|

Türkmen halk yrymlary -13: Otparazlyk dini bilen baglanyşykly yrymlar

Türkmen halk yrymlary -13: Otparazlyk dini bilen baglanyşykly yrymlar OTPARAZLYK DINI BILEN BAGLANYŞYKLY YRYMLAR

Ýaş çaga aglap goýar ýerde goýmasa, ot ýakyp, oduň közüniň üstüne duz sepip, pat edip patylansoň, çagany oduň üstün¬den eýläk-beýläk bökdürmeli.

* * *
Uly adamlar kesellänlerinde hem käbir ýerlerde otdan bökdürýärler ýa-da oduň daşyndan aýlaýarlar.

* * *
Oda tüýkürseň, diliňe ýara çykarmyş ýa-da köp basyrganarsyň.

* * *
Ösüp oturan agajy otlamak günä.

* * *
Eger-de şaman ody ýakyljak bolsa, onda ýedi öýden bir-birden çöp ýygnamaly.

* * *
Mal öldürilende damak gany dökülen ýerde (malyň damagy çalnan ýer) hökmany suratda ot ýakmaly. Çünki türkmen halky «Ot astynda bela galmaz» diýen nakyla uýýandyr. Şu maksat bilen hem ot ýakylýar.

* * *
Täze jaýa göçülip barlanda «Şu öýüň ojagynda mydam ot ýanyp dursun, öý bereketli bolsun, ody alawlap ýanyp dursun» diýlip, sadaka berilýär. Muňa «gazan sadaka» diýilýär.

* * *
Halk arasynda meret aýy agyr aý hasaplanylypdyr, şol aýda ys çykarylypdyr. Uly «Şaman oduny» ýakar ekenler. Şol oduň üstünden üç gezek eýläk-beýläk böküp, günälerini dökýän hasaplapdyrlar.

* * *
Adamynyň bedeniniň bir ýerinden mör-möjek çaksa, derrew şol ýere ot basylýar.

* * *
Täze gelin edinilende «Göz-dilden gorap saklasyn» diýlip, yrym edilip, ýüzärlik tütedilýär.

Taýýarlan: Gurbanjemal YLÝASOWA. Halk döredijiligi we rowaýatlar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle