Türkmen Derwezesi / liriki poema
Türkmen Derwezesi / liriki poema
Gadym hindi topragynda,
Meşhur Deliñ ýüreginde.
Dur Türkmeniñ Derwezesi,
Mähir-söýgüsi her günde.
Akýar ondan hindileriñ,
Ony Baýram han gurupdyr.
Baky dostluk ündewlerin
Her gatyna siñdiripdir.
Iki milletiñ bir ogly,
Paýhas-nurdan çyragly.
Beýikler özün goratmaz,
Beýikler Hakdan goragly.
Ol Derweze ýatladyp dur,
Türkmenleriñ ýüregini.
Ýagşylygyñ beýikligni,
Sahawatyñ keremini.
Görüñ, bu gün gujak açýar,
Mährem jana-janlar üçin.
Dünýäñ Dostluk derwezesi
Beýik toýlar, şanlar üçin.
Üýşer mydam dünýäñ ili,
Bir-birine Gün bile Aý.
Gözeldir dostlugyñ ýoly,
«Hindi-türkmen bhaý-bhaý!»
Gadymyýetiñ akabasy,
Köñüllerde joş urýandyr.
Merdanalar giñ dünýäni
Diñe toýda duşurýandyr.
Ýaşa, Serdar Türkmenbaşy!
Açdyñ bize Hindistany.
Bark urýar göwünleriñ hoşy —
Dostlugyñ gül-gülüstany.
Al Birunyñ söýüp ýaşan
Gadym danalañ mekany.
Magtymgulyñ kerwen aşan
Tylla däneler dükany.
Eziz bize hindi halky,
Mähriban hindi topragy.
Aziýa bir daragt bolsa,
Türkmen-hindi bir ýapragy.
Jawaharlal Neru aýdan:
«Bütewi, Birdir Aziýa».
Gadymyýetden uzap gaýdan
Taryhyny bile ýazýa.
Sungat atly hazynada
Göwherleri lowurdaýar.
Bu gün Türkmen derwezäniñ
Göwherleri lowurdaýar.
Hem hindini, hem türkmeni
Beýgelden Baýram han Türkmen.
Bu Derweze erkden dörän,
Şoñ üçin binýady berkden.
Hem hindiniñ Derwezesi,
Hem türkmeniñ Derwezesi.
Hakalladan ýalkanyşy,
Krişnadan ýalkanyşy.
Bu Derweze beýik güýji,
Şan-şöhratly mogollaryñ.
Bu Derweze beýik täji
Hindi, türkmen ogullaryñ.
Humaýunyñ belent ruhy;
Ekberiñ çuñ söýgüsi ol.
Türkmeniñ mert paýhasyna
Beýik hormat duýgusy ol.
Humaýynyñ hak dogany,
Atalygy Ekber şanyñ.
Parlak ýyldyz dek doglany
Hanlar hany Baýram hanyñ.
Şa köşgünden dünýä ýaýran
Owazy şahyr Baýramyñ.
Berk köki ol türkmenleriñ,
Dünýä uzaltjak ýaýrawyn.
Ýaş Ekberiñ eşidendir
Hanana dikip gözüni.
«Han baba», «Ýary-wepadar»,
«Hoşgylyk dogan» sözüni.
Selime Soltan begimiñ
Ylham bilen bakany ol.
Iki beýik sütünine
Goşa söýgi dikeni ol.
Abdyrahym han-hananyñ
Ata-baba dowamy ol.
Bu dünýäde urup duran
Ýüreginiñ owazy ol.
Nesilleriñ görer gözi,
Waspyn etjek tarypy ol.
Ol türkmeniñ hem hindiniñ
Hem dünýäniñ taryhy ol.
Bu Derweze açylyp dur
Ebedilik eşret sary.
Bu Zemine saçylyp dur,
Nurlanar ynsanyñ bary.
Päklener hem myrat tapar,
Derwezeden geçip giden.
Kämillige golun ýapar
Hem dünýäni açyp gider.
Bu Derweze geçmişini
Köñülleriñ derñemesi.
Senden nusga alar gerçek,
Eý, Türkmeniñ Derwezesi!
Geljegine ruh alýan
Hakydanyñ ýatlamasy.
Türkmen Altyn asyrynda
Täze dünýä ätlemesi.
Geçmişinde geljegine
Beýik sylag-sarpa bilen.
Türkmenbaşy — Beýik Serdar —
Belent dagym — arka bilen.
Türkmen bu gün toýa barýar,
Şahyr, serkerdäñ toýuna.
Gözlerim bir gudrat görýär,
Arzuw ol ömür boýuma:
Derwezäniñ sag-çepinde
Dursun iki beýik heýkel.
Paýhas, merdanalyk sapynda,
Beýgel, türkmen, ýene beýgel!
Sagynda Türkmenbaşymyz,
Solunda Baýram hanymyz.
Dünýä bagt buşlap dursun,
Nur saçsyn şöhrat-şanymyz!
Atadurdy GURBANOW.
# edebiyatwesungat_2000 Poemalar