|

Tumar

Tumar TUMAR

Tumar

Çogly tomus paýawlady ömrüni,
Möwrüti gutardy ýanyp-köýmegiň.
Bardy seň egniňde şol güýz gijesi
ak-nokat basylan, göm-gök köýnegiň.

Şol nokada meňzeş ýyldyzlar gökde
Bizi ýüzlerine sylyşyp durdy.
Ak derekler bolsa, sübsesi bilen
Ýyldyzly asmany syryşyp durdy.

Derekleň astynda durduň sen, bolup,
Ýyldyzly asmanyň dowamy ýaly.
Elletmediň ýakaňdaky tumarňy,
gorap, edil içi dogaly yaly.

Asmanyň çetinde ýukajyk bulut
gizläp durdy Aýyň tözlenç göwsüni.
Diýdiň sen: “Gaç, goýber, gitjek!”. Diýdim men:
“Bar, gidiber, tapýan bolsaň gowsuny!”

Gitdiň sen öýkeläp, şol günden başlap,
bulaşyp başlady güýzüň howasy.
Elletmediň, şol tumaryň içinde
barmydy ýa agzalalyk dogasy. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle