|

Türkmen halk yrymlary -5: Adam bedeni bilen baglanyşykly yrymlar

Türkmen halk yrymlary -5: Adam bedeni bilen baglanyşykly yrymlar ADAM BEDENI BILEN BAGLANYŞYKLY YRYMLAR

Adamynyň bedeninden bölünip aýrylýan üç zady – saçy, dyrnagy, dişi adamlar basgylasa, onuň eýesi keselleýärmiş.

* * *
Burnuň içi gijese, toý habaryna gara¬şyber.

* * *
«Boýnuň gijese-de, toý bolýar» diýlip yrym edilýär.

* * *
Burnuň gapdaly gijese, daş ýerden habar gelýär.

* * *
Burnuň ujy gijese, myhmançylykda bo¬lar¬syň.

* * *
Gaşyň gijese, myhman gelýär, duşuşyk bolýar.

* * *
Gaşlary birleşip duran adam köp kynçylyk görýärmiş.

* * *
Garaňkyda aýna bakyp saç daramaklyk gowy görülmeýär.

* * *
Gije dyrnagyňy almaklyk gowulyga ýorulmaýar.

* * *
Gözüni gyrpagan adam gama batagan bolar¬myş.

* * *
Gyz tirsegini agyrtsa, ony bir ýigidiň ýatlaýanlygydyr.

* * *
Gulagyň gijese, ýagyş ýagjakdyr.

* * *
Gulagyň gyzsa, bir ýerde gybatyňy edýändirler.

* * *
Gulagyň şaňlasa, bir ýerde sen hakda gürrüň edýändirler. Haýsy gulagyň şaňlasa, şol ugurda gürrüňiň edilýär .

* * *
Diliňi dişleseň, kimdir biri saňa käýinýär, sen hakda gybat edýär.

* * *
Dodagyň gijese, öpüşjekligiň alamaty.

* * *
Başgüni ajöze wagtyňda asgyrsaň, sylag aljaklygyň ala-maty.

* * *
Anna güni asgyrsaň, duşuşyk bolýarmyş.

* * *
Dynç güni asgyrsaň, myhmançylyga gitjeksiň.

* * *
Ýeňsäň gijese, gaýgy-alada basar.

* * *
Ökjäň gijese, uzak ýola gitjeksiň.

* * *
Sogapgüni asgyrsaň, öwüljeksiň, saňa öwgi garaşýanlygynyň alamaty.

* * *
Sag gaşyň gijese, dostuňa duşarsyň.

* * *
Sag gulagyň şaňlasa, gowy habar geler.

* * *
Saç daralanda, saçyndan uçgun çykýan adam keýpihon adam bolýarmyş.

* * *
Ýaşgüni asgyrsaň, myhman geljekligi.

* * *
Tirsegiň gijese, gam-gussa batmagyň ahmal.

* * *
Tüýküreňde tüýküligiň öz üstüňe düşse, eşigiň täzelenjekliginiň alamaty.

* * *
Çep eliň aýasy gijese, çykdajy boljaklygynyň alamaty, pul sowjaksyň.

* * *
Çep gaşyň gijese, gowy görmeýän ada¬myňa sataşarsyň.

* * *
Çep gulagyň şaňlasa, ýaramaz habaryň bolmagy ahmal.

* * *
Eger sag gulagyň gyzsa, sen hakda hakykaty aýdyp gürrüňiňi edýärler.

* * *
Eger çep gulagyň gyzsa, sen hakda nähak gürrüňler aýdyp, gybatyňy edýärler.

* * *
Gyjykçyl adam gabanjaňdyr.

* * *
Eger-de ýigidiň ýa-da gyzyň alyn dişleriniň arasy açyk bolsa, ýat, uzak ýerden öýlenýär (durmuşa çykýar).

* * *
Agzy meňli – aşa ýakyn.
Barmagy meňli – bagtly.
Bilegi hally – ýalançy.
Bili hally – diňçi.
Burny meňli – batyr.
Gabagy hally – wepaly.
Garny hally – jepaly.
Gaşy hally – gabanjaň.
Goltugy hally – erjel.
Göwsi meňli – görgüli.
Gözüniň gapdaly hally – gaharjaň.
Ýokarky dodagy meňli – näzli.
Maňlaýy hally – yňdarma.
Kebzesi hally – ätiýaçly, hatyrjem,
Sag gaşynyň üsti hally – gedem.
Çekgesi hally – söýgüli.
Çep gözüniň aşak gabagy hally – bagtly.
Çep gaşynyň üsti hally – ukyply.
Eli meňli – işe ýakyn.
Egni hally – bus-busy.
Eňegi hally – ýalta.

* * *
Adamynyň özüniň görüp bilmeýän ýerinde meňi bar bolsa, bagtly bolarmyş.

Taýýarlan Gurbanjemal YLÝASOWA. Halk döredijiligi we rowaýatlar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle