| |

Türkmenistanda taryhy-medeni mirasyň dikeldilmegi

Türkmenistanda taryhy-medeni mirasyň dikeldilmegi TÜRKMENISTANDA TARYHY-MEDENI MIRASYÑ DIKELDILMEGI

Garaşsyzlyk türkmen halkynyň we Türkmenistanyň köp müňýyllyklara uzalyp gidýän baý taryhy dogruçyl we çuňňur öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döretdi.
Türkmenistanyň 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda döwlet garaşsyzlygyny almagy bilen tutuş jemgyýetçilik durmuşynda düýpli özgerişleriň döwri başlady.
Jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda türkmen halkynyň medeniýetini, şol sanda ylym-bilim ulgamyny hem ösdürmeklige aýratyn üns berildi.
Şu nukdaýnazardan hem jemgyýetiň ykdysady ösüşi bilen bir hatarda medeni-ruhy ösüşini hem üpjün etmek maksady bilen, täze kadalaşdyryjy hukuk namalar kabul edildi. Ilkinji nobatda, 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynda döwletiň ylmy hem çeper döredijiligi, onuň oňyn netijeleriniň ýaýradylmagyny höweslendirýändigi, ylym, medeniýet, terbiýeçilik we bilim bermek, sport we syýahatçylyk babatda halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam berýändigi hakynda kadalar berkidildi. Şonuň bilen birlikde-de, Türkmenistanyň Esasy Kanunda raýatlaryň döredijilige, bilim almaga, ylmy iş bilen meşgullanmaga bolan hukuklarynyň döwlet tarapyndan kepillendirilýändigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet baştutanlygynda saýlanan ilkinji günlerinden başlap, türkmen jemgyýeti medeni-ylmy ösüşiň täze, ýokary derejesine gadam basdy. “Häzirki döwürde ylma daýanmazdan, islendik döwletiň durnukly öňe gitmegini we hemmetaraplaýyn gülläp ösmegini gazanmak, sözüň doly manysyndaky ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek asla mümkin däldir” diýip, belleýän milli Liderimiziň bu babatda amala aşyrýan umumydöwlet ähmiýetli işleriniň täsiri bilen türkmen ylmy we medeniýeti günsaýyn pajarlap ösýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda onlarça muzeýler açyldy. Muzeýde türkmen halkynyň gadymyýetden başlap, şu güne çenli taryhyna we entografiýasyna degişli esasy gymmatlyklar jemlenendir. Milli muzeý türkmen halkynyň we Türkmenistanyň taryhyny giň halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmegiň täsirli ojagyna öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, berkararlyk we bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary bilen türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny ýaş nesliň bähbidi üçin aýap saklamak we dikeltmek, halkynyň baý taryhyny we medeniýetini ýaş neslimize öwretmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. “Ýurdumyzda ýaşaýyş-durmuş we bilim ulganmarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde biz her bir işe döredijilik ylhamy bilen çemeleşýän, yhlasly, täze başlangyçlary öňe sürmegi başarýan nesli terbiýeläp ýetişdirmelidiris” diýip, nygtaýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda biziň ýurdumyzda bilim ulgamy düýpli döwrebaplaşdyryldy. Bilim ulgamyny özgertmekde türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny ýaşlara öwretmegiň usullaryny hem mazmunyny kämilleşdirmek maksady bilen, orta, orta-hünärment, ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw usulyýet kitaplary, gollanmalary taýýarlanyldy we köp möçberde neşir edilip ýaýradyldy.
Türkmen alymlarynyň milli medeni-mirasymyzy dikeltmek we halkymyzyň medeniýetini ösdürmek babatda amala aşyrylýan işleriniň netijesinde, häzirki döwürde türkmen halkynyň ruhy we edebi mirasy täzeden dikeldilýär. Edebi makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle