| |

Tümlükden dogan Gün / poema

Tümlükden dogan Gün / poema

TÜMLÜKDEN DOGAN GÜN

Asmanyň ýüzüni bulutlar örtüp.
Damjalap başlapdy ýerleri sürtüp.

Ýaz ýagşydy “goýar derrew” diýdimde.
Mündim maşynyma ýollar ümsümle.

-Aýdym açyp ýadawlygym ýeňeýin,
Ilki mekdep soňra öýe eňeýin.

-diýip ýegenjigmiň okuwna tarap,
Ugradym assadan töwerek garap.

Gidip barşym golaýlamda mekdebe,
Jaň geldi telfony aldym elime.

Ünsim gitdi ejemjanym jaň edip,
Ýaz ýagyşy ysy bilen şaň edip.

Şol pursatda teker gaçyp çukura ,
Suw syçratdy töwerege ,”şapyrra”.

Bir seretsem ýaňlandyryp dünýäni,
Bir gyz :
-seret, eden işiň görýäňmi?

Derrew düşüp bardym onuň ýanyna,
Ötünç soramakdy düşen “paýyma”

-bagyşlaň bilmezlik badak atdy-da,
Görmändim tekerim laýa batdy-da.

Şeý diýdimem welin münip gazaba,
Sesi ýetdi töwerege-uzaga.

-näme gözüň körmi ,ýoluňa seret.
Nirde bolsaň ünsüň özüňe gerek.

Kelläň başga başga ýerdedir belki,
Üst-başym nädäýdiň,boldum-a gülki.

Suwjaryp guwanma maşynly diýip,
Maşynsyz bolsagam göwnümiz beýik.

Bilemok näme üçin gahary birden.
Eşdilmejek sözler çykardy serden.

Menem ondan beter özüm ýitirip,
Gyzdygyn unudyp sözüm ýetirip

-Hamana bu älem seniňki ýaly,
Gyz göwnüň bolgusyz ynamdan doly.

Näme orta ýolda goh edip dursyň,
Bizi sataşdyran şu ýoda gursyn.

Bilgeşlän syçradyp gaçmana menem,
Namartlyk edinmen eger ölsemem.

“Bagyşla “ diýibä ýeňip bilmedim,
Jogabym gaýtarman oňup bilmediň.

Hökmanmy şujagaz bolan wakany,
Ulaldyp ýapyşdyň, goýber ýakamy

Bolmaýamy “borla” diýip geçäýseň
Gyz edebiň sözüň bilen açaýsaň

-Maňa akyl satar ýaly kim bolupsyň sen,
Bilerdiň edebim çynymy etsem.

Görersiň, nämäniň nämedigini,
Näme, dünýe seniň öz eliňdemi.

Näz edip görünmek aladam däldir.
Işiň bilen bol sen, bu niçik päldir.

-Utanjyma gaýtdym ýüzüm asylgy.
Oň sözleri jan tenime basyldy.

Hakykatdan özüm ýigrendim birden.
Gyz bilen deň bolup ,bolmadym merdem.

Ýöne bir zat ünsim çekdi şol pursat.
Ol gyz hakda bir zat sözledi gursak:

-daşyndan seretseň Aý ýaly ýürek,
Şeýdip gaharlanmak näsine gerek.

Ýa başga zatlara gahary gelip.
Dymmak kyn boldumy başyny egip-

Ýegenjigim ezilipdir garaşyp.
Bagjyklary bir birine çolaşyp.

Gitdik bile öýe garşy saz bilen,
Ol hiňlenýä çirkinje owaz bilen.

Arasynda bir zatlary samraýa,
Iýermenje ,gitdigiçe semreýä.

-bilýäňmi okuwda nämeler boldy,
Mugallym aglady ,damagy doldy.

Nähoş habar geldi belki yzyndan
Bolmady hiç bilen başga özünden.

Ýöne gowy habar däldigä belli.
Birde ýigrimbäş ýaş bolaýdy elli.

-Bolýa ýegenjigim giň tut ýüregiň.
Alada däl okamakdyr geregiň.

Ejem gowy nahar edip goýupdyr.
Mämmet daýyň akja goýun soýupdyr.

Geldik şeýdip hüňürdeşip ýol bilen.
Mekan atly ýegen, garagol bilen.

Soňky günler gara bulutlar üýşip.
Üstüme abanýa gussalar çişip.

Ugryna gidenok başlaýan işim,
“Ýa sabyr Allajan” gysyp ýörin dişim.

Heniz jan agamyň aýrylan güni .
Elli bäş gün boldy , ärleriň güli.

Sarsdyrdy durmuşym bökdençlik ýaňy.
Tümlük gurşap aldy her säher daňy.

Ynha düýnem bäş mint gijä galyşym.
Müň käýinç işimde, ýokdur nalyşym.

Hemme şumlyk düşledile başymda,
Heniz men men diýen juwan ýaşymda.

-Giç boldy ýataýyn
-diýip ýerime,
Geçdim köne kitap alyp elime.

Her gün endik boldy okap bir salym.
Kerim aga ýaly aň bolsun galyň.

Ýene hälki pursat düşip ýadyma,
Meni atdy namartlygyň oduna.

Öz özüme gahar edip giç ýary,
Ýadymda diýenje sözlermiň bary.

Bolmajakmy dymyp gaýtsam şol ýerde,
Häzir beýdip galyp ýörmezdim derde.

-Gaýdyberde diliň kesilen ýaly,
Dünýe seniň ýaly erkekden doly.

Mert bolup dymmagy başaran bolsaň.
Buwagt puşman baryn etmezdiň bilseň!

-Şu käýinji gaýta gaýta özüme
Diýmekden gelmedi uky gözüme.

Ahyr soň bir wagtlar galypdyryn uklap.
Düýşümde şol gyzyň yzyndan jyklap.

Ir bilen oýardy gün düşip haýat,
Ýakymsyz ses bilen köneje sagat.

Kyn boldy oýanyp dürsemek özüm,
Gerdenme atypdyr durmuşam közün.

Şeýdip çaý çörekden ganyp mazaly,
Ugrum boldy agamjanyň mazary.

Zyýarata gitdim okap aýadym.
Wah, ol barka heniz, belki çagadym.

Işe bardym ir wagtyndan öňüräk,
Başlygam gelipdi bile deňiräk.

Çagyrdy öz otagyna buýurup,
Kellesini gahar bilen doýuryp

Işden boşadypdyr basyp peçady,
Ýerime tapypdyr eýýäm üç ady.

Nämeler bolýanyn düşinmedim hiç,
Ýöne gol çekildi söz aýdardan giç.

Gapan gurup ýaman niýet päl bilen.
Boşatdylar işden dürli al bilen.

-Bu habary nädip aýtmaly Allam,
Ejemjana, agyr deger men bilýän.

Perzent hasratyndan ýanýan ol ýürek,
Bu-da artyk bolar ,bir çäre gerek.

Ýöne gizlemegem bolmazmy aýyp,
Bir birden hemme zat gidäýdi gaýyp.

Öýe bardym ýüzüm nury asylgy.
Ejemjanyň ýürejigne basyldy.

Duýdy eýýam ene ýürek seredip,
Bakyşlary ýürejigim eredip.

Soramady bu halymyň sebäbin,
Bilip diýdi ýoklygyny günämiň:

-giň bol balam ,geçer hemme gaýgylar,
Bu synagdyr,başymyzdan aýrylar.

Kalbyň päk tut , ynan diňe Hudaýa.
Dert berse-de,gaýrat berer çydara-

Ejemjanyň bu sözleri hamana,
Alyp gitdi meni başga zamana.

Hyjuwlanyp ýene täze geljege ,
Görelde bolmaly meni görjege.

Gün geçip dur başa düşüp alada.
Gowja işler gelmezmi hiç gabada.

Belki menem Hudaý ýalkap işlerim,
Ýola goýup ,pakgardaryn döşlerim.

Şeýdip çykdym täze işiň küýüne.
“Rysgal bolup ýagsam” diýip öýüme.

Tanyş -biliş soraşdyrdym ýakyn-ýat.
Halal çörek gazanjydyr hakykat.

Esasy zat maňlaý deriň akdyrmak
“tüweleme”adyn halal dakdyrmak.

Kynçylyklar synagydyr pelegiň.
Mert bolaňda ,sypar ýumşak ýelegin.

Şeýdip uzynly gün aýlanyp ýeke.
Ýadap dynç almaga saýlandym çete.

Pikir edýän “bolan zatlaň ählisi,
Ýazgytmydyr ýa günämiň şöhlesi

Nirde ýalňyşym bar bilemok aňyp,
Niýetlem ýaman däl ,göýä bir pamyk.

Ýöne bär şumluklar yzly-yzyna,
Ýadawlyk basdyrdy bu ýaş dyzyma.

Ilki kakamjany hassalyk bogdy,
Işden boşamagyň mejbury boldy.

Soň agamjan dünýesini täzeläp,
Ýaş akdyrdy gözlermizden käseläp.

Soňky urgy ýaman niýet pälliden.
Işden çykdym” Allam guluň dälmi men!
Ähli zatlaň näletsiňmiş hasraty,
Ejemjany gynandyryp başlady.

Çykarman gezse-de daşyna ony.
Tanaýan käbämi ,birzat boldugy.

Ýene düşdim ýola gözlegimde iş.
Böwetlere diýip:”süýş,süýş,süýş”

Köne bir tanşymyň edarasyna.
Bardym,teşne göwnüm gubarasyna.

Owadanja stol saklap otyran,
Meni görüp has-da özün ýitiren.

Bilemok niçün beýle bolşundan beter,
Gomparşy bir dünýäň kowmuna ýeter.

Garşy aldy ýalan hödür-şan bilen.
Ezildim barşymdan jiger-jan bilen.

Aýtmadym sebäbin didarlaşmagmyň.
Içimden bir eýýam “bizarlaşmagmyň”

Bir käse çaýyny içdim-de turdum.
Namarda mätäçlik ajysyn duýdum.

Bu günlik azabym netijä paşman.
Eýýäm ýyldyzlaram görkezdi asman,

Ynha gelsem öýde ýegenmiň sesi:
“ertir barýa ene-atalaň hemmesi

Sizem baryň “ diýip gygyryp batdan.
Gyzarypdyr göýä çykan dek otdan.

Meni görüp:”daýy ertir ir bilen,
Sen barsana “diýdi garagol ýegen.

Sözün ýykyp bolmaz bujagaz çagaň.
“bolýa okuw bilen daş dälä aram”

Ynha irden gitdik bellenen wagta
Üýtgeşiklik boldy meň üçin gaýta.

Jemlenşipdir hossarlaryň hemmesi,
Mugallymlar bäş däl, on däl, ellisi.

Öwüt nesihatdan gürrüň paýlanýar.
Zehinli çagalar öňe saýlanýar.

Şol wagt meniň ýegenjigmem ýatlanyp,
Çagyryldy, gitdi olam batlanyp.

“Tertipli hem ökde” diýip, el çarpyp,
Gutladylar, bardym aslynda gorkup.

“Käýinç berjekdirler” diýip barypdym,
Şol pursat begenip, ýerden galypdym.

Birden ylgap gelip meniň ýanyma,
-daýy meniň mugallymym, hana.

Meniň okaýşymy sorasyň gelse,
Sora- diýdi, bakdym gözlerim, görse.

Şol ýagyşly günde ýolda sataşyp,
Gohlaşan gyz, söz ýaragyn atyşyp.

Gör otursam, mollym eken şu ýerde,
“ ýegenjigim goýduňla meni derde”

Bardym assa :”Salam gowmy ýagdaýňyz,
Bilemokdym siziň bärde bardygňyz.”

Hasam utanç basdy şol günki dawa
Ýadyma düşende. Birdenki ara

Ýegenim öňürtin dillenip menden:
“mollym bu meň daýym,ulurak senden”

-tüweleme ýegenjigňiz zehinli.
Bu gidişde gelejegi kepilli.

-sagboluň sizede ,käriňiz şowly,
Üstünlikli bolsun ,zehiniň towly.

Birhili men utanýanam öňüňde,
Özüm alyp barşym şol gün deňiňde.

Gürrüň gyzdy ötünç sorap bolşumdan,
Şol gündäki özüm alyp barşymdan.

o-da öz adyndan bagyşla diýip.
Egletdi gözlerim ,mährini duýup.

Ýagyşly gün gahar gazap sebäbi.
Ýeterli eken,kän çekipdir azaby.

Bar eken başynda aladaň käni.
Şol wagt sorap durmak aýbyrak dälmi.

Şeýdip iki ýalňyş bir dogra geldi.
Ol hem şol bolşunyň tersligin bildi.

Gürrüň gyzdy,tanyşlygyň ýolunda.
Üýtgeşik bir duýgy döräp solumda.

Göýä köp wagt bäri tanaýan ýaly,
Üýgeşik duýguda göwnümiň haly.

Tamam boldy ýygnak, şeýdip öýüme.
Gaýtdym ýegenjigim alyp öňüme.

Bar aladam bolda ýene iş hakda.
Öwredipdir kakamjanym ýaşlykda.

Barýan gapym barjagymy bilýän dek.
Taýyn gürrüň,iş beräýse ölýän dek.

Diňe “ýokdan” tutup basyp şol ýeri,
Gaýtalap dur hemmesiniň dilleri.

Agyr degýär öýe işsiz dolanmak.
Arzuwydyr ene-atamyň guwanmak.

Kan aýlandym bilýän tanyş ýerlerim.
Alaçsyzlyk akdyrdyla derlerim.

Geçip gelýän okuw ýoly deňinden,
Bir seretsem mugallym gyz öňümden .

Gelýär assa-assa ýüzi ýer basýar.
Edebi ýörşinden has gözel “kakýar”

Deňiläp ýetemde maşyny saklap,
“Nädip ýalňyşymy düzederin haklap”

-Diýip ýördüm bagtym çüwdi şu sapar.
Belki çökük göwnim bir aram tapar.

Salam berdim düşip ýany golaýlap,
Aljyradym biraz dilim bulaýlap.

-nirä barýardyňyz münüň derrewjik,
Äkideýin –diýdim ,samsyk gürrüňjik.

Kän bir gürlemegem başaryp bilmän.
Öz bolşuma käwagt özümem gülýän.

Biraz garşy boldy ,ýöne gaýtalap durşum,
Sözüm ýykdyrmady ,görseňiz bolşum.

Öýi uzak eken mekdep jaýyndan,
Gürrüň gyzdy maňa ýetdik paýymdan.

Bildi ol hem aladamyň barlygny.
Ýüz keşbim aýdandyr belki darlygmy.

Ejizläsim gelmedi hiç öňünde.
Tümlükdedi günlem ,gaýgy eginde.

Tiz ysnyşdy iki göwün wagtyndan,
Derdimiz paýlaşdyk ,güldi “ýalkymdan”

Nomerin belledim ,ýüregme ýazdym,
Dermandym özüme ne köp ne azdym.

Gelip ýetdik düşip gitdi maşyndan,
Dogrym aýtsam,söýdüm! Çaşdym başymdan.

Soňlar aram-aram jaňlaşyp ,käte,
Gatnaşyk gyzyşdy ädimler äde.

Birde ýegenimi edip bahana,
Barýan iş ýerine ,dolup Jahana.

Bilýän assa-assa söýdürdi söýdüm,
Her gezek duşamda galkynyp göwnüm.

Ynha bu gezegem tolgunyp barsam,
Ýüzi gülýä nurlanyp dur bir görsem.

Gelenden salamam bermänkäm ilki:
“gaty gowy habarym” güldi,
Güldi,
Güldi..

-şol gün maňa iş gözleýän diýipdiň,
Saňa laýyk iş barlygyn bilipdim.

Ýöne “belli bolman aýtmaýyn” diýip.
Soradym agamdan. Aňyň sen beýik.

“Iş orun bar gowja düşünýän duşsa”
Diýip ýördi . menem sen şoňa”daşda”

“Tanşym bar ýanyňa gelerler “diýip
Aýtdym,git edara iň soňkyň geýip.

-bu habarna depäm göge diredi,
Bolsa bolsun iş ýerimem niresi.

Şeýdip işem gujak açdy men diýip.
Pikirlenýän,bu zatlara “geň “ diýip

Birden ähli zatlar ýol alýan ýaly ,
Allam duş eýledi sebäpkär ýary.

Jaň etdim ,çagyrdym gürleşip bir ýer,
Ikiçäk gürrüňdeş bolaýsam eger.

Ýagşylygna sagbol aýtmak maksadym
Söýgim duýdurmagyň ugrun tapsadym.

Belledik bir kafe ,bir käsede çaý.
Şu gezek aýtmaly belki şoldur “taý”

Bir çäresin tapyp açsam ýüregmi,
Bilsem menem ,belki oňa geregmi.

Ahyr soň daş basyp çekinjeň kalba,
Yşk ýolunda tapdym gowja çykalga.

Aýdyp bilmen öýdüp kagyza ýazyp.
Soňky döwrüň gelýän däbini bozup.

Köneçe düzgüni oýaryp birden,
Näme geçse ýazdym bu aşyk serden

Bardym hiç zat diýmän dymdy dillerim,
Ýuwaşlyk jübime sokup ellerim.

Ýaz ýaly öwüsdi şol pursat sähra.
Seretdim dildara,mugallym Mährä

Saklanyp bilmedim uzatdym hatym,
Aýryp bilsem ömrümiň şol pursatyn

Goýjak baky durjak muzeý içinde
Soňky söýenlerem görse haçanda.

Düşinerler şol wagt meniň bolşuma,
Tolgunyp ,bir ölüp ýene dogşuma.

Dymdy aşak bakyp okap hatymy,
Epläp gysdy ak kagyzyň gatyny.

Bar bilýän dilegim edip Hudaýdan,
Garaşýan jogaba “ejiz çydardan”

Yakymly seretdi galdyryp başyn.
Ýaza dönen ýaly töwerek daşym.

Nur dökülip durdy gül dek ýüzünden.
Aňym ýitip uzaklaşdym özümden.

Howlugýan lebinden çykjak her sese.
Diýse diýsin “näletsiňmiş! ” islese.

Ýöne bilýän beýle enaý nazardan.
Ajy söz çykaýmaz, keýpim bozardan.

-Kerim, bolýa, ylalaşýan pikirňe.
Ýöne başa ýalňyş pikir getirme.

Entek bir biregi tanaly biraz.
Durmuş kyndyr, näçe ursaňda perwaz.

-şol pursat şatlygym urup depäme.
Ýalkym saçdy “söýgi”atly köçäme

Başymdan müň gaýgy kemelen ýaly,
Şatlyga beslendi hasratyň ýoly.

Gözlerinde azaşypdyr duýgulam.
Ýylgyryşa beslenipdi gaýgylam.

Tümlükden dogan Gün ýaly nur çaýyp.
Durmuşym ýolunda, gözlerim aýyp.

Her geçen gün onuň barlygnyň güýji.
Özgertdi ykbalym,wah, şeýle süýji.

Nädip taryp etsem beren peýdasyn.
Ýazsam näçe kitap ýene peýdasyz.

Örän geň zat eken söýgiň gudraty.
Ozal görmändim men beýle pursaty.

Bir ynsan ykbala beýle üýtgeşik.
Täsir etjek eken, seni üýtgedip.

Ýüz gözüm nurlanyp, işler ýolunda.
Rowaçlandy, sebäbi ol ýanymda.

Edil melhem ýaly güýjiniň emi.
Huşymdan gidirýär ýakymly demi.

Gelejegim, ömür ýolum bir edip,
Baky ýazsa Allam. Gaýgym güm edip.

Amangeldi NURGELDIÝEW.

Poemalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle