|

Türkmen gahrymanlary – Olar undulmaly däldir!

Türkmen gahrymanlary – Olar undulmaly däldir!

TÜRKMEN GAHRYMANLARY — OLAR UNDULMALY DÄLDIR!

Bilim alan hünärim başga bolsa-da, bilmedim, ýa özümi bilelim bäri taryhy kitaplary, rowaýatlary gowy görenimden, edebiýatdan soň, ikinji gowy görýän ugrum taryh bolup durýar. Belki şonuň üçindir, soňky ýyllar öz taryhymyzda yz goýup, wepat bolan gahrymanlaryň terjimehallaryny, gysgaça hem çeperleşdirip ýazmaga bolan höwes beýnimi yzygiderli gorjap dur. Hasam soňky ýyllar rus maglumat giňişliginde peýda bolan "Ýüz taryhy şäher", "Ýüz rus gahrymany", "Ýüz beýik söweş", "Ýüz beýik rus ýazyjysy we şahyry", "Ýüz hazyna" atly taryhy oçerkleriň ýygyndylary bu höwesiň güýçlenmegine sebäp boldy. Ýöne taryha çuňlaşdygymça, halkymyzyň gahrymanlarynyň hemmesiniň terjimehalyny ýeke özüm ýazmag-a beýle-de dursun, hatda olaryň ählisiniň doly adyny anyklap çykmagyňam hötdesinden gelip bilmejekdigime göz ýetirdim. Şonuň üçinem, soňky günlerde özümde bar bolan çeşmelerden, özleri aýatda ýok bolsalar-da, atlary we eden işleri halkymyzyň hakydasyndan hemişelik orun alan, taryhy gahrymanlarymyzyň atlarynyň sanawyny düzüp, kitapçy.com saýtynyň agzalarynyň dykgatyna hödürlemegi makul bildim. Saýtyň döredijilige ýykgyn edýän agzalarynyň her biri şu sanawda ady goýlan ýa-da sanawda agzalman galan gahrymanlarymyzyň terjimehalyny gysga, sada hem gyzykly edip ýazyp, köpçülige hödürlese, merdana ata-babalarymyzyň hakydasynyň hatyralanmagyna ägirt uly goşant goşar diýip pikir edýärin.
Elbetde, kitapçy.com saýtynda-da, beýleki edebi saýtlarda we neşirlerde-de bu sanawda ady goýlan ýa-da goýulmadyk gahrymanlarymyzyň terjimehallary berilýär. Ýöne şolar her ýerde ygym-sagym, başly-barat oklanylman, bir ýere jemlenilse, halkymyzyň taryhy gahrymanlary barada maglumatlaryň has doly özleşdirilmegine ägirt uly täsirini ýetirerdi.
Umuman, gep çagaladyp oturman, aýtmakçy bolýan zadymyzy gysgaça aýdanymyzda:

TÜRKMEN GAHRYMANLARY – OLAR UNDULMALY DÄLDIR!

1. Duman Beýgi;
2. Mete han (Batyr han);
3. Gün han Mete han ogly;
4. Melike Tumar şa;
5. Syrak;
6. şa gyzy Zarina (Altynsaç);
7. Ärsak şa (Arşak şa – Parlaryň döwletini (Parfiýany) esaslandyryjy);
8. Süren serdar (Rimlilere garşy söweşen serkerde);
9. Bumyn han;
10. Hasdemir (Istemi) kagan;
11. Muhan han (Bumyn hanyň ogly);
12. Tobo (Taspar) han (Muhan hanyň ogly);
13. Gurşad beg (Kürşat beg);
14. Gutlug Ilteriş kagan;
15. Tonýukuk boýla baga tarhan (Daşaýak beg);
16. Gapagan kagan;
17. Bilge kagan;
18. Köl tegin;
19. Ýolly kagan (Bilge kaganyň ogly);
20. Müň Jür han (Moýun Çor, meşhur göktürkmen kagany);
21. Ozmuş han (Iň soňky göktürkmen kagany);
22. Naýzak tarhan (Nyzak tarhan);
23. Tulyn beg (868-905 ý. Tulynylar begligini esaslandyryjy);
24. Muhammet ibn Tugaç (935-969ý. Ihçidiler begligini esaslandyryjy);
25. Bilge Kül Kadyr han (Garahany türkmen döwletini esaslandyryjy);
26. Bazar Arslan han (Bilge Kül Kadyr hanyň ogly);
27. Satuk Bugra han Ileg (Garahany türkmen döwletiniň görnükli hökümdary);
28. Söbük tegin (Mahmyt Gaznalynyň kakasy);
29. Mahmyt Gaznaly;
30. Soltan Masut Gaznaly;
31. Dukak Seljuk;
32. Mikaýyl han (Togrul begiň we Çagry begiň kakasy);
33. Ysraýyl han (Arslan han – Seljugyň ogly);
34. Musa han (Seljuk begiň ogly);
35. Togrul beg;
36. Çagry beg;
37. Ybraýym Ýynal;
38. Gutulmyş (Togrul begiň doganoglany);
39. Gara Arslan Gurt beg (Kawurt – Çagry begiň uly ogly);
40. Alp Arslan;
41. Şady (Roman Diogeni ýesir alan türkmen esgeri);
42. Gurly beg (Alp-Arslanyň serkerdesi);
43. Atsyz ibn Uwak (Alp-Arslanyň esgeri hem serkerdesi);
44. Mälik şa;
45. Tutuş beg (Mälikşanyň dogany);
46. Rydwan beg (Tutuş begiň ogly);
47. Dukak mälik (Tutuş begiň ogly);
48. Berkýaryk soltan;
49. Soltan Muhammet Tapar;
50. Soltan Sanjar;
51. Üçok oguzlaryň begi, dadbeg Dudy (Toty) beg (Soltan Sanjara garşy göreşen);
52. Bozok oguzlaryň begi Abdylhamyt ogly Gorkut beg (Soltan Sanjara garşy göreşen);
53. Süleýman şa (Togrul begiň doganoglany Gutulmyşyň ogly);
54. Çakan beg (1081-1098 ý. Izmir begligini esaslandyryjy);
55. Tugtegin Seýful-Yslam Zahyreddin (Börüler atabegligini esaslandyryjy);
56. Suňňur beg ibn Maudud (Salyr atabegligini esaslandyryjy);
57. Şemsetdin Ildeňiz (Ildeňizler atabegligini esaslandyryjy);
58. Ymameddin Zeňňi (Zeňňiler atabegligini esaslandyryjy);
59. Zeýneddin Aly Kuçuk bin Begtegin (Begteginler atabegligini esaslandyryjy);
60. Dilmaç ogly Muhammet beg (Dilmaçogullary begligini esaslandyryjy);
61. Danyşment gazy (Danyşmentliler begligini esaslandyryjy);
62. Abylkasym Saltyk beg (Satyklar begligini esaslandyryjy);
63. Meňňijik gazy (Meňňijikler begligini esaslandyryjy);
64. Sökmen Al Kutby Türkmen (Ahlatşalar begligini esaslandyryjy);
65. Artyk beg (Artyklylar begligini esaslandyryjy);
66. Ýynal beg (Ýynalogullary begligini esaslandyryjy);
67. Ärbasan beg (Palestinadaky Türkmen begligini esaslandyryjy);
68. Barçem beg (Barçemoglullary begligini esaslandyryjy);
69. Anuş tegin;
70. Kutbeddin Muhammet (Köneürgenç türkmenleriniň – Anuşteginler döwletiniň esaslandyryjysy);
71. Atsyz şa;
72. Ilarslan şa;
73. Tekeş şa;
74. Horezmşa Muhammet;
75. Demir Mälik beg (Timur Mälik beg – Horezm şa Muhammediň serkerdesi);
76. Jelaleddin Meňkuberti;
77. Husameddin Çopan (Çopanogullary begligini esaslandyryjy);
78. Garaman beg (Garamanogullary begligini esaslandyryjy);
79. Ynanç beg (Ynançogullary begligini esaslandyryjy);
80. Sahypata Fahreddin Aly (Sahypata ogullary begligini esaslandyryjy);
81. Muineddin Süleýman beg Perwana (Perwana ogullary begligini esaslandyryjy);
82. Menteşe beg (Menteşe ogullary begligini esaslandyryjy);
83. Garasy beg (Garasy ogullary begligini esaslandyryjy);
84. Şemseddin Demir Ýaman Jandar (Jandarogullary begligini esaslandyryjy);
85. Ýakup beg (Germiýanogullary begligini esaslandyryjy);
86. Hamyt beg (Hamytogullary begligini esaslandyryjy);
87. Saryhan beg (Saryhanogullary begligini esaslandyryjy);
88. Mübärizetdin Gazy Muhammet (Aýdyňogullary begligini esaslandyryjy);
89. Eretna beg (Eretnaogullary begligini esaslandyryjy);
90. Garaja beg (Zülkadyrogullary begligini esaslandyryjy);
91. Remezan beg (Remezanogullary begligini esaslandyryjy);
92. Kazy Burhanetdin Ahmet (Kazy Burhanetdin Ahmet begligini esaslandyryjy);
93. Seýfeddin Halyl beg Eşref ogly (Eşrefogullary begligini esaslandyryjy);
94. Arslan ogly Bahaeddin Ýaruk beg (Ýarukogullary begligini esaslandyryjy);
95. Baýram beg (Emirogullary begligini esaslandyryjy);
96. Şady Eýýuby (Eýýuby türkmenler döwletini esaslandyryjy);
97. Salyheddin Eýýuby;
98. Mälik at Muiz Izzetdin Aýbeg at Türkmen (Bahry memluklarynyň döwletini esaslandyryjy);
99. Soltan Guduz;
100. Soltan Beýbars Türkmen;
101. Kutbeddin Aýbeg (Hindistandaky Aýbegiler döwletini esaslandyryjy);
102. Jelaleddin Firuz Halaç (Hindistandaky Halajylar döwletini esaslandyryjy);
103. Gyýaseddin Togalak (Hindistandaky Togalaklar döwletini esaslandyryjy);
104. Soltanguly Kutbulmülk (Hindistandaky Kutubşalar döwletini esaslandyryjy);
105. Alaeddin Keýkubat I (Rum Seljuk soltany);
106. Ärtogrul gazy;
107. Osman gazy;
108. Orhan beg;
109. Soltan Myrat Hudawendigär I;
110. Baýezit Ýyldyrym;
111. Aman han Döwletýar beg ogly (Teýmirleňiň garşysyna göreşen türkmen hany);
112. Baýram Hoja (Garagoýunly begligini esaslandyryjy);
113. Jahanşa Garagoýunly;
114. Gara Ýusup beg;
115. Pälwan beg (Akgoýunlylaryň serdary);
116. Tur Aly beg (Turaly beg – Akgoýunlylar begligini esaslandyryjy);
117. Gara Ýülük Osman (Akgoýunlylar hanedanlygyny kuwwatlandyran beg);
118. Uzyn Hasan beg;
119. Soltan Myrat II;
120. Muhammet II Fatih soltan;
121. Soltan Selim Ýowuz;
122. Soltan Süleýman Kanuny;
123. Ugurjyk alp (Göroglynyň prototipi);
124. Salyr Gazan han;
125. Muhammet Baýram han han-hanan;
126. Abdyrahym han han-hanan;
127. Ysmaýyl şa Hataýy ibn Jüneýit ibn Haýdar (Sefewi döwletini esaslandyran türkmen şahyry);
128. Aba serdar;
129. Allaýar han (XVI asyrda ýemrelileriň hany);
130. Arapmuhammet han;
131. Abylgazy Bahadyr han (Arapmuhammet hanyň çingiz urugyndan aýalyndan bolan);
132. Hajymuhammet han;
133. Nurmuhammet han (Şa Apbas döwründe maryly türkmenleriň hany);
134. Garry han (XVII asyrda oklularyň we gökleňleriň hany);
135. Döwletmämmet Düýegöz aga;
136. Keýmir kör;
137. Nedir şa;
138. Çowdur han;
139. Abdylla Döwletmämmet Azady ogly;
140. Hojanepes;
141. Seýitnazar Seýdi;
142. Gurbandurdy Zelili;
143. Myrat serdar (Hywa hany Muhammetrahym hana garşy göreşen);
144. Begenjaly beg;
145. Muhammedaly uşak;
146. Hanaly han;
147. Akmämmet serdar;
148. Garaoglan han;
149. Ak işan;
150. Abdysetdar kazy;
151. Oraz ýagly;
152. Hojamşükür han;
153. Çopan kir (Çopan serdar);
154. Däli batyr;
155. Gara batyr;
156. Amangeldi Gönübeg;
157. Öwezmyrat batyr;
158. Atamyrat han;
159. Nurberdi han;
160. Gowşut han;
161. Kyýat han;
162. Ýagşymuhammet han Kyýat han ogly;
163. Täç Gök serdar;
164. Amansähet serdar;
165. Kelhan Kepele;
166. Orazmämmet han;
167. Gurbanmyrat işan;
168. Mahmyt Işan (Garrygala söweşinde ýomut taýpasynyň serdary);
169. Güljemal han;
170. Dykma serdar;
171. Berdimyrat han Nurberdi han ogly;
172. Gulbatyr serdar;
173. Magtymguly han Nurberdi han ogly;
174. Ýusup han Nurberdi han ogly;
175. Babahan Meňlihanow (Birinji jahan urşunda Teke atly polkunyň gahrymany);
176. Daňatar Artykow (Birinji jahan urşunda Teke atly polkunyň gahrymany);
177. Hojamberdi Hojamämmedow (Birinji jahan urşunda Teke atly polkunyň gahrymany);
178. Jüneýit han;
179. Eşşi han (Jüneýit hanyň ogly);
180. Eziz han Çapyk ogly;
181. Orazberdi serdar Dykma serdar ogly;
182. Baba han Gowşut han ogly;
183. Nazar han -Ýomudskiý Kyýat han ogly;
184. Seýitmyrat Öwezbaýew – repressirlenen;
185. Kakajan Berdiýew;
186. Bekgi Berdiýew;
187. Gaýgysyz Atabaý – repressirlenen;
188. Nedirbaý Aýtyogly – repressirlenen;
189. Ýakup Nasyrly;
190. Öwezberdi Kulyýew;
191. Atçapar Tahyrow;
192. Teke Hojaýew;
193. Aga Hanjaýew;
194. Gowşut Öwezow;
195. Gurbanmämmet Babaýew;
196. Şammy kel (basmaçy diýlip ykrar edilen);
197. Goçmämmet han (basmaçy diýlip ykrar edilen);
198. Ýagşygeldi beg (basmaçy diýlip ykrar edilen);
199. Şamyrat Bagşy (basmaçy diýlip ykrar edilen);
200. Nyýaz Bagşy (basmaçy diýlip ykrar edilen);
201. Gulamaly han (basmaçy diýlip ykrar edilen);
202. Bäşim Seýitnazarow (Bäşim serdar – Sakar obasyndan, Rewolýusiýa döwri);
203. Amansähet Seýitnazarow (Bäşim serdaryň dogany) — repressirlenen;
204. Böri Baýmyradow- repressirlenen;
205. Abdylhekim Gulmuhammedow- repressirlenen;
206. N.Sähetmyradow – repressirlenen;
207. Hasan Alyýew;
208. Abbas Alyýew;
209. Hojaguly han (Hojaguly Nyýazgulyýew);
210. Garyp Nazarow;
211. Baýram Lagar (basmaçy diýlip ykrar edilen);
212. Mollaoraz Hojamämmedow;
213. Mukym Kerimow;
214. Gylyç Mergen (basmaçy diýlip ykrar edilen);
215. Döwlet serdar (basmaçy diýlip ykrar edilen);
216. Mämmedaly han (basmaçy diýlip ykrar edilen);
217. Şaltaý batyr (basmaçy diýlip ykrar edilen);
218. Abdyrahman Babanyýaz (basmaçy diýlip ykrar edilen);
219. Sadylla Orazmet (basmaçy diýlip ykrar edilen);
220. Berdi Kerbabaýew — repressirlenen;
221. Hydyr Derýaýew — repressirlenen;
222. Garaja Burunow — repressirlenen;
223. Muhammetguly Atahanow — repressirlenen;
224. Welnepes ahun — repressirlenen;
225. K.Böriýew — repressirlenen;
226. O.Wepaýew — repressirlenen;
227. B.Nazarow — repressirlenen;
228. Rejep ahun – repressirlenen, Aşgabatly;
229. Muhammetmyrat ahun – repressirlenen, Aşgabatly;
230. Mämmetşerip ahun – repressirlenen, Aşgabatly;
231. Gurbandurdy ahun – repressirlenen, Bäherdenli;
232. Azal ahun – repressirlenen, Bäherdenli;
233. Durdymämmet ahun – repressirlenen, Bäherdenli;
234. Seýit ahun – repressirlenen, Mäneli;
235. Tahyr ahun – repressirlenen, Kakaly;
236. Sapar ahun – repressirlenen, Kakaly;
237. Berkeli ahun – repressirlenen, Sarahsly;
238. A.Muhammedow (1937-nji ýylda TK(b)P-niň MK-nyň Birinji sekretary) — repressirlenen;
239. T.Annamyradow (1937-nji ýylda TSSR-iň baş prokurory) — repressirlenen;
240. Atamyrat Nyýazow, Türkmenistanyň Gahrymany, Beýik Watançylyk Urşunda wepat bolan;
241. Şaly Kekilow – repressirlenen, Beýik Watançylyk Urşunda wepat bolan;
242. Kemal Işanow – repressirlenen;
243. Ata Niýazow – repressirlenen;
244. Nurmyrat Saryhanow – Beýik Watançylyk Urşunda wepat bolan;
245. kapitan Ata Durdyýew (Beýik Watançylyk Urşunyň meşhur esgeri);
246. Sary Karanow (meşhur göz lukmany we weteran);
247. Ýakup Kulyýew, general-maýor;
248. Goşly Atajanow (Beýik Watançylyk Urşunyň meşhur esgeri);
249. Gurban Durdy (Sowet Soýuzynyň Gahrymany);
250. Aýdogdy Tahyrow (Sowet Soýuzynyň Gahrymany);
251. Muhammet Ataýew (Sowet Soýuzynyň Gahrymany);
252. Annagylyç Ataýew (Sowet Soýuzynyň Gahrymany);
253. Jumanyýaz Hudaýbergenow (Sowet Soýuzynyň Gahrymany);
254. Mülki Baýramow (Sowet Soýuzynyň Gahrymany);
255. Gylyçnyýaz Azalow (Sowet Soýuzynyň Gahrymany);
256. Täçmämmet Nyýazmämmedow (Sowet Soýuzynyň Gahrymany);
257. Oraz Annaýew (Sowet Soýuzynyň Gahrymany);
258. Saparmät Hojaýew (Sowet Soýuzynyň Gahrymany);
259. Muhammet Gylyjow (Sowet Soýuzynyň Gahrymany);
260. Tagan Baýramdurdyýew (Sowet Soýuzynyň Gahrymany);
261. Rejep Durdyýew (Sowet Soýuzynyň Gahrymany);
262. maýor Orazberdi Hekimow (Sowet Soýuzynyň Gahrymany);
263. Allaberdi Agalyýew (Sowet Soýuzynyň Gahrymany);
264. Pena Rejebow (Sowet Soýuzynyň Gahrymany);
265. Myrat Gurbanow (Şöhrat ordeniniň üç derejesi bilen sylaglanan);
266. Ylýas Öwezgeldiýew (Şöhrat ordeniniň üç derejesi bilen sylaglanan);
267. Anna Garaýew (Şöhrat ordeniniň üç derejesi bilen sylaglanan);
268. Çary Nazarow (Şöhrat ordeniniň üç derejesi bilen sylaglanan);
269. Ahmet Annadurdyýew (Şöhrat ordeniniň üç derejesi bilen sylaglanan);
270. Gurban Annaýew (Köp sylaglara eýe bolan uçarman);
271. Geldi Gurbanmyradow (Köp döwlet sylaglaryna eýe bolan partizan);
272. Aga Berdiýew (meşhur türkmen aňtawçysy (razwedkaçysy));
273. Orazmuhammet Gurbannyýazow (meşhur partizan, Italiýada söweşen);
274. Jumadurdy Sabyrow (meşhur partizan, Italiýada söweşen);
275. Geldi Güýçgeldiýew (meşhur partizan, Fransiýada söweşen);
276. Aýytguly Geldiýew (Goşun bölüminiň komissary);
277. Annabaý Annabaýew (Beýik Watançylyk Urşunyň meşhur esgeri);
278. Aşyr Jaýjyýew (eli granatly tankyň aşagyna özüni oklap, tanky ýarypdyr);
279. Berdimuhammet Annaýew (Beýik Watançylyk Urşunyň meşhur esgeri);
280. Kerim Dosow (Beýik Watançylyk Urşunyň meşhur esgeri);
281. Kerim Myradow (Harby serkerde);
282. Bagşy Ataýew (Harby serkerde);
283. Nury Esenow (Beýik Watançylyk Urşunyň meşhur esgeri);
284. Molla Nyýazow (Beýik Watançylyk Urşunyň meşhur esgeri);
285. Begenç Jumaýew (Beýik Watançylyk Urşunyň meşhur esgeri);
286. Setdar Ganyýew (Beýik Watançylyk Urşunyň meşhur esgeri);
287. Allamyrat Amanjaýew (Beýik Watançylyk Urşunyň meşhur esgeri);
288. Öwez Nurmyradow (Beýik Watançylyk Urşunyň meşhur esgeri);
289. kapitan Saçly Dursunowa (Beýik Watançylyk Urşunda lukman zenan);
290. M.A.Bagşyýewa (Beýik Watançylyk Urşunda lukman zenan);
291. A.T.Orazowa (Beýik Watançylyk Urşunda lukman zenan);
292. P.O.Ödäýewa-Grekowa (Beýik Watançylyk Urşunda lukman zenan);
293. A.Magtymowa (Beýik Watançylyk Urşunda lukman zenan);
294. K.Kulyýewa (Beýik Watançylyk Urşunda lukman zenan);
295. R.Gurbanowa (Beýik Watançylyk Urşunda lukman zenan);
296. Ýusup Gul (Baýramaly raýonynyň ýaşaýjysy, öz toplan puluna tank ýasadypdyr);
297. Lallyk Han (Duşagyň ýaşaýjysy, öz toplan puluna tank ýasadypdyr);
298. Sadap Nyýazowa (Aşgabat etrabynyň ýaşaýjysy, öz toplan puluna top ýasadypdyr);
299. Tagan Özbek (Türkmengala etrabynyň “Güýç” kolhozynyň kolhozçysy bolan bu ýaşulynyň 11 ogly Beýik Watançylyk Urşunda söweşipdir);
300. Şaja Batyrow;
301. Mäti Kösäýew (1940-njy ýyllarda milletçi diýlip tussag edilen);
302. Baýmuhammet Garryýew (1940-njy ýyllarda milletçi diýlip tussag edilen);
303. Annasoltan Kekilowa (Durgunlyk ýyllarynda dälihana mejbury ýerleşdirilen);
304. P.Orazow (Durgunlyk ýyllarynda tussag edilen)….

Yzyny dowam eden alkyş alar diýip pikir edýärin…

Taryhy şahslar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle