|

Türkmenler hakynda 100 hekaýat -7: Özüñe uzan elleri boş goýberme

Türkmenler hakynda 100 hekaýat -7: Özüñe uzan elleri boş goýberme 7. Özüňe uzan elleri boş goýberme!

Müsüriň türkmen hökümdary Ahmet ibn Tulun örän jomart we sadakaçyl adam bolupdyr. Ol mätaçlere, ýeter-ýetmezlere paýlaýan sadakasyndan, adamlara ýapýan serpaýyndari, eçilýän engamyndan, sadaka sandygyna atýan harjyndan başga-da her aýda müň dinary ýörite paýladar ekeni. Onuň bu sadakasyny bu wezipä ýörite bellenen Selim hadym ýerine ýetiripdir.
Bir gün Selim hadym hökümdaryň huzuryndan çykmanka, oňa bir mesele bilen yüzlenipdir: «Eý, hökümdarym, illeri gezip, gapylary kakyp, sadaka mätaç adamlary sorap ideýärkäm, «men mätaç» diýip, elini uzadýan her dürli adama gabat gelýärin. Olaryň käbiri elleri hynaly. Käbiriniň barmagynda tylla yüzük ýa-da goşarynda altyn bilezik bar. Men şolara-da sadaka bereýinmi ýa-da bermäýin?» diýipdir.
Ahmet ibn Tulun biraz pikirlenip oturypdyr we «Ýanyňda sadakalyk harjyň we eçilere ýagdaýyň barka, özüňe uzan elleri boş goýbermegin, hökman sadaka bergin» diýipdir. Halk döredijiligi we rowaýatlar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle