|

Türkmen aýdymy

Türkmen aýdymy TÜRKMEN AÝDYMY

Mende gylyç jarkyldysy ýaşaýar,
At aýagnyñ dükürdisi bar mende.
Düýşlerim çañjarýar bedew tozundan,
Ýaşap ýör mende:
Düzleriñ akyşy toýnak astyndan,
Söweşleriñ gaýnaýşy,
At demini bug edip.
Ok bolup atylşy atlañ,
Tozany-däri tüssesi.
Ýöriş sazy-gamçy şarpyldylary.
Ýagyrnysy alawlaýan çägelik.

Ýaşap ýörün:
Inderýärkäm müñ oýun,
Kompýuteriñ başyndan.
Gara çäkmen, silkme telpekli dünýäm,
Saýasyny salyp gidýär daşymdan.
Çagyrýar ol meni,
Kowup ýetmäge,
Çalyp tutmaga.
Awlamaga awlaglaryñ awuny,
Boz sährada arkan düşüp ýatmaga.

Maşyn signallary oýarýar,
Mende
Doñup galan peýkam şuwwuldysyny,
Ruhumda syzlaýar gylyç ýarasy,
Syzýaryn juwwuldysyny.
Ýaşap ýörün…
Gymmatbaha kafede,
Gymmatbaha gyz bilen,
Çakyşdyrýan gymmatbaha bulgury.

Hemem, hemem…
Bir ýerlerde gykuwlap,
Az daýradyp söküp barýan gumlugy.

Hudaýberdi SÖHBETOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle