|

Türkmen toýy

Türkmen toýy

TÜRKMEN TOÝY

Göýä älemgoşar gelen märeke,
Sygmaz arş astyna toýuň şowhuny.
Gyz-gelinler raks oýnaýar, näz ede,
Göz gamaşdyr tawus guş deý owsuny.

Türkmen toýy türkmen deýin joşgunly,
Gelinaljy maşyn ýüzmi, ýüz elli…
Agyr jeňde ýow gaýtaran şa ýaly,
Şowhun bolup gelýär türkmeniň gelni! 

Türkmen gelni gelýär dabara bile,
Gadam urýar gelin: dähedem-dessem,
Uýalyp, dulanyp bir gujak güle,
Gadam urýar gelin bagt bile des deň!

Nogul-nabat seçse gaýyn enesi,
Gaýynata penje-penje pul seçýär.
Hatamtaýa dönüp toýuň eýesi,
Aýdym bolup göçýär, saz bolup göçýär.

Türkmen ýagşa ýaradyp bar baýlygyn,
Bu jahana baky gelen ýalydyr.
Gelin däl-de, jümle-jahan şalygyn
Kejebesi bilen alan ýalydyr.

Kyrk gulakly kyrk gazany ataryp,
Gysylman, göwnünde baryn berendir.
Ençe ýyllyk gazanjyny gutaryp,
Karzyň hasabyna sowrup ýörendir!

“Türkmen gyz-gelnini ezýär!” diýlerdi,
“Türkmen – baý-feodal, urýar aýalyn!”
Türkmen bolsa hüýre deňäp gyz-gelni,
Aýalyna diýýändir ol: “Halalym!”

Pälwanlar gähnese kebap-çişlikden,
Bedewini ula goýbär seýisler.
Aksakgallar söhbet etse ýaşlykdan,
Ýaşlar küşt depişip, çykýarlar keýpden.

Türkmen toý toýlaýar, türkmen köpelýär,
Döwletimde köpelýär bir maşgala.
Gelin bu ojaga ömürlik gelýär,
Ömür toýy bolabilmez başgaça!

Bu toý – mertebesi nowjuwan gelniň,
Bu toý – mertebesi öýlenýän ýigdiň.
Şowhunly toý tutup garşylar türkmen,
Gelniniň bagtyn! 
Oglunyň bagtyn! 

Saparmyrat TÜRKMENBAŞY.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle