| |

Türkmen halk aýdym-saz sungatynyň rowaýatlaryndan

Türkmen halk aýdym-saz sungatynyň rowaýatlaryndan TÜRKMEN HALK AÝDYM-SAZ SUNGATYNYŇ ROWAÝATLARYNDAN

Gadyrly okyjy!
Türkmen halkynyň durmuşy elmydama diýen ýaly agyly, hasratly bolup gelipdir.
Şeýle harasatly, gussaly ýagdaýlar biziň aýdym‐sazymyza hem täsirini ýetiripdir.
Siz bu eseri okanyňzda geçen ýakyn asyrlarda halkymyzyň çeken muşakgatly, şatlykly, gussaly, ajy hem süýji ýagdaýlary, han-begleriň zulum‐sütemleri we bagşylarymyzyň olra garşy göreşleriniň ýany bilen, mukamlaryň döreýiş sebäplerine, gözbaş alan ylhamlaryna göz ýetirip bilersiňiz. Şonuň bilen bir hatarda bu eseri okanyňyzda birgiden dürdäne sözleri bilen hem tanyş
bolarsyňyz.
Bu iş “Şabram şelpeler, Şirin nagmalar” atly Radio gepleşiginiň önümidir.

Arne Goli

◼DILBER

Dagyň göwsini ýaryp çykan  çeşmäniň durnaň gözi ýaly dury  suwy, üsti gür böwürslene basyrylan şildirewük owazly gadym ýapdan aşaklygyna gün şuglasyna aşyk bolup barha ýagtylyp, öwşün alyp akýardy.
Ol bulak şol ýap bilen joşup gelşine, Köşi obasynyň çetindäki  ýalpak güzere ýazylyp ýaýraýardy. Göwüni giňän adama meňzäp, asudalyk tapýardy.
Şol güzeriň başynda  şahalaryny çar tarapa oturan  ýalňyz bir söwüt agajy bar eken. Bu goja daragtyň ýaşyny bilýän‐goýýan  ýok eken. Obanyň segsen‐togsan ýaşan garrylaryndan sorasaňam, olar «meniň oglanjyk wagtymam şu söwüdiň şu durşydy» diýip jogap berer eken.
Hawa, garry söwüt başyny dik  asmana çekip, alys ýerlerdenem hellewläp
görünýärdi. Onuň çar tarapa egilen uzyndan-uzun şahalarynyň tylla ýaprakly pudaklary, has-da gözleri dokundyrýardy. Salkyndy.
Bu güzeriň başy uzun günläp, suw  almaga gelen gyz‐gelinlerden doly  bolýardy. Şonuň üçin bolsa gerek, bu mekana, bu jelegaýa gyzgüzer diýerdiler.
Äpet söwüdiň aşagyndaky şagalaňly gyzgüzere erkek adamlar gelmezek bolardy. Atly atyny, düýeli düýesini, suwa ýakardy. Gelin-gyzlara gabak galdyrmazdylar. Uly gyzlar, gaýtarmalar, ýaş gelinler…  olar munda gülüşerdi, degişerdi, derdineşerdi, iç döküşerdi. Gün  gyzyberse, kä biri köýnegi‐zady  bilen özüni suwa göýbärdi. Öw-hä atardy. Öz‐özleri hezil ederdi. Megerem olaryň iň erkinje pursatlary, şu gyzgüzeriň başyna  gelen çaglary bolsa gerek. Gyz‐gelinleriň bir bölegi, sallana‐sallana, egni suw  kädili öýüne  gaýtsa, ýene bir bölegi egnine  küýze gelşirip suw almaga gelerdi. Garry söwüdüň saýasyndaky gyzgüzer uzunly gün gyzyl-çog bolar durardy…Şu tomsuň şu gijesiniň howasy diýseň  sergindi. Daş işiklerindäki sekiniň üstünde  ýeke özi ýatan ýigidiň gözüne uky gelenokdy.
Gijäniňem indi ep‐eslisi  geçiberipdi. Ỳigit bir eýlesine  agdarylýardy, birem beýlesine  käte çyň arkan düşüp, asmandaky  petreşip duran ýyldyzlara dikanlardy. Oňa ynjalyk bermeýän,  ukusyny tutdyrmaýan dert-ahwalat  Annagül atly gyzyň yşkydy. Ýigit eňegini ýassyga berip küýe batdy: «il-gün meni diňleýär, toý‐tomaşa  bolsa, Hally ikimizi, tüweleme,  ýatlaşyp dur… menem goşgy okan  bolýan, Hallymam aýdym aýdyp  berýär. Garyp‐gasarlar häli‐şindi  maslahata‐da geläýýär.
“Magtymgulyny okap  ber” diýip  günde–günaşa ýaşulylaram çagyrýar. Garaz, abraý alan  ýagşy‐da,  oňardagymyzdan saklajak  bolýas. Ỳöne… At aljak bilen gelin aljaga Hudaý  ýetiýrmiş diýlendir. Özüňem  eşejigiňi berk guşamaly diýlendir» Ỳigit şeýdip, ham‐hyýala  gark bolup ýatyşyna arzylysy ANNAGÜLI öwran‐öwran göz öňüne getirdi. Köňli joşup galama ýapyşdy. Ol ýüz ugra‐da “DILBER” diýip bir goşgy ýazdy. «Şu goşgyny hökman ANNAGÜLÜŇ özüne okap bererin…»
Tomus gijesi sabyrsyz bolýar. Daň saz berenden, horazlar «Gökgöz  aga» diýşip obany ýaňlandyrdy. Ỳigit howlukmaç ýerinden turdy-da, gyzgözere tarap haýdady.
Gyzgüzeriň başy boşdy. «Ynha, haý diýmän gün asmana galar weli, gelin‐gyzlaryň başyn çekip, ANNAGÜLÜM geler. Ynha, Annagülüň  küýzesini susýan ýeri, aýajygyny  basýan ýeri.“
Dag tarapdan öwüsýän pessaýja  sergin şemal äpet söwüdiň çür  başyndaky
ýapraklaryň şybyrdasy. Annagülüň pyşyrdasyna ogşap, başyňy sämedýär. Iniňi sandyradýar.
Ỳigit öten agşamky “DILBERINI“ dilinde doga edip gaýtalaýar.
Anha parlap jahan ýagtyldy. Ỳigit  körpeje bagyň berenine duwlandy. Suwa ilki gelen Annagül boldy. Allanyň emridir, ýeke özi!!
Ol küýzeleriniň birini dolduryp, ikinjisini suwa batyrdy. Ỳigit  hem ýerinden ziňkildäp galdy :

ANNAGÜL!

— Hiý, wiý, Annagylyç…
Ỳigit bilen gyzyň arasynda bolan  bar gürrüň şu!! Olar bir‐biriniň meňzinden doýman Dilden galyp duruberdiler.
Annagylyja gurbat indi, şeýle diýip seslendi:

Serim saňa sadaka,
Sallangyn bäri dilber
Göwsüň külli‐bulgurynyň,
Gümänim nary dilber.

Didaryňa muştak men,
Derdime däri dilber
Täze ýylyň nowruzy,
Pasly‐bahary, dilber.

Täze açylan nowgül sen,
Men hyrydary dilber
Danyşsak hylwat ýerde,
Dilleriň ne ajaýyp.

Zenehdanga dökülgen,
Telleriň ne ajaýyp
Guçsam inçe biliňden,
Billeriň ne ajaýyp.

Ary kimin aýrylman,
Ballaryň ne ajaýyp
Seniň mazaňy bermez
Bagyň eňňury dilber.

Gyzyň gözünden al ýaňagyna bir  katra damdy.
Goşgynyň yzyny okamaga maý bolmady. Gyzgüzere ýetip gelýän iki geliniň jak‐jak gülküsi päsgel berdi. Annagylyç ýumlykdy elbetde.
Annagül bolsa bir küýzesini suwdan dolduryp, beýlekisini hem ýarty edip öýlerine ugrady. Gyzyň  gözünden ýol boýy ýaş paýrap durdy, paýrap durdy…
Sebäp Annagülüň kakasy gyzy üçin  Weýsek baýlardan eýýäm  galyň alypdy ahyry.
Soň Annagylyç Mätäjiniň “DILBER “ goşgysyny Hally bagşy aýdym edip aýdypdyr.
Hally bagşyň şägirdi Sahy Jepbarow bolsa,ol aýdymy  (DILBER) biziň günlermize  ýetiripdir.
DILBER aýdymyny şu günlerem bagşylar ürç edip aýdýarlar.

Gaýtadan düzen: Arne GOLI.
Taryh ylymlarynyň kandidaty.
Aýdym-saz sungaty

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle