|

“Türkmenler açypdyr Amerikany…”

“Türkmenler açypdyr Amerikany…” “TÜRKMENLER AÇYPDYR AMERIKANY…”

“Türkmenler açypdyr Amerikany...”

“Türkmenler açypdyr Amerikany…”
Ýazdy bir gögele alymyň biri.
Oglanlar heşelle kakdylar, baý-bo-ow,
Türkmen bolar indi zeminiň şiri.

Heý, beýle-de şeýle bormy, oglanlar,
Näme gerek boldy beýle paňkyldy?
Beýle däldi eşeklije ataňyz,
Öwünseler öwünjeňe müňkürdi.

Lope de Wega hem Hristofor Kolumb,
O dünýäde bolupdyrlar biynjalyk.
Ah, türkmen gardaşym, türkmen gardaşym,
Ölenlermiz ýatsynlar-a ynjalyp.

Ýetmiş iki saz gurally türkmenim,
Ýetmiş iki döwlet guran türkmenim —
Neçün Amerikada döwlet gurmandyr?
Hyýal etme kinaýa diýp sürtenim.

“Adamy aldamak külli günädir”,
Diýen ataň unudypsyň wesýetin.
“Garagumy açan türkmen” diýmäge,
Ýol bermändir paňkyldamak häsýetiň.

Wah, türkmen gardaşym, eziz gardaşym,
Başyňy belent tut hergiz gardaşym.

27.02.2024. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle