Türkmen ruhy
Türkmen ruhy
Synmaz keramatdyr Türkmeniñ ruhy,
Hiç zat bilen ölçelmeýär bahasy.
Nijeme asyrdan,
Heññamdan soñra,
Ajap hana gerek joşan mahaly.
Möwjüne guwançdan göze ýaş dolýar,
Onuñ buýsanç bilen çyrpynýan wagty.
Arzylydyr,
Taýsyz hazyna-gençdir,
Jahana nuruny çaýýarka bagty.
Ýürekleñ töründe orny bar baky,
(Täç mydam başdadyr, ýerde goýulmaz).
Her demde küýsärsiñ sahawatyny,
Kereminden hergiz-hergiz doýulmaz.
Barýar Türkmen aýdyñ ýagty ýolundan,
Buýsançdan, Bagtdan doly bu günler.
Bu Beýik Zamany, döwranly döwri,
Ömür baky gorar gerçek ogullar!
Enejan ATAÝEWA. Goşgular