñ şahadatnamasy hökmünde beripdirler(2).
Esgerleriñ bulardan başga-da ㅡ basma nagyşlar bilen bezelen, altyn çaýylan we haýwan heýkeljikleriniñ şekili görnüşindäki şaýlar bilen bezelen baýramçylyk guşagynyñ, şeýle hem ýönekeý, gündelik guşagynyñ bolandygyna skif döwür mazarlaryndan tapylan tapyndylar şaýatlyk edýär(3).
Esgerlige kabul etmek däbi ýerine ýetirilende, guşak hökmany alamat bolupdyr we sosial ýagdaýyñ görkezijisi hasaplanypdyr. Esgerler ýaşlykdan başlap, söweş guşagyny guşanmak hukugyny alypdyrlar. Guşakdaky bezeg şaýlarynyñ we uçluklaryñ sany boýunça onuñ eýesiniñ jemgyýetde tutýan orny, derejesi kesgitlenipdir. Söweş guşaklary, esger esbaplarynyñ möhüm alamatlarynyñ biri hökmünde, duşmana paihologiýa taýdan uly täsir edipdir. Meselem, ''Gorkut atanyñ kitabyna'' girmedik Iýegen hakyndaky oguz-türkmen rowaýatynyñ gahrymany ''eýmendiriji guşakly'' gahryman hökmünde şekillendirilýär(4).
Guşak häzirem türkmenleriñ milli geýimleriniñ aýrylmaz bölegidir.
■ ÇEŞMELER:
1. Çernenko Ýe. W. Skifskiý dospeh. ㅡ Kiýew, 1968. S. 57-58,63,69,71.
2. Akişew A. K. Isskustwo i mifologiýa sakow. ㅡ Alma-Ata. 1984. S. 40.
3. Kubarew W. D. Drewniýe izwaýaniýa Altaýa (Olennyýe kamni) Nowosibirsk, 1979. S. 56-57.
4. Lipes R. S. Obrazy batyra i ego konýa w týurko-mongolskom epose. -M.,1984. S. 38.
''AZIÝANYÑ GERÇEKLERI'', Aşgabat-2012.
Öwez GÜNDOGDYÝEW.
Taryhy makalalar