|

Türkmenler hakynda 100 hekaýat -4: Halyf we Feth ibn Hakan

Türkmenler hakynda 100 hekaýat -4: Halyf we Feth ibn Hakan 4. Mugtasym we Feth ibn Hakan

Günleriň birinde halyf Mugtasym özüniň aýratyn hormat goýýan türkmen weziri Hakanyň oýüne barypdyr. Howluda ýedi ýaşlyja Feth oýnap yören ekeni. Halyf Mugtasym Fethiň ýanyna baryp: «Hany sen aýt, emiriň öýümi ýa-da öz howlyňyz — haýsysy has gowy?» diýip sorapdyr. Kiçijik Feth säginmändir: «Emir biziň howlymyzdaka has gowy». Kiçijik Fethiň bu dilewarlygyna halyf Mugtasymyň göwni göterilipdir. Ony ýene gürletmek islapdir. Barmagyndaky gymmatbaha gaşly yüzügini görkezip: «Heý-de, dünýäde şundan ajaýyp zady görüpmidiň?» diýip sorapdyr. Fethiň jogaby nagt bolupdyr: «Hawa görüpdim. Şol ýüzügi dakynýan barmaklar ondan has ajaýypdyr». Halyf Mugtasym näme diýjegini bilmändir. Halk döredijiligi we rowaýatlar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle