Tümlük
Tümlük

Eje, men özümi gorap bilmedim,
Ýalanlardan
Başarmadym uzak tutup kalbymy
Meni söýen bolanlardan.
Ýekeligme hemra tapmak isledim,
Gursagymy ýardy nätanyş duýgy.
Ýüregim ömründe ilkinji gezek
Gozganyş duýdy.
Doldurmak isledim kemçiliklerim,
Del biriniň söze bürän mährine.
Ynanmak isledim
Dona bürenmedik çyplaň ähdine.
Gözde nem ýene-de ýalňyz gursagyň,
Bar pişesi beýnim bilen dalaşmak.
Agyrdy ýat didä bakyp umytly
Mähre garaşmak.
Ynanasym geldi eje, şeýlebir,
Bagtyň özi hut gapyma gelenne.
Awusyny gizlär eken adamzat,
Göz-görtele köz basýanyn bilende.
Mähirsiz durmuşyň biwepalygnyň,
Hasabyny ýene sorap bilmedim.
Bagyşla, ejejan, duýguçyl gyzyň,
Özümi tümlükden gorap bilmedim.
Annabeg AÝMAKOWA. Goşgular