|

Türkmen halk yrymlary -9: Nowruz yrymlary

Türkmen halk yrymlary -9: Nowruz yrymlary NOWRUZ YRYMLARY

Semeni taýýarlanylýan wagty gögeren bugdaýyň gökje maýsasynyň ýüzüni gyrkyp alyp, ony saçbaga dakar ekenler. Sebäbi ol bagt getirýärmiş.

* * *
Nowruzda bişirlen semenini datmak sogap hasaplanylýar. Ol adamlara rysgal getirýär. Semenini rysgal-döwletli, abraýly ýaşuly aýallara bişirdýärler. Agşam bişirip, gazanyň agzyny ýapyp goýýarlar. Irden gazany açanlarynda Äşe-Patmanyň barmaklarynyň yzyny görjek bolup çalyşýarlar. Çünki halk arasynda «Semeniniň ýüzünde şolaryň barmaklarynyň yzy bolarmyş» diýlen ynanç bar.

* * *
Musulman halklaryň käbirinde semeni diňe Nowruzda bişirilýär.

* * *
Nowruzda semeni bişiren adam ony ýedi öýe dadyrmalymyş. Şonda rysgalyň ýetmiş esse bolup gaýdyp gelermiş.

* * *
Nowruz gijesi asman bulutly ýa-da dumanly bolsa, ýyl ygally gelermiş.

* * *
Nowruz güni irden ýere gyraw düşse, toprak hasylly bolarmyş.

* * *
Nowruzda baglaryň çygly çybyklaryndan, damjalar görnüp dursa, agaçlar hasylly bolar.

* * *
Nowruzda suwuň ýüzi gyrpaklap dursa, tomus salkyn bo-lar.

* * *
Nowruzda aý demirgazykdan dogsa, ýaz sowuk, tomus salkyn bolar, günortadan dogsa, ýaz gurak, tomus jöwzaly bolar.

* * *
Nowruzda gar, ýagyş ýagsa, ýyl örän ygally bolar.

* * *
Nowruzda örän yssy bolsa, ýylyň gurak geläýmegi ahmal.

* * *
Nowruzda doglan çaga bagtly bolarmyş.

* * *
Nowruzda gargalar gagyldaşyp ýörse, yzyndaky aýda sal-kyn boljaklygynyň alamaty.

* * *
Nowruzda täze zat geýseň, şol geýim bagt getirermiş.

* * *
Nowruzda howa dymyk bolsa, ýaz gurak, tomus örän yssy bolar.

* * *
Nowruzda şemal demirgazykdan öwüsse, ýaz ýagyşly, tomus yssy bolar.

* * *
Nowruzda şemal günortadan öwüsse, tomus yssy, epgek bolar.

* * *
Nowruzda howa bulutly bolsa, Oguz aýyna çenli bulutly bolar.

* * *
Nowruzda howa sowuk bolsa, däneli ekinler hasylly bolar.

* * *
Nowruzda ak ýürekden edilen arzuw hasyl bolarmyş.

Taýýarlan: Gurbanjemal YLÝASOWA. Halk döredijiligi we rowaýatlar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle