Türkmen halkynyñ edebi geçmişi -3 / makalanyñ dowamy
Türkmen halkynyñ edebi geçmişi -3 / makalanyñ dowamy
Biz ýokarda XIV asyryň ikinji ýarymyndaky türkmen edebi durmuşynyň, esasan,
häzirki Türkmenistanyň çäginden daşarda dowam edendiginiň şaýady bolduk. Bu
ýagdaý ep-esli derejede mongol çozuşynyň Horasana aýratyn uly zyýan ýetirenligi
we onuň alan ýaralaryndan diňe uly kynçylyklary başdan geçireninden soň
saplananlygy bilen baglanyşyklydyr. Teýmirleňiň ýörişlri hem bu welaýata az zyýan ýetirmändir. Diňe Şahruh (1405-1447) tagta çykanyndan soňra durmuş öňki döwürler bilen deňeşdireniňde rahatlan ýaly edipdir we nähilidir bir döredijilik işi bilen meşgullanmaga mümkinçilik döräpdir. Emma bu hökümdar aradan çykanyndan soň, türkmenleriň ýaşaýan etraplary Teýmirleňiň begleriniň arasynda
ýüze çykan oňşuksyzlyk sebäpli alnyp barlan göreşleriň mekanyna öwrülipdir.
Hyratda täsirli medeni merkeziň peýda bolmagy, elbetde, Horasanyň XV asyrdaky edebi durmuşynda iň uly waka bolupdyr. Bu merkeziň kalby we esasy
hereketlendiriji güýji meşhur şahyr hem akyldar Alyşir Nowaýy (1441-1501)
bolupdyr.
Nowaýynyň döredijiligi Orta Aziýanyň halklarynyň edebiýatynyň taryhynda özboluşly bir öwrülişik nokadydyr. Nowaýy edebiýat äleminde peýda bolýança,
pars edebi dilini beýleki dillerden üstün hasaplamak, kämillikde pars şygryýeti
bilen bäsleşmegiň mümkin däldigini aýtmak mümkin bolan bolsa,
Nowaýy nazaryýet taýyndan hem, iş ýüzünde-de türki edebi diliň pars edebi dilinden garyp bolmagy beýle-de dursun, eýsem, özüniň baý we çeýe bolmagynyň arkasyndan köp babatda ondan üstündigini hem subut etmegi başardy.
Nowaýy ölmez-ýitmez eserlerini öz ene dilinde döredipdir. Emma olary diňe bir öz
halky üçin niýetlemän, olaryň has giň çäklerde ýaýramagynyň aladasyny edipdir.
Bu barada ol şeýle diýýär:
«Agar bir kawm, ger ýüz, ýoksa müňdür,
Muaýýan türk ulusy hut meniňdir.
Olup men tahty fermanimga asan,
Çerik çekmeý Hytaýdan tä Horasan.
Horasan diýme! Kim Şirwanu Tebriz
Ki kylmyş naýy kilkim şeker-rez.
Köňül bermiş sözümge tükü jan hem,
Ne ýelguz türk, belki, türkmen hem.
(Bir kowumdan, ýüz ýa-da müň kowumdan ybarat bolsa-da,
Türk ulusy meniň özümiňki ahyryn.
Goşun çekmezden, Hytaýdan Horasana çenli aralygy
Aňsatlyk bilen özüme boýun egdirdim.
Horasan nämemiş! Şirwandyr Töwrize hem
Şekerçiňrikden ýasalan galamym gant baryny seçdi.
Türkiler meniň sözüme köňül berdiler’
Diňe bir türkiler däl, belki, türkmenler hem).
Görşüniz ýaly, Nowaýy Kaşgardan başlap, Günorta Azerbaýjany hem öz içine
almak bilen Zakawkazýä (Kawkazyň Uly Kawkaz dagynyň Esasy gerşinden günortada ýerleşýän bölegi) çenli aralykda ýaşaýan halklaryň birnäçesiniň
kalbynda öz şygryýetiniň ýer edendigini aýdýar. Onuň bu pikiriniň öz ýaşan
zamany babatda näderejede dogudygy barada bize häzir bir zat diýmek çetin bolup görünýär. Soňraky asyrlaryň welin, bu sözleriň dogrudygyny doly derejede subut edendigi şübhesizdir. Mysal üçin, irki azerbaýjan şahyrlarynyň beren gürrüňlerinden baryp ýigriminji asyryň başynda Azerbaýjanda köp sanly ýygnanyşyklar bolup geçip, şol ýygnanyşyklara gatnaşyjylar tarapyndan
Nowaýynyň liriki we epiki eserleriniň okalandygyny we olara düşündiriliş berlendigini bilýäris. Türkmen halky barada-da şony aýtmak mümkin.
Azady,
Magtymguly, Şabende, Mollanepes, Kemine ýaly türkmen nusgawy şahyrlarynyň
diňe bir Nowaýynyň döredijiligi bilen tanyş bolmak bilen çäklenmän, ony çuňňur
öwrenendikleri, onuň ýoluny özleriçe dowam etdirmage çalşandyklary şübhesizdir.
Nowaýynyň saýlanan eserleri türkmen mekdebinede hem okadylypdyr. Hatda
käbir türkmen nusgawy şahyrlarynyň eserleriniň dilinde hem Nowaýynyň ýetiren
täsiri duýulýar.
Onuň eserleri az sanly türkmen ylym adamlarynyň paýy bolup galybermändir.
Nowaýynyň lirikasy halk bagşylarynyň döredijiligine aralaşyp, olaryň aýdýan
aýdymlary arkaly giň halk köpçüliginiň arasynda giňden ýaýrapdyr we halk
döredijiliginiň üstüni ýetiripdir. Halk höpçüligi bu uly şahyryň ömür ýoly baradaky hakyky maglumatlardan habarly bolmadyk bolmaly. Esasan, onuň teýmirilerden
bolan hökümdar bilen nähilidir bir gatnaşykda bolan Soltan Hüseýiniň
döwürdeşidigini bilipdirler. Şeýlelik bilen, halk öz hyýalyna bat berip, Nowaýynyň
ömür ýoluny özüçe beýan edýär oturyberýär. Hakyky bolup geçen wakalar bu
beýanda ertekiçilik äheňleri bilen utgaşyp gidýär. Soltan Hüseýin ertekilerdäki
zalym, gazaply, şol bir wagtyň özünde-de, sadalaç patyşa öwrülýär. Onuň
kömekçileri hem özünden enaýy däl. Nowaýy bolsa halkyň içinden çykan, agyr we
kyn şertlerde ýaşamak bilen, öz zehinini, pähim-paýhasyny giň halk köpçüliginiň
bähbitlerini goramaga hyzmat etdirýän adam hökmünde çykyş edýär. Ol soltan
bilen häli-şindi kejeleşmeli bolýar we özüniň pähim-paýhasyna daýanyp, hemişe ony oýnamagy başarýar hem-de öz maksatlaryna ýetmegi başarýar.
Türkmen
halkynyň esasy köplüginiň Nowaýynyň syýasy we döredijilik işiniň umumy
ugruna, onuň hakykatdan hem sada adamlaryň bähbitlerini yhlas bilen
gorandygyna düşünmegi ünsüňi özüne çekýär…
Şonuň üçin hem türkmen edebiýatynyň taryhçylary onuň döredijiligini dykgatly
öwrenmelidirler, çünki şol döredijiligi hasyl edýän eserler bilen düýpli
tanyşmazdan, türkmen nusgawy edebiýatynyň ähli baýlygyny bolmalysy ýaly edip
çuňňur derňemek mümkin däldir.
Ruhy edebiýatyň baryp Hoja Ahmet we Aly tarapyndan düýbi tutulan däpleriniň
XV asyrda ýaşap geçen Wepaýaynyň 1467-nji ýylda döreden «Rownakyl-Yslam»
(«Yslam nury») atly poemasynda dowam etdirilendigini görýäris. Bu eseriň köp
sanly golýazmalaynyň bolandygyna we XIX asyrda hatda neşir hem edilendigine
garamazdan, ol häzirki döwre çenli hem ýeterlik derejede öwrenilmän gelýär. Bu
«nesihatlar kitaby» yslam dininiň esaslaryny halka düşnükli dilde beýan etmek bilen birlikde, ahlak, maşgala gurmak we adamlaryň özara gatnaşyklary bilen
bagly meseleleri hem gozgaýar. Şunuň ýaly mazmuna eýe bolan eseriň çeperçilik ähmiýetiniň uly bolmajakdygy öz-özünden düşnüklidir. Şuňa meňzeş eserlerde
goşgynyň görnüşi çeperçilik maksatlary göz öňünde tutulyp däl-de, onuň ýattutulmaga niýetlenilendiginden ugur alnyp saýlanylyp alynýar, çünki kyssa
garanda goşgy setirlerini ýat tutmak aňsat bolýar. Barybir, bu kitabyň jemgyýetçilik ähmiýeti örän uly bolupdyr. Ony geljekde öwrenjek alym henize
çenli aýdyňladylmadyk şu soragyň jogabyny gözlemeli bolar: kitapda beýan
edilýän kadalar diňe türkmen edebiýatyna mahsus äheňlere näderejede ýugruldyka,
ýagny ol baryp seljuklylar zamanynda dörän däplere näderejede wepaly bolup
galypdyka?
6.
Teýmiriler neberesiniň taryhyň sahnasyndan düşen zamanyndan soňky asyrlar Orta
Aziýanyň durmuşynda iň bir agyr eýýamlaryň biri boldy. Sefewileriň elindäki
Eýranyň, Osmanlylaryň elindäki Türkiýäniň, Orta Aziýadaky hanlyklaryň arasynda
tükeniksiz bir göreş başlanýar. Türkmen taýpalary şu döwletleriň ählisiniň çäginde,
esasan hem, olaryň özara serhetleşän böleklerinde ýaşaýar. Türkmenleriň söweş
edermenligi biri-biri bilen göreş alyp barýan garşydaş taraplara örän gowy
mälimdi. Sefewiler döwletini esaslandyran, Hataýy lakamyny ulanmak bilen öz
ene dilinde ymam Alyny taryp edip, çeperçilik derejesi beýle bir pes bolmadyk
şygyrlary ýazan Şa Ysmaýylyñ (1486-1524) gelip çykyşy boýunça türkmendigini
we onuň hut türkmen taýpalaryna daýanadygyny unutmalyň. Eýranda onuň
öňüsyrasynda hökümdarlyk eden gajarlaryň damarynda hem türkmen gany at
salýardy. Olaryň ählisiniň türkmenleri öz tarapyna çekmäge çalyşmaklarynyň,
olary garşydaşlaryny çym-pytrak etmek üçin ulanjak bolmaklarynyň sebäbiniň şu
ýagdaý bilen baglydygy öz özünden düşnükli bolsa gerek. Duşmanlar türkmen
esgerlerinde baý harby olja eýe bolmak ymydyny oýarmakdan, hanlary gönüden-göni
satyn almakdan başlap, zorluk ulanmaga, tutuş obalary ýok etmäge çenli ähli
serişdelerden peýdalanypdyrlar. Halkyň öz arasynda agzalalyk döretmek, bir taýpa
birleşigini beýleki taýpa birleşiginiň üstüne küşgürmek syýasaty ulanylypdyr.
Türkmenleriň üstüne ýowuz howp abanypdyr.
Şol wagt ahlak esaslarynyň köküne
palta urlan bolsa, duşmanlar gadymy däpleri ýok etmegi başaran bolsadylar, onda
halkyň doly gul bolmakdan we kem-kemden ýitip gitmekden başga çäresi
galmazdy.
Türkmen halkynyň päk ýürekli wekilleri şeýle bir howpuň abanýanyndan
habarlydylar. Olaryň ähli tagallasy köne däpler bilen bagly iň gowy zatlary saklap
galmaga, erkinlige bolan söýgi duýgusyny goramaga gönükdirilendi. Bu tagallalar
şahyrana döredijilikde, ilkinji nobatda-da, halk döredijiliginde öz beýanyny tapdy.
Türkmen halk döredijiliginiň iň bir özboluşly eseri ― ägirt uly «Gör-(Kör)ogly»
gahrymançylyk epopeýasynyň hut XVI-XVII asyrlaryň dowamynda kemala
gelendigini çaklamak mümkin. Bu rowaýatyň taryhy örän çylşyrymly we oňa doly
akyl ýetirmek häzirlikçe mümkin däl. Onuň aýry-aýry unsurlarynyň iň bir gadymy
döwürler bilen baglanyşyklydygy şübhesizdir. Mysal üçin, keramatly Gyratyň we
Düratyň Bemsi Beýrek hakyndaky «Gorkut atanyň kitabynyň» düzümine girýän
rowaýatdan belli bolan Aýgyrat we Dürat bilen baglanyşykly bolaýmaklary hemonuň ýanyndan aýrylmaýan ýoldaşy ― atyň edebi keşpleriniň sak
rowaýatlaryndaky Rüstemden ýa-da VI-VIII asyrlaryň türki eposlarynda hereket edýän urşujylardan gözbaş alyp gaýdýan bolmagy-da juda mümkindir.
Görogly hakdaky rowaýat dürli türki halklaryň arasynda örän giňden ýaýrapdyr.
Kiçi Aziýada ýaşaýan türkler, azerbaýjanlar, türkmenler we özbekler ondan
habarly. Bu rowaýat başda nirede döredikä? Göroglynyň edebi keşbiniň aňyrsynda
taryhy şahs barmyka ý-da ol halk ozanlarynyň hyýalynyň tapan zadymyka? Bu soraglar örän çylşyrymly bolup, olara gutarnykly we ynandyryjy jogap bermekden örän irmikä diýýäris. Şunuň ýaly bir barlag alyp barmak üçin, ilkinji nobatda,
rowaýatyň ähli görnüşleriniň neşirleriniň ýa-da iň bolmanda, dogry ýazgylarynyň
elýeterli bolmagy hökman bolardy. Häzirki döwürde rowaýatyň türkmenleriň
arasynda ýörgünli bolan bäş görnüşiniň ýazgysyna eýedigimizi, onuň
azerbaýjanlylaryň arasynda meşhur bolan görnüşleriniň elimizde bardygyny hem boýnumyza almagymyz gerek. Muňa garamazdan, rowaýatlaryň görnüşleriniň ählisini ele salmakdan heniz örän daşdygymyzy bir ýagdaý aýdyň görkezýär.
Mälim bolşy ýaly, özbek bagşylary Görogly hakdaky rowýatlar tapgyryny kyrk
dessana bölüp aýdýarlar. Şol desanlaryň otuz dokusynyň ady eýýäm anyklanyldy.
Şunça dessandan otuzysynyň ýazgy edilendigine garamazdan, olaryň diňe sähelçe
bölegi çap edildi. Üstesine-de, olar giň okyjylar köpçüligine niýetleneni üçin
gysgaltmalara we üýtgetmelere sezewar edilipdir. Bu ägirt uly işe dolulygyna diňe
birnäçe respublikanyň birleşen güýçlerine daýanyp amal edip boljagy göz-görteledir.
Özbek bagşylary, hiç hili ýaýdanmazdan, hemişe Göroglynyň türkmendigini aýdýarlar. Mysal üçin, Ergan Jumanbülbülogly Röwşen hakdaky dessana şu
sözler bilen başlaýar:
«Burungi utkan zamanda, eli-ýuti omonda, uzi kibla
tomonda, Buhorodan tumanda, Taka Ýowmut degan-da, Ýowmut elida, Çambiýaning elida, Guruli bek dawrini surib utadi».
(Ötüp-geçen zamanda, aman
bir mekanda, kybla tarapda, Buhara tümeninde, ýomut taýpasynyň arasynda, teke-ýomut atlandyrylýan, Çambiliň eteklerinde Görogly beg döwran sürüp ötüpdir).
Rowaýatyň özbek bagşylary tarapyndan ýerine ýetirilýän beýleki görnüşlerinde
hem Göroglynyň hut şol taýpa degişlidigi barada häli-şindi ýatladylyp durulýar.
Bagşylaryň aglaba böleginiň Göroglyny hemişe türkmen halkynyň wekili
hasaplandyklaryny aýtmak mümkin. Şondan çen tutup, rowaýatyň özeniniň
türkmenleriň arasynda ýüze çykandygyny aýtsak, ýalňyşmasak gerek. Muňa
garamazdan, rowaýatyň görnüşleriniň ählisiniň haýsydyr bir ýeke-täk «Asyl Göroglydan» gözbaş alyp gaýdandygyny aýdyp bolmazmyka diýýäris. Rowaýatyň
esasy unsurlary her bir halkyň arasynda özbaşdak işlenen hem-de hut şol halkyň
halk döredijiligine mahsus äheňler bilen üstleriniň ýetirilen bolmagy-da
mümkindir. Bu pikir dogry bolsa, onda özbek bagşysy Göroglynyň tekelerdendigini aýtmak bilen birlikde, barybir, ony öz gahrymany hasaplap biler, çünki onuň edebi keşbini öz pikirlenişine laýyk gelýän şekilde döredýär.Galyberse-de, bu halklaryň öz aralarynda işjeň gatnaşyk saklandyklaryny we
bagşynyň çagyrylan ýerinden irinmändigini hem unutmaly däl. Şunuň ýaly
şertlerde äheňleriň tutuş toparlary bir halkdan beýleki halka örän aňsatlyk bilen
geçip biljekdi.
Rowaýatyň başda nirede dörändigi baradaky meseläniň çözülişiniň ýagdaýy
neneňsi bolanlygynda-da, bir zat şübhesizdir ― onuň türkmen halkynyň
durmuşyndaky orny örän ýokary. Türkmen Göroglysynyň gündogar ertekilerindäki
merhemetli patyşalara meňzeýän ýeri ýok. Ol daşyny gurşap duran zorluklardan
we ýalançylykdan doly dünýäniň garşysyna baş göterýär, wepaly egindeşlerini
daşyna toplaýar we ätibarly Çandybili özüne mekan edinýär. Şeýle-de bolsa, ol
dagdaky bu höwürtgesinde ömrüni keýpi-sapada geçirmäge meýilli däl. Daş-töwereginde
joş urýan durmuş onuň ýiti nazaryndan sypmaýar we özüni gereklänlerinde, gaýra goýman, zuluma duçar bolana we kemsidilene kömege
howlukýar.
Göroglyda türkmenleriň iň gowy görýän häsiýetleri jemlenipdir: ol gorkyny-ürkini bilenok, söweşmäge ökde, beren sözüni mukaddes hasaplaýar, gadymy däplere, ilkinji nobatda bolsa, myhmansöýerlik däbine wepaly. Şeýle bolmak bilen birlikde, ol hyýaly bir şahs bolman, jany, teni syzlaýan, durmuşy, toý-tomaşany, ýiti
degişmäni söýýän, hoşgöwün we güler ýüzli hakyky adam hökmünde orta çykýar.
Türkmen halkynyň Göroglynyň üsti bilen göwnüniň küýsän gahrymanynyň ― özüne ezýet bermek isleýän içki we daşky duşmanlardan aryny alyp berýän, öz
tarapyny çalýan gahrymanyň edebi keşbini döredendigini aýdyp bolar.
Görogly hemişe halkyň ýanyndan aýrylanok, ony köpçülikden aýry göz öňüne
getirmek mümkin däl.
Rowaýatda Jygaly begiň öz agtygyna aşakdaky ýaly
maslahat bermegi ýöne ýere däl:
«Ýaşulular geňeş etse,
Ýagşy-ýamana göz ýetse,
Il-halkyň bir iş tutsa,
Sen ondan galyjy bolma!»
7.
Biz türkmenleriň edebi durmuşynyň iň irki döwürlerden başlap, XVIII asyra çenli
uzyn taryhyna boýdan-başa göz gezdirip çykdyk. Bu synyň esasynda, ilkinji
nobatda, bu taryhyň örän çylşyrymly bolandygy hakdaky netijä gelmäge mejbur
bolýarys. Biz iki ugruň ― dilden aýdylýan halk döredijiliginiň we edebi däplere
esaslanýan ýazuwly edebiýatyň bardygyny görýäris. Olar bir görseň, utgaşýarlar,
bir görseň hem biri-birinden daşlaşýarlar, emma üzülmän, hemişe ýan ýana
dowam edip gelýärler. Bu zynjyryň halkalarynyň ählisiniň bize mälimdigini aýdardan heniz ir. Taryhy betbagtçylyklar häzirki döwürde biz üçin örän gymmatly
bolup biljek köp edebi ýadygärlikleriň ýok bolmagyna sebäp bolupdyr. Şeýle-de bolsa, zynjyryň abat galan halkalary bu edebiýatyň däpleriniň pugta bolandygyny
we hiç haçan hem onuň arasynyň üzülmändigini çaklamaga mümkinçilik berýär.
Türkmen halkynyň öz goňşulary bolan eýranlylar, azerbaýjanlylar, özbekler bilen ýakyn gatnaşyklarda bolmagy hem türkmen edebiýatynyň taryhyny örän çylşyrymlaşdyrypdyr. Bu ugurdaş edebiýatlaryň ählisini hasaba almazdan, olardan
anyk haýsy biriniň türkmenleriň arasynda belli bolandygyny, goňşy halklaryň edebi ýadygärlikleriniň haýsy birini ilatyň haýsy toparynyň gowy görlendigini anyklamazdan, nusgawy edebiýatyň ýüze çykan döwründe (XVIII asyr) ýaşap
geçen türkmen şahyrlarynyň eserlerini hakyky ylmy esasda derňemäge girişmegiň
mümkin däldigi öz-özünden düşnüklidir.
Türkmen edebiýatynyň taryhyny öwrenýän alymyň başyndan geçirýän ýagdaýy
Günbatar Ýewropada ýaşaýan halklaryň islendiginiň edebiýaty bilen iş salyşýan
alymyň ýagdaýyndan aýdyp-diýip bolmajak derejede kyndyr. Onuň diňe bir ir
zamanlarda ýaşap geçen şahyrlaryň däl, eýsem, hatda XVIII asyryň şahyrlarynyň
öz elleri bilen ýazan golýazmalaryna-da eýe däldigini aýtmanymyzda-da, ol goňşy
halklaryň henize çenli şondan gowy öwrenilmedik edebiýatyny-da nazara almaly
bolýar.
Galyberse-de, ýene bir ýagdaý barlaglary örän kynlaşdyrýar. XVIII-XIX asyr
türkmen şahyrlarynyň aglabasy bagşyçylyk hem edipdirler. Olaryň arasynda öz
eserlerini kagyza geçirmäge ukyply kişiler köp hem bolan bolsa, halk şol eserleri
diňe olaryň dilinden eşitmek bilen oňmaly bolupdyr. Bu ýagdaý bolsa şol bir eseriň
dürli görnüşleriniň peýda bolmagyna sebäp bolaýmalydy. Şunuň ýaly bir eseriň
başga bir bagşy tarapyndan alnyp göterilip, onuň ýerine ýetirmeginde birtopar
üýtgeşmelere sezewar edilip bilinjekdigini göz öňüne getirseň we häzirki döwürde bize elýeterli bolan ýazgylaryň eşitmiş adamlaryň elinden çykandygyny nazara
alsaň, onda haýsydyr bir aýdymyň başda nähili görnüşe eýe bolandygyny
kesgitlemek örän kyn, köplenç bolsa, amal etmek mümkin bolmadyk wezipä
öwrülýär duruberýär.
Häzirki döwürde XVIII asyr türkmen edebiýatynyň taryhyny neşir etmek bilen, bu
işi amala aşyran alymlar şunuň ýaly kynçylyklaryň öňlerinde keserip duranlygyna
doly akyl ýetirýärler. Bu asyrda ýaşap geçen köp sanly şahyrlaryň iň bolmanda
biriniň döredijiligini-de gutarnykly şekilde derňemek häzirlikçe kyn wezipe bolup
durýar. Muňa garamazdan, eýýäm häzirki döwürde-de bu asyra degişli esasy edebi
ýadygärlikleriň toplanandygyny, olaryň köpüsiniň deslapky neşir şekilinde bolsada,
garaz, çap edilendigini, bu şahyrlaryň ählisiniň döredijiliginiň häsiýetiniň
umuman kesgitlenilendigini aýtmak mümkin. Şonuň ýaly-da, şu döwrüň içinde
şondan öňki zamandaky ösüşiň esasy ugurlarynyň belli bir derejede anyk
takyklanandygyna görä, türkmen edebiýatynyň bu ajaýyp zamanyna häsiýetnama
berýän makalalaryň birnäçesini ýazmaga synanyşylmagy şindi örän ýerlikli bolup
görünýär.
Elbetde, ilki bilen şu ýadygärlikleriň ählisiniň tankydy ýazgylarynyň aladasyny
etmek, olaryň her biri barada aýratynlykda ýörite ylmy derňewler geçirmek we
şondan soň umumylaşdyrmaga geçmek usulyýet nukdaýnazaryndan has dogry
bolardy. Emma maglumat serişdeleriniň möçberini we şunuň ýaly işler bilen meşgullanýan alymlara bildirilýän talaplaryň örän uly bolmalydygyny nazara
alsaň, bu barlaglaryň doly amala aşyrylmagy üçin birnäçe ýylyň gerek boljakdygy
düşnüklidir. Şonuň bilen birlikde-de, haýsydyr bir şahyryň döredijiligini onuň
degişli bolan edebiýatyndan üzňelikde öwrenip bolmaýar. Her bir alymyň
edebiýatyň häsiýeti barada doly we umumy düşünjesiniň bolmagy hökmany
şertdir. Häzire çenli bu ugur boýunça çap edilen işleri okap, şunuň ýaly umumy
düşünje edinmek bolsa örän kyn. Şu ýagdaýlary göz öňünde tutup, şu kitabyň aralyk basgançak bolup hyzmat
etjekdigini aýdyp bolar: ol alnyp barylýan ýörite barlaglara ýardamçy bolar we
şonuň netijesinde geljekde deslapky çaklamalardan çuňňur derňewe geçmäge
mümkinçilik döreder.
Şonuň ýaly-da, türkmen edebiýatyny öwrenmek üçin goňşy halklaryň edebiýaty bilen tanyşlygyň gerek bolşy ýaly, öňlerinde edil biziňki ýaly wezipeler durýan goňşularymyza-da türkme edebiýaty baradaky anyk düşünjeler howa ýaly zerur.
Häzirki döwürde şunuň ýaly düşünjelere eýe bolmak türkmen alymlaryna-da kyn
bolsa kyndyr welin, olar üçin has hem kyn düşjegi bellidir, çünki türkmen
edebiýatyna degişli golýazmalar esasan Türkmenistanyň çäginde duş gelýär.
Diýmek, şunuň ýaly kitabyň neşir edilmegi hemme tarapdan göwne makuldyr…
Ýewgeniý BERTELS.
Rus dilinden terjime eden:
Orazgylyç ÇARYÝEW. Edebiýaty öwreniş