Türkmen Şygryýeti ~ Türkmen Ruhy -6: Edebi ugurlar we olaryñ türkmen liriki şygryýetindäki aýratynlyklary — 1.
Türkmen Şygryýeti ~ Türkmen Ruhy -6: Edebi ugurlar we olaryñ türkmen liriki şygryýetindäki aýratynlyklary — 1.
▶ EDEBI UGURLAR WE OLARYŇ
TÜRKMEN LIRIKI ŞYGRYÝETINDÄKI AÝRATYNLYKLARY
Ylym özüniň ýokary taglymy belentliklerine ýetende, edebiýaty edebi akymlaryň, ugurlaryň taryhy hökmünde öwrenip başlaýar. Çünki şeýle öwreniliş edebiýaty faktlaryň san taýdan ösüşi däl-de, hiliň ösüşi, çeperçilik ýörelgeleriň ösüşi hökmünde öwrenmek bolup durýar. Men şu kitapda türkmen şygryýetinde edebi ugurlar, akymlar, metodlar, stiller meselesinde käbir pikirleri öňe sürmek isledim. Eýsem-de bolsa, ýokarky düşünjeler iş ýüzünde nämäni aňladýar, olaryň nähili teoretiki manysy bar? Olaryň nähili özara mynasybeti, aratapawutlary bar? Meniň maksadym öňden bar bolan bu düşünjeleri rus dilnden terjime edip, sadalyk bilen gaýtalamak däl, ýok, ol düşünjeleriň türkmen poeziýasyndaky ýüze çykmasynyň, milli aýratynlyklarynyň bardygyny, özboluşlylygyny açyp görkezmek.
Edebi ugur hakda.
Edebiýat ylmynda edebi ugra köplenç çeper metod ýa-da stil bilen bir zat hökmünde garalýar.
Edebi ugur, biziň pikirimizçe, degişli meselede iň uly, köp manyny öz içine alýan düşünjedir. Ýewropa edebiýatynda barokko, klassisizm, realizm, romantizm, sentimentalizm ýaly edebi ugurlar ykrar edilendir. Beýlekileriň – predromantizm, neoromantizm, impressionizm, ekspressionizm, modernizm, rokoko ýaly ugurlaryň edebi ugur derejesinde tapawutlandyrylyp görkezilmegi jedelli mesele hasaplanylýar.
Metod, edebi ugur, edebi akym terminleriniň biri-birine gatnaşygyny seljermek kämahal gaty kyn bolýar. Käbir edebiýatçylar bulary biri-biriniň ýerini çalşyryp hem ulanyp ýörler. Ine, «Edebi ensiklopedik sözlükde» edebi ugur hem edebi akym terminleri barada şeýle pikir ýöredilýär: «Bu terminleriň düşündirilişi, ulanylyşy dürli-dürlüdir. Kämahal olar sinonim hökmünde ulanylýar, kämahal bolsa edebi akym, edebi mekdep ýa-da topar bilen deň, meňzeş hasaplanylýar, ugur bolsa çeper metod ýa-da stil bilen bir zat hökmünde görkezilýär».
Bu ýerde edebi akymyň edebi ugurdan has giň manydaky hadysadygy aýdylýar. Biziň pikirimizçe, edebi mekdep – edebi prosesde ýüze çykýan iň uly çeperçilik hadysa. Şol edebi mekdepden hem dürli-dürli ýazyjylaryň akymlary bölünip aýrylýar. Ol akymlar ýazyjy-şahyrlaryň öz döredijilik stili boýunça ýakynlygyny aňladýar. Döredijilik stili bolsa dürli edebi metodlar arkaly kemala gelýär.
Belli edebiýatçymyz A.Kekilow şu terminler barada şeýle ýazýar: «Her bir ýazyjynyň özüne degişli edebi stiliniň, döredijilik aýratynlyklarynyň bolmagy bilen birlikde durmuş tejribesi, dünýägaraýşy, syýasy-jemgyýetçilik pozisiýasy boýunça köp ýazyjylarda bir-birlerine ýakynlygyň, umumylygyň bolýandygy hem kanuny bir zatdyr… Dürli-dürli edebi stilde özleriniň döredijilik işlerini alyp barýan, özlerine mahsus bolan indiwidual aýratynlyklary bolan ýazyjylar ideýa hem çeper beýan edijilik prinsipleri taýyndan birleşýärler, ýagny
bir pozisiýada durýarlar. Durmuş hadysalaryny, wakalaryny saýlap almagyň we olara ideýa taýdan baha bermegiň umumy prinsiplerine edebi metod diýilýär»*.
Alym edebi metody ýa-da ugry ideýa aýratynlyklaryna syrykdyrýar. Bu ýerde wulgar komministik syýasatyň ýaramaz täsiri görünýär. Edebi metod çeper hadysa. Ikinjiden bolsa, alym öz döwrüniň aýratynlyklary bilen baglylykda «stil» terminini diňe bir manyda – indiwidual stil manysynda ulanýar. Emma edebi metodyň kämahal doly, kämähal belli bir derejede ýüze çykmasy bolup durýan döredijilik stili ýa-da edebi stil hem bar ahyryn.
Dogry, ýazyjynyň indiwidual stili has ähmiýetli hadysa bolanda, edebiýatyň umumy ösüşiniň fonunda edebi metodyň reallaşdyrylyşyna görä, edebi ýa döredijilik stiline geçip bilýär. Gep bu hadysalaryň haýsy tarapdan, haýsy nukdaýnazardan seredilýändigine bagly. Şoňa laýyklykda, şol bir hadysa dürli hili atlandyrylýar.
Stil – metodyň ýüze çykmasydyr.
Professor J. Allakow şeýle ýazýar: «Eger stil ýazyjylaryň döredijilik özboluşlylyklaryny, aýratynlyklaryny ýüze çykarýan bolsa, edebi ugur (metod) söz ussatlarynyň durmuşy çeperçilik taýdan özleşdirmek, hakykaty suratlandyrmak prinsiplerindäki, tärlerindäki ýakynlygy, birligi açyp görkezýär**. Bu kesgitleme gyzyklandyrýan meselelere ylymdaky iň täze garaýyş. Eger metod hakykaty suratlandyrmak prinsipi bolýan bolsa, şol prinsipleriň çeper eserde, döredijilikde anyk ýüze çykmasy näme?
Stil – forma, metod – mazmun, şu ikisiniň dialektiki arabaglanyşygyndan, nikasyndan edebi ugur kemala gelýär.
Muny, elbetde, indiwidual stil ýa-da döredijilik manerasy bilen gatyşdyrmaly däl. Bu babatda edebiýatçy alym R. Rejebow şeýle ýazýar: «Diýmek, stili kesgitlemekde dil ilkinji element hem däldir, ol özbaşdak element hem däldir. Şahsyýet mazmuny, pikir duýgy stiliň özbaşdak elementleri bolup, dil hemişe şol elementlerden asylgy bolan stil elementidir*. Häzirki termin bilen aýdanyňda, indiwidual stil şahyryň diline syrykdyrylyp bilner, sebäbi ol forma hadysasy. Şahyryň döredijilik ýa-da edebi stili bolsa, onuň döredijiliginiň ähli mazmun hem forma alamatlaryny özünde jemleýär. Daşyndan seredeniňde bolsa, ol onuň durmuşa gatnaşygynyň aýdyň ýüze çykmasy bolup durýar.
Edebiýatçy R. Rejebowyň «Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi» atly kitabynda şahyr-ýazyjylaryň döredijilik aýratynlyklaryny, edebi prosesiň kanunalaýyklyklaryny görkezýän düşünjeleriň dördüsi tapawutlandyrylyp görkezilipdir. Ine, şolar:
Edebi mekdep.
Metod.
Edebi ugur.
Stil.
Rahman Rejebow bu terminlere anyk kesgitleme berýär:
«Edebi mekdep – tutuş bir döwrüň edebiýatynyň ösmeginde esas bolup hyzmat eden bir beýik şahyryň döredijilik aýratynlyklary».
«Metod – çeper edebiýatda usul belli bir taryhy döwürde birtopar ýazyjylaryň arasynda rowaç bolup, hut şol ýazyjylaryň döredijilik tejribelerinden gelip çykýan, durmuşa çemeleşmekde we ony açyp görkezmekde şu ýazyjylaryň arasyndaky prinsip birligidir».
«Edebi ugur – anyk taryhy döwürde birtopar ýazyjylaryň arasyndaky döredijilik prinsipleriniň birligidir… Edebi ugur konkret bir taryhy ýagdaýda belli bir synpyň bähbidini we pikirini aňladyjy hökmünde çeperçilik usulyň başga bir görnüşe geçmegidir».
«Stil – ýazyjynyň, şahyryň bütin döredijiliginde dürli formada öz esasyny saklap, käbir üýtgeşiklikler bilen gaýtalanyp durýan döredijilik aýratynlyklarynyň jemidir. Stiliň birinji elementi obrazlar ulgamsydyr… Ýazyjynyň stil aýratynlygy onuň dilinde we ulanýan çeperçilik serişdelerinde hem ýüze çykýar»***.
Alym başga ýerlerde şol bir zatlar hasaplanylýan edebi mekdep, edebi ugur hem-de metod terminlerine aýry-aýry kesgitlemeleri berýär. Meniň pikirimçe, bu terminleriň arasyndan hytaý diwaryny agtarmaly däl. Çünki ol diwar ýok. Sebäbi ol terminleriň ahyrsoňunda ýazyjynyň döredijilik aýratynlyklary diýilýän ylmy problema syrygýar. Ýöne alymyň ýokarky kesgitlemelerinde iki zat ähmiýetlidir. Birinjiden, metod hakynda gürrüň edilende, hemişe, hamana, kollektiwistik bir iş, hadysanyň gürrüňi gidýän ýaly bolýar. Emma aýratyn alnan ýazyjynyň döredijiliginiň metody hakynda-da gürrüň etse bolar ahyryn. Ikinjiden, ýazyjynyň aýratynlygyny aňladýan terminler kesgitlenende kämahal diňe ideýa, hatda ideologik ölçegler göz öňünde tutulýar. Elbetde, biziň edebiýatda ideýanyň ähmiýetini peseldip görkezmek niýetimiz ýok. Ýöne, birinjiden-ä, edebi ugur çeperçilik, estetiki hadysadyr, ikinjiden bolsa, edebiýatyň öz çeper ideýasy, çeper mazmuny bolýar.
Edebi stil – munuň özi döredijiligi edebiýatyň soňky ösüşi üçin düýpli ähmiýeti bolan, şol ähmiýet mynasybetli ösüşiň logikasyna täsir edýän ýazyjynyň, şahyryň döredijiliginiň mazmun hem forma aýratynlyklarydyr. Edebi prosesiň ösüşi nukdaýnazaryndan seredeniňde, döredijilik stili edebi ugur diýilýän häsiýete geçip biler.
Türkmen poeziýasynda aýry-aýry şahyrlaryň döredijiligi edebi ugur derejesinde ýüze çykan hadysa bolup durýar. Meniň pikirimçe, poeziýamyzda, esasan, realizm hem romantizm ugurlary ösüşe eýe. Şonuň üçinem bu usullary, iň bolmanda, umumy häsiýetde kesgitlemek gerek. W. G. Belinskide şeýle pikir bar: «Poeziýa durmuş hadysalaryny iki usul boýunça gurşap alýar hem-de gaýtadan döredýär. Şol bir maksada eltýänem bolsa, bu usullar biri-birine gapma-garşydyr. Şahyr ýa-ha durmuşy şahsy idealyna görä üýtgedip döredýär, ol ideýal bolsa onuň zatlara garaýşynyň obrazyna, onuň dünýä, döwrüne hem halka gatnaşygyna baglydyr, ýa-da şahyr durmuşy ähli ýalaňaçlygynda hem-de hakykylygynda gaýtadan suratlandyrýar, şunda ol ähli jikme-jikliklere, öwüşginlere we reňklere wepaly bolup galýar». Birinji halatda romantizm, ikinjide realizm döreýär, bular lirikadaky edebi ugurlardyr.
Magtymguly. Edebi mekdep ýaly uly hadysa bolsa türkmen poeziýasynda häli-şindi ýüze çykyp, döräp duran zat däl. Degişli çylşyrymly hadysa hakda filologiýa ylymlarynyň kandidaty, professor K. Ataýewiň «Magtymgulynyň edebi mekdebi» diýen makalasy bar. Alym şol makalasynda türkmen nusgawy edebiýatynyň, hususanam, XVIII asyr edebiýatyň degişli mesele babatdaky aýratynlygyndan söz açyp, şeýle ýazýar: «XVIII asyr türkmen şahyrlaryny döredijilik aýratynlyklaryna garap, üç topara bölmek mümkin: umumy Gündogar edebiýatynyň däplerini dowam etdirijiler ýa-da kitaby stilde eser ýazan şahyrlar, dessançylar hem-de Magtymgulynyň mekdebi»*. Alym soňra bu edebi ugurlaryň hersiniň ideýa-çeperçilik aýratynlyklaryny umumy suratda belläp geçýär. Şunda ol degişli toparlaryň döredijiliginiň edebi-taryhy gözbaşlaryny, olaryň edebiýat taryhynda oýnan roluny dogry hem anyk görkezmäge çalyşýar. Iň soňunda ol Magtymgulynyň edebi mekdebi baradaky meselä gelip, ol mekdebiň edebi ösüşiň fonundaky taryhy aýratynlyklaryny belläp geçýär. Şol aýratynlyklara gysga suratda alymyň dili bilen ünsi çekesim gelýär:
«Magtymguly edebiýaty durmuşa ýakynlaşdyrýar. Netijede, Gündogar edebiýatynyň däplerine köre-körlük bilen eýermek gowşap, döredijilik fantaziýasyna giň ýol açylýar. Gündelik durmuş wakalary edebi prosesiň obýektine öwrülýär. Şahyr ýurduň umumy keşbini, halkyň durmuşyny, möhüm taryhy wakalary, döwürdeşleriniň ruhy dünýäsini özünden öňkülere garanda has aýdyň, has açyk suratlandyrmagy başarýar…
Magtymguly edebiýata özboluşly bir täze obraz getirýär… Şahyryň liriki gahrymany kitaby stilde eser döreden şahyrlaryňkydan-da, dessançylaryňkydan-da has real, has durmuşy röwüşde berilýär…
Beýik akyldar ilkinjileriň biri bolup, öz eserlerini halkyň janly gepleşik dilinde beýan edýär. Onuň poeziýasynda türkmen diliniň ähli baýlygy, nepisligi, gözelligi jemlenýär…
Magtymguly döredijililiginde halky formalary giňden peýdalanypdyr. Bu ýagdaýy onuň şygyrlarynyň rifmasynda-da, ölçeginde-de, bent gurluşynda-da görmek bolýar. Beýan ediş tärlerinde-de şu ugra ýykgyn edip, halk döredijiligi eserleriniň obrazlar ulgamsyny ýerlikli işledipdir…
Şahyryň edebi mekdebi özünden soňky döwürde has-da giň gerim alýar. Ol tutuş XIX asyr türkmen edebiýatynyň ösüş ugruny kesgitleýär»*.
Şeýle umumy suratda bellenilip geçilen aýratynlyklar, dogrudanam, Magtymgulynyň edebi mekdebiniň özenini düzýär. Şahyr türkmen nusgawy edebiýatynyň ösüşine düýpli täsir edip, özünden soň özboluşly poeziýa dilini galdyrýar. Obrazlar ulgamy, özboluşly çeper görnüşi bolan ol dil tä XX asyryň 30-40-nji ýyllaryna – R. Seýidowa çenli poeziýanyň sungat hökmündäki ýüzüni kesgitläp gelýär.
Elbetde, şahyryň döreden edebi mekdebini anyk bir termin bilen kesgitläýmek kyn. Çünki, birinjiden, terminler bize Günbatardan geldi, gürrüň bolsa sap Gündogar çeperçilik hadysasy hakda barýar. Ikinjiden bolsa, ol edebi mekdebiň anyk taraplary, anyk taryhy-edebi manysy entek doly kesgitlenenok, şonuň üçinem ol çylşyrymly hadysany ylmy taýdan umumylaşdyrardan biz entek gaty daşdadyrys. Ýöne biz teoretiki manyda edebi mekdebiň şahyryň dünýägaraýşynda jemlenýän ideýa-filosofik konsepsiýalaryň täzeligidigini, şonuň netijesinde onuň çeper döredijiliginde obrazlar ulgamynyň we täze formalaryň jemlenmelidigini, munuň bolsa edebiýatda uly hadysa öwrülmelidigini bilýäris.
Ideologik dünýägaraýyş babatda Magtymguly – türkmen milli bitewüliginiň ideology, obrazlar ulgamy – öz poeziýa dili babatda halk döredijiliginiň elementlerini kämilleşdiriji, ösdüriji, çeper forma babatda bolsa türkmen halk şygry – goşugy ýazuw edebiýatynyň esasy žanry derejesine ýetiriji bolup çykyş etdi. Şol taryhy çykyş iki asyrlap türkmen poeziýasynyň ýüzüni kesgitläp geldi. Türkmen edebiýatynyň belli şahyrlary Kemine, Seýdi, Zelili, Mollanepes we beýlekiler Magtymgulynyň poeziýa dili, formasy boýunça eser döretdiler. Ol şahyrlaryň döredijiligi Magtymgulynyň eserleriniň formasynyň dürlüçe gaýtalanmasy boldy.
Rehmet Seýidow. XX asyryň ikinji onýyllygynda taryhy özgerişlikler netijesinde edebiýatda düýpli täzelikler başlandy. Poeziýa mazmun hem forma taýdan özgermäge başlady. Eýsem-de bolsa, şol proses nähili bolup geçipdi, ol haýsy döwri öz içine alýardy?
«Öňki ýyllarda bolşy ýaly, 1924-nji ýyldan soňky türkmen edebiýatynda hem poeziýa žanry esasy orunda durýardy. Emma bu ýyllar (1924 – 1929) türkmen poeziýasynyň hil taýdan we häsiýeti jähetden öz ösüşiniň täze etapyna geçen döwri boldy… Dogry, bu döwür – gözlegler döwrüdi. Şonuň üçin hem Gulmuhammedowyň, Wepaýewiň, şeýle hem belli bir derejede Iloglunyň (Ý. Nasyrly) poeziýa girizjek bolýan erkin formalary-da türkmen nusgawy poeziýasynyň formalary bilen bir hatarda, metbugat sahypalarynda ýörgünlidi. Ýöne soňra A. Gulmuhammedowyň özüniň boýun alşy ýaly, bu täze «formalar» köne formalardan özgermek üçin, garaz, köneden tapawutlanmak, daşky görnüşi boýunça täze diýdirmek üçin ulanylýan zatdy. Ol täze mazmunyň talaplary bilen baglanyşyklylykda ýüze çykan hakyky manysyndaky täze formalar däldi… Emma forma meselesinde entek düşünişmezlikler köpdi. Edebiýatyň gönüden-göni praktikasy bilen iş salyşýanlaryň arasynda däl, eýsem edebi-tankydy işleriň beýanynda hem forma diňe «şahyrlyk kadasyna», başgaça aýdanyňda, formanyň daşky detallaryna syrykdyrylýardy. Dil çeperçiligine, obrazlylyga çeper eseriň formasyny emele getirýän iň bir möhüm faktorlar hökmünde garamaklyk entek ýeterlik özleşdirilmändi».
Alymyň pikirlerindäki iki pursat hakynda. Birinjiden, ol edebi-çeper ösüşiň logikasyny dogry yzarlaýar. Ýigriminji ýyllarda poeziýamyzyň ösüşinde täzelikler ýaňy döräp ugran eken. Emma ol entek poeziýanyň hilini üýtgederden, ony nusgawya bilen deňeşdireniňde täze bir derejä çykarardan gaty ejiz bolupdyr. Ikinjiden bolsa, şol döwürde forma diýilýän zada ýöntem düşünişdenem beter, ondan uly bir zada garaşmaly däldigini aňladýardy.
Dogrusyny aýtsak, hatda häzirki döwürde-de «poeziýanyň formasy» diýip goşgy bendiniň daşky görnüşine düşünýänler ýok däl. Poeziýanyň formasy – munuň özi, ilkinji nobatda, onuň çeper dili we ondaky obrazlar ulgamydyr. Şygyr bendiniň görnüşi bolsa asla-da çeperçilik manysyndaky forma däldir. Onuň düýp manysy şuňa syrygýar: ol şygryň ritm bilen baglanyşykly formal elementidir. Ritm bolsa goşgy düzüliş ulgamynyň ölçegidir.
dowamy bar…
Osman ÖDE. Edebiýaty öwreniş