Türkmen halk yrymlary -11: Haýwanlar, guşlar hakyndaky yrymlar
Türkmen halk yrymlary -11: Haýwanlar, guşlar hakyndaky yrymlar
Hiç wagt ýatan ýylana degmeli dälmiş. Gowulyga garaşmaly däl. Ýoldaşy hökman ar alar. Ýylan ýatan adama degmezmiş. Uklap ýatan adamynyň üstünde köke ýaly tegelenip ýatyberýärmiş.
* * *
Durnanyň ýolbaşçysyny atsaň, ýoldaşlary azaşyp ýörermiş. Atan adam uly günä gazanar.
* * *
Horaz bosaga gelip gygyrsa, myhman gelermiş.
* * *
Goýny ýedi ýyllap urman, sökmän, käýinmän bakan çopan Hydyr görermiş.
* * *
Gurt (möjek, böri) türkmenlerde gowy görülýär. «Gurt ýüzi mübärek» diýlen nakyl hem türkmen halkynda örän ýörgünli ulanylýar.
* * *
Iti urmaklyk külli günä hasaplanylýar.
* * *
Owuzy gyzgynka iýmeli dälmiş. Täze doglan gölejik ýalmawuz kimin iýermen bolarmyş.
* * *
Ýylanyň aýagyny gören ýa baý bolarmyş ýa-da garyp düşermiş.
* * *
Sygyrlar guzlanda, käbir ýerlerde «Zeňňi aşy» bişirilýär.
* * *
Bogaz sygyr ýalanarmyş.
* * *
Türkmenler ata münenlerinde, atyň çep tarapyndan baryp, çep aýaklaryny üzeňňä basyp, çep elleri bilen eýere ýapyşyp atlanar ekenler. Söweşjeň türkmeniň sag eli gerekli ýerinde boş bolar ýaly şeýle ediler ekeni.
* * *
At ýuwulanda, sypaň-sermeň edilende, onuň çep gapdalyny çep eliň bilen, sag gap¬dalyny bolsa sag eliň bilen ýuwmaly.
* * *
Atyň aýaklaryny galdyrmak isleseň hem, çep gapdalyny çep eliň bilen sag gapdalyny sag eliň bilen galdyrmaly.
* * *
At münüp barýan türkmen bilen öňünden gelýän atly türk-men gabatlaşsa, «Erbet niýet bilen öňüňden çykmadym» diýen manyda sag eginleri bilen gabatlaşmaly.
* * *
Garga gagyldasa, myhman geler ýa-da habar geler.
* * *
Halal mal eýesinden aýrylmazmyş.
* * *
Düýe: «Eýämiň ýykyljak ýeri meniň dabanymdanam ýum-şak bolsun!» diýenmiş.
* * *
Mal-gara, öý haýwanlary özleriniň ölü¬mi bilen hem eýesiniň başyna gelen belany sowarmyş.
* * *
Mal öldürilende, iç goşlaryny ýata suw¬da ýuwmak bolmaýar.
* * *
Mal haram ölse, «Başa gelenini sowsun!» diýmelimiş. Oňa onçakly gynanmaly dälmiş.
* * *
Sygyr saglanda iniň halal bolmaly. Şonda öýe rysgal-döw-let gelýärmiş.
* * *
Mallary suwa ýakmaga baranyňda, ýuwaşjadan sykylyklasaň, sykylyk sesi eşidilse, mallar suwy gowy içermiş.
* * *
Sygry, goýny, düýäni depmek günä. Adam uzagyndan ço-lak bolarmyş.
* * *
Ýylan her gün bir gelen ýerinde düýrlenip ýatsa, şol ýerde gyzyl bardygynyň alamaty.
* * *
Ýylanyň gowuny garyşlap görseň, eliň hiç haçan derlemezmiş.
* * *
Hažžyk (kelpese) güne seredip oturyp, günden özüne güýç alýar ekeni. Ol haýwan güne seredip oturansoň, adamlar arasynda oňa «Güne gargar» diýilýär ekeni. Emma ol haýwan güne gargaman, ondan güýç alýarmyş.
* * *
Münen atyň büdrese, gowy görülmeýär. Ýöne nähili hem bolsa kalbyňda ýagşy niýetler saklap, gowulyga ýormalymyş.
* * *
Baýguş gygyrsa, «Baýhatyn, baýhatyn, baýlygyňdan ber hatyn!» diýip, ondan dileg etmeli, ýogsa «şer getirýär» diýlip, yrym edilýär. Bu akylly guş «baýguş» diýseň, halamazmyş, «gan gus!» diýip gargarmyş .
* * *
«Gargalar tamyň üstüne üýşüp gagyldaşsalar, toý bolar» diýilýär.
* * *
Düýe bagyryberse, gowulygyň alamaty hasaplanylmaýar.
* * *
Düşdüş sallananda, ak düşdüş bolsa, garyndaşyň, gara düşdüş bolsa, dost-ýarlaryň myhmançylyga geljekdir.
* * *
It zaryn-zaryn uwlasa, türkmençilikde gowulyga ýorulmaýar, «betbagtlyk bolaýmasyn» diýlen ynanç bilen hudaýýoly paýlanylýar.
* * *
Möý öldüren adamynyň günäleri dökülermiş.
* * *
Öýe guş uçup girse, bagtlylykdan nyşan hasaplanylýar. Türkmen halky öz öýünde höwürtge ýasanan guşa bagtlylygyň alamaty hökmünde garapdyr.
* * *
Öýe ýylan girse, öldürmeli däl, eger öldürseň, her hili betbagtçylyk bolmagy ähtimalmyş.
* * *
Bardy-geldi ýylany öldürmeli bolsa, tizlik bilen ony gömmeseň, ýyldyz görende direlermiş.
* * *
Pişik nirä bakyp ýuwunsa, şol tarapdan myhman geler.
* * *
Sygyr guzlanda öz eşenini iýse, gowy görülmeýär. Şol öýden betgylykly çaga çykarmyş.
* * *
Sygyr, goýun guzlan wagty enesi bilen arasyndan geçseň, enesi emdirmäge almaýarmyş.
* * *
Sygryň owuz süýdi, owuzy ol öýe, bu öýe dadyrylanda, içine kömür bölegi atylsa, göz degmekden gorap saklaýar.
* * *
Towuk horaza öýkünip gygyrsa, şol towugyň damagyny çalmaly, ýogsam, öýe betbagtlyk getirermiş.
* * *
«Horazyň sesini edip gygyrýan mäkiýan (towuk), biwagt gygyrýan horaz şumlugy aňladýar» diýilýär.
* * *
Towşan awçyny görüp, çommalyp otury¬berse, atmaly däl, atsaň, betbagtlyk getirýär.
* * *
Eger birden ýylan, içýan, dürli mör-möjekler bosup başlasa, ýer titrejekliginiň alamaty.
* * *
Öýüň töweregine pyşdyl gelse, rysgal-döwlet getirermiş. Pyşdylyň çanagynyň üstüne gatyk guýup goýbermelimiş.
* * *
Hudaýatyny öldürmeklik külli günädir.
Taýýarlan: Gurbanjemal YLÝASOWA. Halk döredijiligi we rowaýatlar