Türkmen oglany
Türkmen oglany
Garañkylyk sowlup gitdi bireýýäm,
Parlak Gün lowurdap şöhlesin saçdy.
Kanalmyzyñ köprüsiniñ üstünden
Kombinzonly türkmen oglany geçdi.
Güldürip owadan goýun gözlerin,
Daş köprüden bäri bakan pillesi,
Ol gözler şeýle bir jadylap meni,
Dikildi ýüregme yşgyñ güllesi.
Töwerege aralaşyp ümsümlik,
Bulutlar seýl etdi mawy asmanda,
Ýüregimi ýesir edip ýüregne,
Özüm gitdim, ýürek galdy şol ýanda.
***
Söýemok men bu jahanda
Ýaranjaklap gün görmäni.
Ýagşy görýän beýle günden
Öz ajalma jan bermäni.
Niçik bolar şemal ýaly,
Çar tarapa öwsüp dursam?
Ýan bermeli bolar onda,
Garşymda gaý, tupan görsem.
Dönmerin öz pikirimden,
Atsalar-da ýanar oda.
Ömrüm boýy hyzmat etjek
”Ynsan” diýen belent ada!
Annasoltan KEKILOWA. Goşgular