|

Türkmeniñ goşa ganaty

Türkmeniñ goşa ganaty TÜRKMENIÑ GOŞA GANATY

Gaýduwsyzlyk — TÜRKMENIÑ bir ganaty,
Beýleki ganaty — ruhybelentlik!
Ýedi yklym är TÜRKMENE beletdir!
Hanlara mynasyp katdy-kamaty,
Beglere laýykdyr edep ekramy,
TÜRKMEN — şir ýaşaýar ýaşan halaty,
Şir bolup õlýär ol õlen halaty.

TÜRKMEN — almaz gylyjy deý gylawly,
Gara gõzi ýyldyrymly, alawly,
Sõzi ojar ody ýaly ýalawly,
Ýylgyrsa ýazlary ýada salýandyr,
Gazaplansa, alamatdyr alamat,
Asmanda bilýäni ýalñyz Alladyr,
Ýerde sygynýany — diñe adalat!

Erkana ol, MERDANA ol, erkin ol.
Jahan aşygydyr — ganmany bilmez.
Gerdenine alyp dünýäñ derdin ol,
Atylan ok ýaly dönmäni bilmez,
Düýrme gylyç ýaly synmany bilmez,

Haýkyranda — daglar gelip lerzana,
Gara ýer goduklar gürzi salanda.
Türkmen hakykata howandar bolup,
Sõweš yglan edýär dünýäñ ýalanna!
Gaýduwsyzlyk — TÜRKMENIÑ bir ganaty,
Ikinji ganaty — belent RUHUDYR.

Ýalñyz syrdaşydyr gazma dutary,
Ýalñyz gardaşydyr jana jan aty,
Toýda-tomaşada şohlañ-şohydyr,
Asmana ýañ salar gülen halaty.
Zeminiñ Alp ogly ýagşyzadasy
TÜRKMEN çyn ýaşaýar, göni ýaşaýar,
Bu pany jahanyñ ýalan halaty!

Gaýduwsyzlyk — TÜRKMENIÑ bir ganaty,
Beýleki ganaty — belent ruhudyr!
Goşa ganat berdi oña Nuh nebi,
Gõrdi TÜRKMEN müñ hasraty-apaty,
Ýyldyrymlap jeñe giren halaty,
Howalasy — al asmanda tugudyr,
TÜRKMEN — adyllyga adyl terezi,
TÜRKMEN — adalatyñ arkadagydyr!

Saparmyrat TÜRKMENBAŞY Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle