Türkmen halk yrymlary -4: Edep-ekram bilen baglanyşykly yrymlar
Türkmen halk yrymlary -4: Edep-ekram bilen baglanyşykly yrymlar
Öňüňden garry adam gidip barýan bolsa, geçip gitmeli däl. «Men gyssanmaç, geçip gidäýeýin» diýip soramaly.
* * *
Ýaňy ýetişip gelýän gyz tikin — çatyn etse, ilki eden işini-tahýany we ş. m. suwa atmaly, ýetim-ýesire, garry, ýaşuly adamlara bermelimiş. Şonda şol maşgalanyň edýän işi rowaç bolarmyş. Hemme zada göz-gulak etdigi, iş etmäge janly, jansyz zatlardan rugsat aldygy bolarmyş.
* * *
Her neneň görip adam bolsa-da ota, bag-bakja, haýwan-ynsana – kast etmeli dälmiş.
* * *
Azap siňen zat ýaramaz-da bolsa, oňa aýawly çemeleşmek, hormatlamak ynsanyň bor¬judyr. Şeýle etmedik adam gowulyga garaşmaly däldir.
* * *
Näsagy soramaga baran wagtyň, näsagyň ýanynda bolan müddetiňi Allatagala ömrüňe hasaplamazmyş.
* * *
Näsag haýsy milletden bolsa-da, mille¬tine garamazdan, soramaklyk zerur hasapla¬nylýar. Soranyňda ýaranjanlyk ýa-da hantama¬çylyk ýokundylary bolmaly däldir.
* * *
Ynsan haýsy kesel bilen kesellese-de, sorap durmaly. Dişi agyrsa-da, soramaklyk gowy görülýär.
* * *
Hassany soramaga baranyňda bezenip-beslenip barmaklyk gowy görülmeýär. Köne, ýamaly eşikler hem geýip barmaly däl, adaty geýimler geýlip barylsa gowy görülýär.
* * *
Nahar başynda ýaramaz, ýakymsyz zatlar barada gürrüň etmeli dälmiş. Allatagalanyň hoşuna gelmezmiş.
* * *
Agzyňda çeýnäp oturan lukmaňy iýip gutarmazdan, ýene agzyňa salmaklyk gowy görülmeýär. Şeýtanyň alyna gitdigiňmiş.
* * *
Nahar iýmeklikde nobat ulularyňkydyr. Suw içmeklikde nobat kiçiniňkidir.
* * *
Tagam-hezzet üçin Biribara alkyş aýt¬maly, berenine şükür etmeli.
* * *
Irdenki naharyňy özüň iý, günortanky naharyň ýaryny dos¬tuňa ber, agşam naharyň baryny duşmanyňa ber.
* * *
Nahar-tagama başlamazdan öň elini ýuwmalydyr, ýogsam perişdeler halamazmyş.
* * *
Tagam getirilmezden ozal saçak başyna geçilýändir. Şeýle etmeseň Allatagalanyň hoşuna gelmersiň.
* * *
Tagamy kiçijik bölejiklere bölüp agzyňa salmalymyş, ýogsam perişdeleri gorku¬zarsyň.
* * *
Çagyrylmazdan öň saçak başyna geçmeli dälmiş, şeýtanyň şägirdi bolarsyň.
* * *
Saçagyň başynda sag eliň bilen iýip-içmelidir, ýogsam pe-riş¬deleriň gaharyny geti¬rer¬siň.
* * *
Saçak öý eýeleriniň başlamagy bilen açy¬l¬ýandyr. Şeýle edil¬mese öýüň bereketi gaçarmyş.
* * *
Suwy zarp bilen däl-de, bölüp-bölüp içmeli .
* * *
Myhmanlardan öň saçagyň başyndan turmaly dälmiş, şeý-tany begendirersiň.
* * *
Derläp durkaň ajöze, şonuň ýaly-da çor¬ba, turşy zatlar hem miwe iýeniňizden soň suw içmeli dälmiş. Suwuňa şeýtan buşu¬gar¬myş.
* * *
Üçünji bir adam barka iki bolup pyşyrdaşyp otursaň, periş-deleri gorku¬zar¬myşyň.
* * *
Bir ýere myhmançylyga barlanda özüňe aýratyn gowy ýer saýlap otursaň, şeýtanyň şägirdi bolarsyň.
* * *
Keseki iki adamynyň özara gürrüňine üşerilip, gulak salsaň, araňa şeýtan dü¬şer¬miş.
* * *
Gürrüňdeşiňi diňlemän, sözüni orta bi¬linden kesseň, periş-deleri gaçyrarsyň.
* * *
Kişiniň kemçiligini ýaňsa alyp, üstün¬den gülseň, özüň hem kemisli bolarsyň.
* * *
Köpbilmişsiräp, özüňi görkezjek bolup köp gepläp otursaň, perişdeler günäňi köp ýazarmyşlar.
* * *
Ýanyňdakylara ulumsylyk bilen garasaň, Allatagala hala-mazmyş.
* * *
Özüňi öwmeklerinden lezzet almaklyk Allatagalany syla-ma¬dygyň bolarmyş.
* * *
Köpçüligiň içinde gaty-gaty gürle¬mek¬ bilen perişdäni öz ýanyňdan gaçy¬rar¬syň.
* * *
Metjide gireniňde sag aýagyň bilen gir¬mek, çykanyňda çep aýagyň bilen çykmak Allatagala hormat-sylag etdigiňdir.
* * *
Metjide arassa eşikler bilen barmaly. Sarymsak, sogan ýaly ýiti ysly iýmitleri iýip metjide, köpçülik ýerlerine barsaň, din-diýanaty äsgermedigiň bolarmyş.
* * *
Metjitde bihuda, boş gürrüňler etseň Allatagalanyň gaha-ryny getirersiň.
* * *
Metjitde çasly gülmeklik, gaty-gaty gür¬rüň¬leşmeklik Alla-ta¬gala hormat goýma¬dy¬gyňdyr.
* * *
Nahar iýlip bolnandan soň töwir gal¬dyrmasaň, töwir yzyňa düşermiş we öýüň bereketi gaçarmyş.
* * *
Her gün irden öýden çykanyňda sag aýagyň bilen ätläp çyk¬maly, şonda işiň şowly bolarmyş. «Aýy-güni döreden, ýeri-gögi ýaradan eziz Taňrym, işlerim şowly bolsun!» diýip, ýagşy arzuw-niýetler bilen öýden çykmalymyş.
* * *
Derýanyň köprüsinden geçeniňde ýagşy dilegler etmeli. Derýalar Hydyr gören¬dir¬ler, şonuň üçin hem dilegleriň kabul bolar¬myş.
* * *
Bir adama ýeňsäňi öwrüp oturmaly däl. Araňa şeýtan dü-şermiş.
* * *
Oturan adamynyň öňünden geçmeli däl. Perişde gorkar-myş.
* * *
Ýatan adamynyň üstüne gerinmek, oturan adamynyň üs-tüne abanmak günädir.
* * *
Ýuwulandan soň eliňi silkseň, eliňe şeýtan buşugarmyş.
* * *
Pyçagy birine uzadanyňda sap tarapy bilen uzatmalymyş. Perişdeler gorkar¬myş.
* * *
Birine tagam uzadanyňda sag eliň bilen bermeli, alan adam hem şony sag eli bilen almaly. Umuman, ähli ýagşy zatlar sag el bilen edilmelimiş.
* * *
Dik duran ýeriňde dyrnagyňy almaly däl, ol dargap gitse, baky dünýäde dyrnak eýesini gözläp ýörermiş.
* * *
Dost öýünde dyrnagyňy almak, duşman öýünde saçyňy daramak, saç aldyrmak gowy görülmeýär. «Dost öýünde saç dara, saç aldyr» diýilýär. «Dost öýünde dyrnak alsaň tagama, nahara gaçaýmasyn» diýlip heder edilýär.
* * *
Suwa tüýkürmeklik külli günä, «döwletiň gaýdar» diýilýär.
* * *
Sag aýagyňa geýen köwşüňi çep aýagyň bilen çykarsaň, öýüňe döwlet gelermiş.
* * *
Barmagyňy näçe gezek şyrkyldatsaň, şeýtan şonça gezek ömrüňi kemeldermiş.
* * *
Dik duran ýeriňde nahar iýmeklik gowy görülmeýär. Şeýtan rysgalyňa şärik bo¬larmyş.
* * *
Nahary çommalyp iýmeklik külli günä, bereketiň ga¬çar-myş.
* * *
Aýak basylýan ýere, ýola kir suw we ak zatlary dökmeklik külli günä.
Taýýarlan: Gurbanjemal YLÝASOWA. Halk döredijiligi we rowaýatlar