Türkmen!
Türkmen!
(Ahmet Bekmyradyñ ruhy ýañy)
Türkmen!
Geçmişiñe sarpa goýýarlar,
Geçmişiñ gadymy diñler deý beýik!
Howalanyp duran daglar deý beýk!
Diñläni agladýan heñler deý beýik!
Türkmen!
Pederleriñ abraý tuguny
Göteripdir jahanyñ çar ýanynda.
Ýüregine dowul düşüripdirler
Hatda Isgenderdir Çingiz hanyñ-da.
Türkmen!
Eden beýik açyşlaryñyñ,
Milletiñ sanyndan agdykdyr sany.
Kitap kökün okap, şu pikre geldim:
Açan sen bolmaly Amerikany!
Türkmen!
Pes açyş däl Amerikadan
Aýlaw baglan ahal-teke bedewiñ.
Halyñ, ak bugdaýyñ, hatda itiñe
Berip bilen täsin keşbiñ, edebiñ.
Türkmen!
Nepis ýasan şaý-sepleriñi
Dakynyp ýör kän milletiñ zenany.
Aýt ahyryn, beýik açyk dälmidir
Tikeçläp, birgeñsi bezeýşiñ nany!
Türkmen!
Eşidýänsiñ al şerabyñy
Öz gabyna guýup, biziñki diýip,
Abraý alýan çemeçilleñ bardygyn,
Şerabyñyñ özi açyşdyr beýik!
Türkmen!
Hasap ylmyn, küşdi döreden,
Beýik Pyragyny getiren dünýä..
Esräp galkynmaýşyñ nämeden bu gün,
Bu gün «gaflat ukusyndamy» sen ýa?!
Türkmen!
Aýñal, eýelik et ýurduña,
Silkin,
zyñ egniñden zulmady, türkmen!
Halas et geljekki nesiller üçin,
Topragy, milleti hem ady, türkmen!
20-nji sentýabr, 1989-njy ýyl.
Hemra ŞIROW. Goşgular