|

Türkmen köşkleri

Türkmen köşkleri TÜRKMEN KÖŞKLERI

Ýer ýüzüne ýaýran türkmen köşkleri,
Türkmen bilen, asyrlaryñ gatynda.
Juda çuña giden halkyñ kökleri,
Syrly ýaşaýşyñ gadymýetinde.

Sallançagy ~ üzeññisi atlaryñ,
Türkmen gojalypdyr münen atynda.
Ykbalyny çözüp memleketleriñ,
Şöhradyny ýazan olañ hatynda.

Tylla saraýlarda gyşyn gyşlapdyr,
Ýaşyl ýaýlalarda ýazlap ýazyny.
Çynma-Çynda, Rumustanda düşläpdir,
Baky hemra edip hindi gyzyny.

At üstünde seýran eden köp ýeri,
Ülkelere mertligini jar edip.
Ýaplar çekip, gurup tylla köşkleri,
Döwran süren permanyny ýöredip.

Toýlar tutan, bedew atlar çapdyryp,
Reýde, Maşat-Missirýanyñ deştinde.
Merwde, Nusaýda serpaý ýapdyryp,
Türkmen myhman garşylapdyr köşgünde.

Ynha, menem, şol türkmeniñ neslinden,
Damarymda gaýnap duran ganym bar.
Beýikligi öwrenmeli aslyñdan,
Dünýä ýaýran şöhradym bar, şanym bar.

Gerdenimde çekip, agyr keşkleri,
Taplandym men, gerdişinde pelegiñ.
Ýene bina boldy Türkmen köşkleri,
Hak ýalkady, wysal boldy dilegim.

Howalansyn barha Türkmen köşkleri,
Ýaşyl Tugum, çür başynda pasyrda!
Erkinlikden öwşün atyp keşpleri,
Türkmen rowaç tapsyn Altyn asyrda!

▶ BEDEWLERIM

Gyz kamatly bedewlerim,
Münsem çeýe billeriñiz.
Ýeñişlidir giden ýerim,
Şöhratlydyr ýollaryñyz.

Owgan, Yrak, Hindi, Eýran,
Jemalñyza boldy haýran.
Siziñ bilen dünýä ýaýran,
At galdyryp illerimiz.

Jelaleddin, Baýram hany…
Meşhur eden atlar, şany!
Ganyñyzda türkmen gany,
Halymyzdyr hallaryñyz.

Mertler bilen bir deñ gopup,
Söweşdiñi gapyp, depip,
Il azaryn är deý çekip,
Toýda geçdi ýyllaryñyz.

Taryp etdi şahyr bary,
Çyn bedewleñ bolup zary.
Goradyñyz namys-ary,
Tug edinip ýallaryñyz.

Ýazjuma AGAGELDIÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle