Tükeniksizligiň goýnunda (Hekaýa)

Aleksandr Belýaýew,
rus ýazyjysy
I. Syrly howly
Simeiziň eteklerinde gezelenç edip, aýlanyp ýörkäm, dagyň kötel gerşinde ýalňyz oturan howly ünsümi çekdi. Oňa, hatda ýolam çekilmändir, diňe töweregine beýik haýat aýlanypdyr. Haýadyň ýekeje ýerinde pessejik gapy bardy, ol hem elmydama jebis ýapylgydy. Haýadyň üstünden hiç hili bag, asyl gök çöp görünmeýärdi. Howlynyň daş-töweregini saralyp ýatan dag gerşiniň ýylçyr gaýalary gurşap durdy, olaryň arasynda her ýerde süllerip oturan arçalar hem-de egrelişip duran, pes boýly dag sosnalary bardy.
«Ot-çöp bitmeýän ýylçyr gaýaň üstünde mekan tutmak kimiň kellesine geldikä? Aslynda, ol ýerde ýaşaýan beri barmyka?» diýip, howlynyň töwereginde aýlanyp ýörkäm pikir edýärdim.
Dogrudanam, men entek ol ýere girip-çykýan ýekeje adamy hem görmändim. Boýnuma alaýyn, bilesigelijiligimiň çeni-çaky bolmansoň, beýigräk depä çykyp, syrly howlynyň içine seretmäge hem synanyşdym. Ýöne haýsy tarapdan seredeniňde-de howlynyň diňe bir kiçeňräk çüňkünden başga ýeri görünmeýärdi. O taýy hem edil töwerekdäki ýaly idegsiz çaňap ýatan ýerdi. Her näme bolsa-da, birnäçe günläp garawullamsoň, howlynyň içinden gara geýnen bir oral aýalyň geçip gidendigini gördüm. Bu bolsa bilesigelijiligimi hasam artdyrdy.
— Eger-de howlynyň içinde adam-gara bar bolsa, onda olar daşky dünýä bilen nähilidir bir arabaglanyşyk saklaýmaly, bolman-da azyk-owkat üçin bazara baryp-gelmeli bolarlar!
Men tanyş-bilişlerimden bu howly hakynda soraşdyrmaga başladym. Ahyrsoňy bilesigelijiligimi kanagatlandyrmak maňa başartdy. Dogry, howluda ýaşaýanlaryň kimdigi hakynda hiç kim anyk bir zat bilenokdy, ýöne tanyşlarymyň biri maňa ol ýerde professor Wagneriň ýaşaýandygyny eşidendigini aýtdy.
Professor Wagner!
Meniň bar ünsümi bu howla dikmegim üçin diňe şunuň özi hem ýeterlikdi. Men her edip, hesip edip öz oýlap tapyşlary bilen şunça şowhun turzan bu täsin adamy görmek isleýärdim. Ýöne ony nädip görjek?.. Gizläp nädeýin, edil içalylar ýaly howludaky adamlary aňtap başladym. Munuň gelşiksizdiginem bilýärdim, ýöne onda-da howla gözegçilik etmegimi goýamokdym, günüň dürli wagtlary, hatda gijelerine-de howlynyň golaýyndaky arçalygyň içinde gizlenip, ençeme sagatlap jaýa nazar aýlap oturýardym.
«Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar» diýýäler, beýle diýildigi «adam bir maksada ýetmek üçin çyny bilen yhlas etse, irde-giçde şol maksadyna hem ýetýär» diýildigi.
Bir gezek ir säher, ýaňy jahan ýagtylyp başlanda, beýik haýatdaky syrly gapyň jygyldysyny eşitdim. Durkum bilen gulaga öwrüldim, demimi saklap düýrükdim, näme bolaryna garaşdym.
Gapy açyldy. Uzyn boýly, ýüzi gyzaryp duran, mor sakgal, salpy murt adam daş çykdy hem-de dykgat bilen daş-töweregine garanjaklady. Hawa, bu professor Wagnerdi, onuň hakyt özüdi!
Töwerekde adam-gara ýokdugyna göz ýetirensoň, ol haýaljakdan dag gerşine dyrmaşyp başlady, kiçeňräk dag meýdançasyna geldi hem-de maňa düýbünden düşnüksiz bolan nähilidir bir maşklary ýerine ýetirmäge başlady. Tekiz meýdançada dürli ululykdaky daşlar düňderilişip ýatyrdy. Wagner olaryň ýanyna barýardy hem-de götermäge synanyşýardy. Soňra ýuwaşja ýöräp, başga ýere geçýärdi hem-de ol ýerdäki daşlary göterjek bolýardy. Ýöne daşlar gaty ullakandy, agyrdy, olary, hatda ussat türgenlerem aňsat-aňsat ýerinden gozgap bilmese gerek.
«Gaty geň eken-aý, munuň oýny» — diýip, öz ýanymdan pikirlendim. Birdenem haýran galmakdan içimi çekip, gygyranymy özümem duýmandyryn. Gözüň bilen görmeseň asla ynanar ýaly däl, professor Wagner adam boýundanam ullakan mähnet daşyň ýanyna bardy-da, somalyp duran uçlak çüňkünden tutdy hem-de ony bir bölek gatykagyzy göteren ýaly aňsatlyk bilen göterdi, elini öňe uzadyp, dag gaýasynyň bu harsaň daşyny ikiýana talawladyp bulamaga başlady.
Men näme pikir etjegimem bilmedim. Megerem, Wagner adatdan daşary ägirt uly güýje eýe bolmaly… Ony diýseňem, ol mundan kän kiçi daşlary hem göterip bilmedi ahbeti, belkem-de… Men öz pikirimi soňlamaga hem ýetişmedim, Wagneriň täze bir hokgasy akylymy haýran etdi.
Wagner edil kiçijik daşjagazy zyňan ýaly edip, dag harsaňyny ýokarlygyna zyňdy, olam 10-20 metr töweregi ýokaryk atylyp gitdi. Men uly howsala bilen bu mähnet harsaňyň gürpüldäp ýere gaçaryna garaşdym. Ýöne harsaň daş bölegi juda ýuwaşlyk bilen aşaklygyna gaýtdy. Ol ýere gaçýança, bolmanda ona çenli sanandyryn. Daşyň ýere ýetmegine adam boýy galanda, Wagner onuň aşagyna emaý bilen elini goýdy-da gapyp aldy, özem onuň eli çalaja-da titremedi.
Wagner loh-loh güldi hem-de harsaň daşy özünden ep-esli daşa zyňyp goýberdi. Daş biraz wagt aşak gaçman, ýere parallel ýagdaýda gönüligine gitdi, birdenem duýdansyz ugruny üýtgedip, dik aşaklygyna gürpüldäp gaçdy hem-de alaşakyrdy edip kül-owram boldy.
Wagner ýene-de wahahaýlap güldi hem-de görlüp-eşidilmedik bat bilen bir täsin towusdy. Ol ýerden dört metr töweregi göterilip, meniň duran ýerime tarap zymdyrylyp gaýtdy. Ol, megerem, göz öňünde tutanyndan gatyrak bökdi, çünki onuň bilenem edil harsaň daşyňky ýaly ýagdaý boldy: onuň öňe, ýere gyradeňlikde uçup gelýän ugry duýdansyz üýtgäp, dik aşaklygyna gülçüldäp gaçdy. Maňlaýyna ýykylan ýeri ýapgyt boldy, ýogsa dagy ol şobada janyndan jyda düşerdi. Professor meniň duran ýerimiň golaýyna, arçalygyň beýleki tarapyna gaçdy, hyklap dyzyny tutdy, käýindi. Agyrdan aýagyny sypalap, owkalaşdyryp, ýerinden turmaga synanyşdy, agyrysyna çydaman iňledi.
Az-owlak ýaýdanyp duranam bolsam, göwnümi bire baglap, özümiň bardygymy duýdurmagy hem-de oňa kömek etmegi ýüregime düwdüm.
— Aýagyňyzy gaty agyrdypsyňyz öýdýän? Size kömek gerekmi? — diýip, şahalaryň arasyndaky bukymdan çykyşyma soradym.
Meniň duýdansyz peýda bolmagyma, professor känbir geňirgenip durmaýan ýaly göründi. Geňirgenenem bolsa, ol ony duýdurmady.
— Ýok, köp sag boluň — diýip, parahat gepledi. — Häzir özüm giderin. — Ol ýene-de ýerinden turmaga synanyşdy. Agyrydan ýaňa ýüzi erbet çytyldy. Ol jan awusyna çydaman arkan gaýyşdy. Onuň dyzy bolsa, gözüň alnynda çişip barýardy. Gapdalyndan kömek edilmese bolmajakdygy görnüp durdy.
Men birneme ekabyrlandym.
— Ýörüň, agyry siziň barja ysgynyňyzy almanka gideliň — diýdim-de tekge berip, ony ýerinden turuzdym. Ol garşylyk görkezmedi. Agyryly aýagynyň sähelçe gymyldysy hem oňa ezýet baryny berýärdi. Biz gerşiň üsti bilen haýaljakdan ýapyýokarlygyna galyp başladyk. Men Wagneri göterip diýen ýaly barýardym, onuň agyr göwresiniň astynda özümem ysgyndan gaçyp ugradym. Ýöne beýleki bir tarapdan, saý-sebäp bilen professor Wagneri diňe bir görmek däl, eýsem-de, onuň bilen tanyşmak, belkem-de, öýüne barmak mümkinçiliginiň dörändigi üçin özümden hoşaldym. Ýogsa-da, howlynyň işigine gelenimizden soň, ol maňa hoşallyk bildirip, öýüne goýbermezligem ahmaldy. Onuň howlusynyň beýik haýadynyň deňesine gelenimizden soň, dogrudanam, şeýle bolar öýdüp az alada galmadym. Ýöne bolsa-da, ol hiç zat diýmedi hem-de men onuň bilen bile syrly howla gadam basdym. Dogrusyny aýtsaň, onuň zat diýmäge ýagdaýam ýokdy, aýagy oňa azar ýamanyny berýärdi. Agyrydan, aýagyna düşýän sarsgyndan ýaňa ol özünden gitmegiň bäri ýanyndady. Menem juda ýadapdym, aýak üstünde zordan durýardym. Her niçigem bolsa, ony jaýa salmankam, egnimiň üstaşyry howlynyň içine bilesigelijilik bilen nazar aýladym.
Howly diýseň giňişlikdi, orta-da Moreniň abzalyna meňzeş nähilidir bir enjam durdy. Howlynyň düýbünde, ýerde, ýüzi galyň aýna bilen örtülen ullakan, tegelek deşik bardy. Ol deşigiň töwereginde, ondan jaýa we ýene birnäçe ugra gidýän, biri-birinden ýarym metr aradaşlykda duran metal ýaýhalkalar görünýärdi.
Men başga zat görmäge ýetişmedim. Gara geýnen, gorkany ýüzünden görnüp duran oral aýal jaýdan çykyp, bizi garşylady. Soň görüp otursam, ol aýal professoryň öý hojalygyna göz-gulak bolýan ekeni.
Biz professor Wagneri ýatalganyň üstünde ýatyrdyk.
II. Jadyly tegelek
Wagneriň haly teňdi. Ol kynlyk bilen dem alýardy, gözüni ýumup samraýardy. «Bu deňsiz-taýsyz maşyn — professor Wagneriň beýnisi sarsgyna döz gelmän heläk bolaýarmyka?» diýen pikir meni aldym-berdime salýardy.
Hassa samrap, matematika kesgitlemelerini sanaşdyrýardy, wagtal-wagtal erbet yňranýardy. Hojalykçy aýal özüni ýitirip, näme etjegini bilenokdy, diňe:
— Indi näme bolar? Eý, Hudaý, indi näme bolarka?.. — diýip, öwran-öwran gaýtalaýardy. Professora ilkinji kömegi bermegem, hassanyň ýagdaýyna göz-gulak bolmagam meniň boýnuma düşdi.
Wagner diňe ikilenji gün irden özüne geldi. Ol gözüni açdy hem-de doly huşuna gelip, maňa seretdi.
— Size minnetdar… — onuň sesi ysgynsyz çykdy. Men oňa suw berdim, ol baş atyp, özüni ýeke goýmagymy haýyş etdi. Düýnki günüň galagoplygy, çirim etmän geçirilen gije mazaly ýadadypdy. Men ahyrsoňy hassany ýeke galdyryp, säheriň tämiz howasyndan dem almak üçin howla çykdym. Howlynyň ortasynda duran nätanyş enjam ýene-de ünsümi özüne çekdi. Men onuň ýanyna baryp, elimi uzatdym.
— O taýyk barmaň! Saklanyň! — yzymdan hojalykçy aýalyň gyryljyk ses bilen howsalaly gygyrýanyny eşitdim. Şol pursadam öňe uzadan elimiň, misli äpet daş asylan ýaly uçursyz agralanyny duýdum, elim meni şeýle bir güýçli aşak çekdi welin, ýere ýazylyp gidipdirin. Göze görünmeýän agyr daş tas penjämi mynjyradypdy. Bar güýjümi edip, zordan elimi yza çekdim. Ol gaty agyrýardy, özem dym gyzyl bolupdyr. Ýanymda duran hojalykçy aýal, maňa ýüregi awap, dynuwsyz kellesini ýaýkaýardy, zeýrenýärdi.
— Edýäniňiz, näme… Heý-de beýtmek bolarmy?.. Gowusy, siz howla çykmaň, ýogsa bu güýç siziň myžžygyňyzy çykarar!
Hiç zada düşünmesemem dolanyp, öýe girdim hem-de agyrdan elime melhem ýapdym.
Professor ýene ukudan oýandy, indi ol doly özüni tutana meňzeýärdi. Bu adamyň beden agzalary gaty sagat bolara çemeli.
— Näme boldy? — diýip, ol elime ümledi. Men oňa bolan zady bolşy-bolşy ýaly aýtdym.
— Siz özüňizi gaty uly howp astyna salypsyňyz — diýip, ol gysga sözledi.
Men Wagneriň agzyndan bu haýran galaýmaly syrly ýagdaýlaryň düşündirişini eşitmek isleýärdim. Ol zatlary bilesim gelip içimi it ýyrtýan bolsa-da, syrkawy bimaza etmezlik üçin sowallarymy içimde sakladym.
Şol gün agşamara Wagner öz ýatalgasyny penjirä golaý süýşürmegi haýyş etdi, soňundanam meni juda gyzyklandyrýan ýagdaýlar barada özi gürrüň bermäge başlady.
— Ylym tebigy güýçleriň ýüze çykyşyny öwrenýär — diýip, ol dessine esasy gürrüňe geçdi. — Ol ylmy kanunlary esaslandyrýar, ýöne ol güýçleriň düýp mazmuny barada juda az bilýär. Biz: «elektrika, agyrlyk güýji» diýýäris. Biz olaryň häsiýetini öwrenýäris, olary öz maksatlarymyz üçin ulanýarys. Ýöne olar öz tebigatynyň ähli syrlaryny bize açmak islemeýärler. Şonuň üçin hem biz olary asla doly güýjünde ulanyp bilemzok. Bu babatda elektrika birneme eglişikli ekeni. Biz bu güýji özümize boýun etdik, ony öwrenip, özümiz üçin işlemäge mejbur etdik. Biz ony bir ýerden beýleki bir ýere geçirýäris, ätiýaçlyk gory üçin toplaýarys, zerurlygymyza görä harçlaýarys. Ýöne agyrlyk güýji welin, iň bir keçjal, eglişiksiz güýç bolup çykdy. Biz eýdip-beýdip oň ugruny tapmaly, ony öz zerurlyklarymyza uýgunlaşdyrjak bolman, özümiz oňa uýgunlaşmaly. Eger-de biz agyrlyk güýjüni özgertmegi başarsak, ony öz islegimize görä dolandyrsak, edil elektrika ýaly toplap bilsek, onda biz gör nähili kuwwatly serişdä eýe bolardyk! Bu boýunegmezek güýje erk etmek meniň öňden gelýän arzuwymdy.
— Siz indi oňa erk edip bilýäňiz öýdýän! — diýip, men bolup geçen zatlara düşünip ugramsoň, biygtyýar seslenipdirin.
— Hawa, men oňa erk edýän. Men agyrlyk güýjüni öz islegime görä sazlamagyň usulyny tapdym. Siz meniň ilkinji üstünligimi gözüňiz bilen gördüňiz… Wah-wah… üstünlikler kämahal gaty gymmada düşýär!.. — Wagner şikes ýeten dyzyny owkalap, uludan dem aldy. — Men tejribe üçin öýümiň ýanynda kiçeňräk ýerde agyrlyk güýjüni azaltdym. Siziň özüňizem görensiňiz, meniň ägirt uly harsaň daşy aňsatlyk bilen göterişimi. Munuň özi howlymyň kiçijik böleginde agyrlyk güýjüni artdyrmagyň hasabyna mümkin boldy… Siz hem öz bilesigelijiligiňiz sebäpli, şol kiçijik bölege, ýagny meniň «jadylanan tegelegime» golaýlaşyp, tasdanam şirin janyňyzdan el üzüpdiňiz.
— Hanha, serediň — diýip, ol elini penjirä uzadyp, sözüni dowam etdi. — Howla tarap bir süri guş uçup gelýär. Belkem-de, olaryň bolmanda birisi dartyş güýjüniň artdyrylan zolagynyň üstünden uçup geçer…
Ol dymdy, menem howsala bilen golaýlap gelýän guşlara seretdim… Ynha, olar howlynyň edil üstünden uçup barýarlar… Birdenem olaryň biri düwdek bolup, daş gaçan ýaly dik aşaklygyna patlap gaçdy, ýere degip ölmek däl, asyl göni tegmile öwrüldi, guşuň ýere ýazylyp ýatan tegmili gazet kagyzyndan galyň däldi.
— Gördüňizmi?
Men özümiňem şonuň ýaly bolmagymyň ahmaldygyny göz öňüme getirenimde inim digläp gitdi.
— Hawa — diýip, ol kelläme gelen pikiri ýüzümden okady. — Sizem öz başyňyzyň agramyna mynjyrap, çelpek ýaly bolardyňyz. — Ol ýylgyryp, sözüni dowam etdi. — Meniň hojalykçym Fima azyk-owkatlary ykmanda pişiklerden goramak üçin juda ajaýyp serişdäni oýlap tapandygymy aýdýar. «Olary heläklemek gerek däl, diňe penjeleri ýelmeşse bolany, gaýdyp gelmezler!» diýýär. Hawa… — diýip, ol birsellem dymyp oturansoň ýene sözüni dowam etdi.
— Olardan has ýakymsyz, has howply iki aýakly pişikler bar, olaryň ýaraglary diş-dyrnaklary däl, olaryň ýaragy topdur tüpeň.
Agyrlyk güýji boýun egdirilse, onuň nähili gorag serişdesi bolup biljekdigini bir pikir edip görüň! Men döwlet serhetlerinde gorag zolaklaryny gurup bilerin, olardan ýekeje duşmanam geçip bilmez. Aeroplanlar, edil ýaňky guş ýaly düwdek bolup ýere patlap gaçarlar. O dagy hiç, hatda top oklary hem ol gorag zolagynyň üstünden geçip bilmez. Ony tersine etmegem mümkin, ýagny hüjüm edýän duşmanyň agyrlyk güýjüni azaldybam bolar, onsoň olaryň esgerleri sähel hereket etseler ýokarlygyna göterler, howaň ýüzünde galgaşyp, hiç zat edip bilmezler… Ýöne meniň oňarýan başga bir zadym bilen deňeşdireniňde, bular dagy biderejik zatlar. Men ýer togalagynyň polýuslardan başga ähli ýeriniň agyrlyk güýjüni peseltmegiň usulyny tapdym…
— Siz ony nädip peseldersiňiz?
— Men ýer togalagyny öz okunyň daşyndan has çalt aýlanmaga mejbur ederin, bolany şol — diýip, professor Wagner, göýä, ýönekeýje pyrlampaç hakda gürrüň gidýän ýaly biperwaý terzde jogap berdi.
— Ýeriň okunyň daşyndan aýlanyş tizligini artdyrmakçy bolýarsyňyzmy?! — Men haýran galyp gygyranymy hem duýmandyryn.
— Hawa, men onuň hereketini artdyraryn, şonda merkezden daşlaşýan güýç ulalyp başlar hem-de ýerdäki ähli jisimleriň agramy ýeňlär. Eger siz ýene birnäçe günläp meniň öýümde myhmançylykda bolmaga razy bolsaňyz, onda muny siziň özüňiz hem görüp bilersiňiz…
— Rugsat etseňiz, uly höwes bilen sizde galaryn!
— Men aýak üstüne galan dessime tejribä başlaryn, siz juda gyzykly zatlara şaýat bolarsyňyz.
III. «Aýlanýar»
Ýene birnäçe günden professor Wagner, birneme agsaýar diýmeseň, doly aýňaldy. Ol zol-zol howlynyň çüňkünde ýerleşýän ýerasty barlaghanasyna gidip, ol ýerde ep-esli eglenýärdi. Professor öý kitaphanasyny tutuşlygyna ygtyýaryma berýärdi, ýöne barlaghanasyna welin, hiç wagt çagyrmaýardy. Bir gezek kitaphanada otyrkam, Wagner içeri girdi. Ol gaty joşgunlydy, işikden girenden maňa gygyrdy:
— Aýlanýar! Men enjamymy işe girizdim, indi göreris, mundan beýläk näme boljagyny!
Men nähilidir bir adatdan daşary ýagdaýyň bolaryna garaşýardym. Ýöne sagatlar geçdi, gün geçdi, hiç zat üýtgemedi.
— Garaşyň — diýip, professor salparyp duran murtunyň astyndan ýylgyryp bakdy. — Merkezden daşlaşýan güýç tizligiň kwadratyna deňölçeglilikde artýar. Ýer bolsa kiçi-girim pyrlampaç däl, ony şart-murt gozgap bolanok!
Ertesi irden ýatalgamdan turanymda nähilidir bir ýeňillik duýdum. Özümi barlap görmek üçin oturgyjy ýerinden göterdim. Ol maňa adatdakylaryndan esli ýeňil ýaly göründi. Merkezden daşlaşýan güýç täsir edip başlan bolmalydy. Men dälize çykdym hem-de elime kitap alyp oturdym. Kitabyň ýüzüne sütüniň kölegesi düşýärdi. Ol kölegäniň adatdakylardan çalt süýşýändigi biygtyýar ünsümi çekdi. Bu nämäniň alamaty bolup biler? Asmandaky Gün indi öňkülerinden çalt hereket edýän ýalydy.
— Hop ýagşy, ahyry aňdyňyzmy? — özümi synlap duran Wagneriň sesini eşitdim. — Ýer indi öz okunyň daşyndan çalt aýlanýar, gije-gündiziň çalyşmasy hem öňküsinden çalt bolup geçýär.
— Indi näme bolar? — diýip, geňirgenip soradym.
— Janymyz sag bolsa göreris, näme boljagyny — diýip, professor jogap berdi. Ol gün Gün öňküsinden iki sagat öň ýaşdy.
— Bu wakanyň dünýä ýüzünde nähili başagaýlyk döredeni göz öňüme gelýär! — diýip, professora ýüzlendim. — Bilsek gaty gyzykly bolardy…
— Ony meniň iş otagyma girip biläýmeli, ol ýerde radio bar — diýip, Wagner jogap berdi.
Men dessine onuň iş otagyna bardym hem-de Ýer togalagynyň ähli ilatynyň erbet howsala düşendigine göz ýetirdim.
Ýöne bu entek, diňe wakanyň başydy. Ýeriň öz okunyň daşyndan aýlanyş tizligi gitdigiçe ýokarlanýardy. Gije-gündiz indi bary-ýogy dört sagada gelipdi.
— Häzir ekwatordaky jisimleriň hemmesi öz agramlarynyň kyrkdan bir bölegini ýitirdiler — diýip, Wagner aýtdy.
— Näme üçin diňe ekwatorda?
— Sebäbi ol ýerde zeminiň dartyş güýji kiçi, aýlanýan radiusy bolsa uly, diýmek, merkezden daşlaşýan güýjüň täsiri hem o taýda güýçli bolar.
Alymlar ýer ýüzüniň üstüne nähili howp abanýandygyna eýýämden düşünýärdiler. Ekwator sebitlerindäki halklaryň has ýokary guşaklyklara köpçülikleýin göçmegi başlandy, ol ýerde merkezden daşlaşýan güýjüň täsiri gowşakdy. Dogry, edil häzir agramyň ýeňlemeginiň, hatda bähbitli taraplary hem bardy: otlular indi ummasyz köp ýük göterýärdi, ullakan ýolagçy uçarlarynyň işlemegi üçin motosiklleriň kiçijik kuwwatlykly hereketlendirijileri ýeterlikdi, hereketiň tizligi örän ýokarlanypdy. Adamlar hem birdenkä öňkülerinden has ýeňil we güýçli boldular. Gitdigiçe güýçlenýän ýeňilligi men özümde hem duýýardym. Munuň özi haýran galaýmaly täsin hem ýakymly duýgudy! Radio tiz wagtdan gynançly habarlary hem aýdyp başlady. Ýapgytlarda we aýlawlarda ýoldan çykýan otlular gitdigiçe köpelýärdi, dogry, ullakan heläkçilik bolmaýardy, çünki otly wagonlary ýapgytdan eňaşak gaýdanlarynda hem hiç zat bolanokdy, olar asla ýemşermeýärdiler. Şemal tozan turzup asmana göterilýärdi, dessine-de tupana öwrülýärdi. Erbet suw joşmalary barada habarlar dumly-duşdan gelýärdi.
Ýeriň aýlanmasy on ýedi esse artanda ekwatordaky adamlar we jisimler agramyny doly ýitirdiler.
Bir ýola, agşamaralar radiodan gaty geň habar eşitdim: ekwatorial Afrikada we Amerikada gitdigiçe güýçlenýän merkezden daşlaşýan güýjüň täsiri netijesinde agramlaryny ýitiren adamlaryň ýeriň ýüzüne däl-de, ýokarlygyna ýykylýandygy hasaba alnypdyr. Tiz wagtdan başga bir erbet habaram geldi: ekwatordaky adamlaryň dem almasy kynlaşyp ugrapdyr.
— Merkezden daşlaşýan güýç Zeminiň dartyş güýjüniň Ýer togalagyna mäkäm baglan howa perdesini böwüsýär — diýip, professor parahatlyk bilen düşündirdi.
— Onda… onda bizem demigeris ahyry? — diýip, howsala bilen Wagnerden soradym. Ol egnini gysdy.
— Bolup geçjek ähli özgerişliklere biz gowy taýýarlandyk.
— Näme üçin beýtdiňiz? Bu tutuş dünýä ýüzüniň, siwilizasiýanyň heläkçiligi ahyry!.. — diýip, men dowla düşüp gygyrdym. Wagner bolsa gaty arkaýyndy.
— Näme üçin beýle edenimi soň bilersiňiz.
— Bary-ýogy ylmy-tejribe geçirmek üçin siz dünýä ýüzünde şeýle ber-başagaýlyk döretdiňizmi?
— Nämä geňirgenen bolýanyňyza asla düşünýän däldirin — diýip, ol jogap berdi. — Hawa, tejribe geçirmek maksady üçin şeýdenmişim, ýeri şonda näme? Gaty düşnüksiz, size hiç düşünemok! Ynha, aýdalyň, harasat geçip gidýär ýa bolmasa wulkan atylýar, şonda-da müňlerçe adam ber-başagaý bolýar, heläkçiligem çekilýär, ýöne şonuň üçin wulkany günälemek hiç kimiň kellesine gelenok. Bu wakalara hem tebigy betbagtçylyk hökmünde seredäýiň…
Onuň bu jogabyndan göwnüm hoş bolmady. Birden kalbymda professor Wagnere ýigrenç döräp başlady. «Ylmy-tejribe sebäpli millionlarça adamyň janyny howp astyna salmak üçin zandyýaman zalym bolmaly, belkem-de, bu adamda asla ýürek diýlen zat ýokdur» diýip pikirlendim.
Kalbymdaky ýigrenç artdygyça, özümiňem hal-ýagdaýym ýaramazlaşyp barýardy. Bolman näme, heläkçilige uçran dünýä baradaky akylyňa sygmajak biri-birinden eýmenç habarlar, gije-gündiziň gitdigiçe çaltlaşyp, zymdyrylyp geçip gitmegi her kimi hem dowla düşürer. Men asla ýatamok diýen ýalydym, ýüregimde gaty uly howsala bardy. Öýüň içinde sähelçe gymyldasaňam juda ägä bolmalydy. El-aýagyňa artykmaç güýç berdigiň ýokarlygyna uçýardyň, kelläň gütläp jaýyň ýokarsyny süsýärdi, dogry, onuň üçin känbir agyry duýmaýardyň. Zatlaram öz agramyny ýitiripdi, olara-da diýeniňi etdirmek aňsat däldi. Stola ýa-da kürsä atanlykda çalaja degdigiň ýetikdi, hemişe ýerinden gozgap bolmaýan agyr mebeller zyňlyp, honda düşýärdi.
Elýuwardaky suw hem juda haýaljakdan akýardy, onuň çüwdürimi diňe bir aşaklygyna akman, gapdala-da gyşaryberýärdi. Hereketlerimizem, garaşylmadyk ýerden, özümizden biygtyýar üýtgäp başlady. Agramsyz diýen ýaly beden agzalarymyz gurjak oýunlaryndaky sapak bilen çekilip herekete getirilýän galyň kagyzdan ýasalan gurjaklaryňky ýaly titräp, galkyjaklap durdy. Bedenimiziň esasy hereketlendirijileri bolan muskullarymyz ýeňlän göwrämiz üçin gereginden has artykmaç güýçli boldy. Biz emele gelen bu täze ýagdaýa halys öwrenişip bilemzokdyk, öwrenişer ýaly hem däldi, çünki agramymyz üznüksiz azalyp barýardy.
Wagneriň hojalygyna seredýän Fimanyň bu zatlara mendenem bäşbeter gahary gelýärdi. Ol nahar taýýarlanda sirk žonglýorlaryna meňzeýärdi. Onuň pitileri, saçlary ýokarlygyna, gapdallygyna uçýardy, ol bolsa olary tutjak bolup, tans edýän ýaly ebeteýsiz bökýärdi, hereketleri hem tagaşyksyzdan gülkünçdi.
Diňe Wagneriň keýpi gowudy, ol, hatda biziň üstümizdenem gülýärdi.
Indi men howla çykanymda «ýykylyp, asmanyň ýüzüne ýazylmazlyk üçin» jübülerimi daşdan doldurýardym. Deňiz suwunyň hem barha ýalpaklanýandygyny gördüm, onuň suwy günbatara sürülýärdi, ol ýerde suwuň kenaryň daşyna daşan bolmagam ahmaldy… Bu zatlaryň hemmesiniň üstesine-de, başymyň aýlanyp, demimiň gysýandygyny duýup başladym. Howanyň dykyzlygy pesdi. Hemişe gündogardan ösýän harasatly ýel az-owlak gowşap başlan ýalydy… Ýöne oňa derek howanyň temperaturasy hem çaltlyk bilen peselýärdi. Howanyň dykyzlygy azalýardy, ol selçeňleşýärdi… tiz wagtdan hemme zat gutarmalydy… Özümi duýşum şeýle bir myrtardy welin, hatda özüme nähili ajaly saýlap almalydygym hakynda pikir etmäge başladym: asmana ýykylmalymy ýa-da demigip ölmelimi, haýsy gowy bolarka? Elbetde, demigip ölmek örän sütemli bolar, ýöne oňa derek men zemine näme boljagyny ahyryna çenli görerin…
Demgysma horlap başlady welin, men «ýok, ýok, gowusy, jebir çekmän, hemmesinden bir gezekde dynan ýagşy» diýip pikir etdim hem-de jübimdäki daşlary çykarmaga başladym. Şol wagt hem kimdir biriniň eli meni saklady.
— Saklanyň! — Men Wagneriň sesini eşitdim. Selçeňlenen howada bu ses hasam gowşak eşidilýärdi. — Bize ýerzemine düşmäge wagt boldy!
Ol meniň elimden tutup goltgy berdi, dälizde duran, kynlyk bilen dem alýan hojalykçy aýala başyny atdy hem-de biz howlynyň çüňküne, ýerde tegelenip duran ullakan penjirä tarap ýöneldik. Men näme-nämäniň bolýandygyna hem düşünmän, edil ukuda ýaly gidip barýardym. Wagner ýerasty barlaghana äkidýän agyr gapyny açdy hem-de meni içerik itekläp goýberdi. Men özümden gidip barşyma emaý bilen jaýyň daşdan düşegine ýykyldym.
IV. Dikbaşaşak
Beýhuş bolup näçe ýatanymy bilemok. Özüme gelip ilki bilen tämiz howadan dem alýandygymy duýdum. Gözümi açdym, ýatan ýerimiň golaýynda, poluň ortarasyna berkidilen elektrik çyrasyny görüp, juda geň galdym.
— Geň görmäň — professor Wagneriň sesi gulagyma geldi. — Tiz wagtdan biziň polumyz potologa öwrüler. Özüňizi duýşuňyz nähili?
— Köp sag boluň, gowy.
— Onda, hany turuň, besdir, ýatybildiňiz! — ol elimden çekdi. Men ýokarlygyna aýna potologa bakan uçup gitdim, soňra haýaljakdan aşaklygyna gaýtdym.
— Ýörüň, men sizi ýerasty jaýym bilen tanyşdyraýyn — diýip, Wagner öňüme düşdi. Jaý jemi üç otagdan durýardy, olaryň ikisi garaňkydy, diňe elektrik çyralar arkaly yşyklandyrylýardy. Üçünji uly otag ýagtydy, onuň petigi, kim bilýär, belkem-de, poludyr, aýnadan edilendi. Ýeriň dartyş güýji bilen merkezden daşlaşýan güýç göwrämizi düýbünden agramsyz edipdi, şu mahal biziň agramsyzlyk ýagdaýyny başdan geçirýändigimiz düşnüklidi. Bu bolsa biziň otagyň içindäki hereketimizi hem juda kynlaşdyrýardy. Ýörejek bolanymyzda her dürli täsin piruetleri ýerine ýetirýärdik, mebellerden ýapyşýardyk, olara direnip, itekläp bat alýardyk, gaýyp ýokarlygyna gidýärdik, stollaryň üstüne düşýärdik, mahal-mahal bolsa howada bialaç asyl-asyl bolup durşumyza biri-birimize ellerimizi galgadýardyk, ýogsam aramyz bolaýsa birnäçe santimetrdir, ýöne şojagaz aralygy hem geçip bilemzokdyk, ahyrsoňy nähilidir bir ýeser emel bizi bu durnuksyz deňagramlylykdan çykarýardy. Galtaşan zatlarymyz hem biz bilen bilelikde uçýardy. Oturgyç otagyň ortasynda gaýmalaýardy, suwly bulgurlar gapdallygyna gyşaryşyp ýatyrdy, ýöne olaryň içindäki suwy welin, dökülenok diýen ýalydy, az-owlak suw bulguryň aýnasynyň daş ýüzlerinde düwme-düwme bolup durdy…
Dördünji otagyň gapysy hem gözüme ildi. Ol ýerde nämedir bir zat güwleýärdi, ýöne ol otaga Wagner meni goýbermedi. O taýda, megerem, Ýeriň aýlanmasyny tizleşdirýän enjam bar bolsa gerek.
Ýöne biziň «saýýarara syýahatymyz» tiz wagtdan tamam boldy, onsoň biz aşaklygyna… aýna petigiň üstüne düşdük, hawa, hawa, indi ol biziň polumyza öwrülipdi. Goş-golaňy süýşürmegiň geregem bolmady, olaryň özi süýşüpdi, öňki pola berkidilen elektrik çyra bolsa indi tüýs barmaly ýerine barypdy, ol ýokarymyzda durşuna bu gysgajyk gijelerde otagymyzy ýagtyldýardy.
Wagner, hakykatdanam, ähli zady göz öňünde tutupdyr. Biziň otagymyz ýörite gaplarda saklanýan howa bilen birkemsiz üpjün edilýärdi. Azyk-owkadymyz hem ýeterlikdi, gaplamadyr suwdan doly üpjündik. «Hojalykçy aýalyň näme üçin bazara gitmeýändigi, indi düşnükli» — diýip pikir etdim. Poldan petige geçsegem, edil poldaky ýaly arkaýyn ýöreýärdik, ýogsam, dogrusyny aýtsaň, biz başaşaklygyna hereket edýärdik. Ýöne näme, adam hemme zada öwrenişýär. Men özümi gaty bir erbedem duýamokdym. Aýagymyň astyna seretsem, galyň, ýöne dury aýnadan aşagymyzdaky ümmülmez asman görünýärdi, onsoň men tegelek dury aýnanyň däl-de, ýüz görülýän, şekili serpikdirýän aýnanyň üstünde durandyryn öýdýärdim, aşagymdaky asman bolsa, ýokardaky asmanyň aýnadan serpikýän şekili ýaly bolup görünýärdi.
Ýöne aýnadan kämahal juda täsin, hatda gorkunç zatlaram görünýärdi.
Hojalykçy aýal özüne jaýa baryp gelmegiň zerurdygyny, ol ýerde çigit ýagyny ýadyndan çykarandygyny aýtdy.
— O taýyk nädip gitjek? — diýip, geňirgendim. — Siz aşaklygyna, ýok-ýok, eýesiz galmyş, düşüner ýaly bolmady, ýokarlygyna ýykylarsyňyz ahyry!
— Men ýere kakylan tutguçlardan ýapyşaryn, ony professor maňa öwretdi. Heniz başaşak öwrülmänkäk, ol öýümiziň potologynda tutguçlar bardy, men hem olardan ýapyşyp, petikden «eliňde ýöremegi» öwrendim.
Professor Wagner hemme zady göz öňünde tutupdyr! Men aýal maşgaladan beýle garadangaýtmazlyga garaşmaýardym. Haýsydyr bir çigit ýag üçin düýpsüz asmanyň üstünden, ýok, astyndan «eliňde ýöräp» janyňy orta goýmak!
— Bu juda howply ahbeti — diýdim.
— Siziň pikir edişiňiz ýaly, beýlebir howplam däl — diýip, professor Wagner ylalaşmady. — Biziň göwrämiziň agramy entek juda ujypsyz, ol ýaňy noldan geçip ýokarlanmaga başlady, şol sebäpli hem tutguçlardan ýapyşyp saklanmak üçin sähelçe güýç gerek. Onsoňam men onuň ýanynda bolaryn, sebäbi menem ol öýde ýandepderçämi galdyrypdyryn, ol bolsa maňa zerur gerek.
— Aýdýanyňyz näme, häzir daşarda howa ýok ahyry?
— Mende içi gysylan howa bilen doldurylan börükler bar, biz olary kellämize geýeris.
Onsoň bu täsin adamlar, göýä, deňiz düýbüne düşmekçi bolýan ýaly skafandrlaryny geýip, ýola düşdüler. Goşa gapy ýapyldy. Men daşky gapynyň gürpüldäp ýapylanyny eşitdim. Aýna poluň üstünde ýatyşyma, galyň aýna ýüzümi berip, howsala bilen olara seredýärdim. Tegelek börükli iki adam dikbaşaşak duruşlaryna, ýere berkidilen tutguçlardan ýapyşyp elleri bilen çalt-çalt «ädimläp» jaýa tarap barýardylar. Mundan beter täsin zady, heý, göz öňüne getirip bir bolarmy?!
«Dogrudanam, bu beýlebir gorkunç hem däl ýaly — diýip pikir etdim. — Ýöne, her näme diýseňem, bu juda üýtgeşik aýal. Birden onuň başy aýlansa näme?.. Wagner bilen hojalykçy aýal başaşak ýöräp baryşlaryna eýwanyň basgançaklaryndan geçdiler-de, gözden ýitdiler.
Tiz wagtdan olar ýene peýda boldular hem-de yzlaryna gaýtdylar.
Olar ýoly ýarpylapdylar, şondan soňky ahwalatdan bolsa, dogrymy aýdaýyn, gorkyma endam-janym buz ýaly boldy. Hojalykçy aýal ýagly golçasyny gaçyrdy, ony tutjak bolup elini tutguçdan sypdyrdy hem-de uç-gyraksyz äleme uçup gitdi… Wagner ony halas etmäge synandy: ol biline daňlan ýüpi çöşledi-de, onuň bir ujuny tutguja daňyp, hojalykçynyň yzyndan okduryldy. Biçäre aýal haýaljakdan süýşýärdi. Wagner tutguçdan batly itekläp, göwresine güýçli hereket berdi hem-de dessine hojalykçy aýalyň ýanyna bardy. Ol oňa elini uzatdy, ýöne eli ýetmedi: merkezden daşlaşýan güýç onuň uçuşyny birneme gyra sowdy, şonuň üçin hem tiz wagtdan hojalykçy aýal ondan ara açmaga başlady… Wagner birneme gowşadylan tanapda birsalym sallanyp durdy, soňra bolsa düýpsiz asmandan haýallyk bilen Ýeriň üstüne galmaga başlady…
Men garamaňlaý aýalyň elini galgadýanyny gördüm… onuň göwresi çaltlyk bilen kiçelmäge başlady… Gijäniň düşmegi perde tutulan ýaly edip, bu pajygaly görnüşiň öňüni ýapdy…
Men soňky görenlerimi kellämde aýlap, galdyrap gitdim… Indi o görgüli nähili bolar?.. Onuň jesedi älem sowugynda üýtgemän, golaýyndan geçen haýsydyr bir ýagtyltgyç özüne dartyp alýança, uç-gyraksyz älemde ebedi aýlanar ýörer.
Men öz pikirlerime gümra bolup, Wagneriň içeri girenini, gapdalymda oturanyny hem duýmandyryn.
— Ajaýyp ölüm — diýip, ol parahat gürledi.
Men dişimi gysdym, hiç hili jogap bermedim. Kalbymda ýene-de Wagnere ýigrenç möwjäp başlady. Aýagymyň astynda ýaýlyp ýatan uç-gyraksyz äleme gorky bilen seretdim hem-de ilkinji gezek asmanyň üstümizde duran mawy giňişlik däl-de, uç-gyraksyz tükeniksizlikdigine aýdyň düşündim… Özümiziň bolsa bu tükeniksizlikde kiçijik toz ýaly zeminde ýerleşip, hakykat ýüzünde «uç-gyraksyz asmanda ýaşaýandygymyza» göz ýetirdim. Şonuň üçin hem bize Ýeriň ýaşaýjylary diýeniňden, «asman ýaşaýjylary» diýmek has dogry boljak. Hawa, biz älem üçin jinnek ýaly ähmiýeti bolmadyk asman ýaşaýjylary! Ýeriň dartyş güýji biziň diňe bir göwrämize däl, eýsem-de, aňymyza hem täsir edipdir, ol ony ömürlik Ýere baglapdyr. Indi bolsa ol baglanyşyk ýok, ol üzüldi. Men özümiziň zemin üstünde ýaşaýşymyzyň nähili gowşakdygyny tutuş durkum bilen duýdum… Biziň aňymyz uç-gyraksyz asmanda, öňi-ardy bolmadyk giňişligiň tükeniksizliginde zemin bilen birlikde döräpdir, ol şol tükeniksizlikde hem öçüp sumat bolmaly…
Men oýlanýardym, gözümiň öňünde bolsa akyla sygmajak zatlar bolup geçýärdi… Mähnet daşlar Ýerden gopup, ýokarlygyna gaçýardy… Tiz wagtdan dag harsaňlary, gaýalar tutuşlygyna gopmaga başlady… Gije bilen gündiz barha çalt gezekleşýärdi… Gün uç-gyraksyzlygyň — asmanyň ýüzünden zymdyrylyp geçip gidýärdi hem-de gije düşýärdi, ýyldyzlar hem edil şonuň ýaly güýçli tizlik bilen dazlap geçip gidýärdi hem-de ýene Gün dogýardy, soňra ýene gije düşýärdi… Ynha, Günüň ýagtysynda haýadyň ýykylanyny görýärin, indi gözýetim hasam giňedi. Men deňziň guran hanasyny görýän, tozap ýatan ýeri görýän… Men tiz wagtdan hemme zadyň gutarjakdygyny, ahyrzaman boljakdygyny görýän…
Ýöne entek ýerde adamlar bar… Men kiçijik radiomyzyň gepleýändigini eşidýärin…
Tas polýuslara çenli ähli ýer tozupdyr. Hemme zat weýran bolýar… Bu gepleýän Wrangel adasynda abat galan iň soňky radioýaýlym. Ol signal ugradýar, garaşýar, ýöne hiç ýerden jogap almaýar… Radiotolkunlar yns-jynssyz boşlukda aýlanyp ýör… Ýer dymýar, asman hem dymýar.
Gije bilen gündiz şeýle bir çalt çalyşýar welin, hemme zat ümüş-tamyşlyga garyşyp gidýär… Gün asman ýüzünden dazlap, tümlügiň goýnunda alawly zolakly yz goýup, uçup geçýär, — atmosferanyň iň soňky galak-gaçaklary bilen birlikde Ýer özüniň mawy örtügini, asmanynyň mawy reňkini ýitirdi… Aý hem örän kiçelýärdi, Ýer öz hemrasyny mundan beýläk alkymynda saklap bilmeýärdi, Aý Ýerden daşlaşyp ugraýar…
Men polumyzyň galyň aýnalarynyň zor görüp dartylýandygyny, güberçeklenýändigini, sandyraýandygyny duýýaryn… Olaram tiz wagtdan abyrsyz uly bu güýje döz gelmän döwler, men hem uç-gyraksyzlygyň içine düşerin…
Ýanymda hüňürdeýän kimkä?.. Hä-ä, bu professor Wagner ýaly-la. Kynlyk bilen ýerimden turýaryn: Ýeriň görlüp-eşidilmedik tizligi göwrämi gurşun guýlan ýaly edipdir. Men agyr dem alýaryn…
— Siz!.. Siz näme üçin beýtdiňiz? — diýip, gazap bilen professor Wagnere ýüzlenýärin. — Siz adamzady heläk etdiňiz, siz ýer ýüzündäki ýaşaýşy ýok etdiňiz… Jogap beriň! Häziriň özünde Ýeriň hereketini peseldiň, ýogsa-da men…
Professor sesini çykarman kellesini ýaýkaýar.
— Jogap beriň! — diýip, ýumrugymy düwüp gygyrýaryn.
— Men hiç zat edip bilemok… megerem, men öz hasaplamalarymda ýalňyşlyk goýberipdirin öýdýän…
— Bu ýalňyşyňyz üçin jogap bermeli bolarsyňyz! — diýip gygyrdym hem-de aklymy ýitirip, Wagneriň üstüne özümi okladym, ony bogmaga başladym… Şol mahalam polumyzyň şatyrdaýandygyny, aýnalaryň döwülýändigini eşitdim, Wagneri sypdyrman, onuň bilen birlikde uç-gyraksyz tükeniksizlige uçup gidendigimi duýdum…
V. Okatmagyň täze usuly
Öňümde professor Wagneriň ýylgyryp duran ýüzüni gördüm. Men oňa geňirgenip seretdim, soňra töweregime garanjakladym.
Ir säher. Arassa mawy asman. Uzaklardan gök deňiz görünýär. Eýwanda iki sany akja kebelek pelpelleýär. Gapdalymdan içi ep-esli mesgeli mejimäni alyp, hojalykçy aýal geçip barýar…
— Bu näme?.. Bu näme boldugy? — diýip, professordan soraýaryn. Ol uzyn murtlaryny selkildedip gülýär.
— Bagyşlaweriň — diýýär. — Men tanamaýan halyma, özüňizden birugsat bir tejribe geçirmek üçin sizi ulandym. Meni tanaýan bolsaňyz, onda, megerem, size meniň bir meseläniň — ägirt uly möçberdäki häzirki zaman ylmyny bir adamyň aňyna guýmaklygyň üstünde esli wagt bäri işleýänim mälimdir. Meselem, meniň hut özüm kelle beýnimiň ýarym bölekleriniň hersiniň özbaşdak işlemegini gazandym. Men özümde ukyny hem, ýadawlygy hem ýok etdim…
— Bu barada okapdym — diýip jogap berdim.
Wagner başyny atdy:
— Okan bolsaňyz gaty gowy. Ýöne bu hemmelere elýeterli däl. Şonuň üçin hem men öwretmegiň bu usuly üçin gipnoz ulanmagyň kararyna geldim. Dogrusyny aýtsam, adaty pedagogikada hem gipnozyň ulanylýan wagty bar… Şu gün irden gezim edip ýörkäm sizi gördüm… Siz o taýda, arçalygyň içinde birinji gün gözegçilik edeňzok ahyry? — diýip, ol gözüni güldürip sorady. Meniň ýüzüm boz-ýaz boldy.
— Ana, onsoň men gipnoz ukusyna salyp, bilesigelijiligiňiz üçin size temmi bermegi ýüregime düwdüm…
— O nähili, diýmek, bularyň barysy?..
— Hawa, siziň meni göreniňizden soňra hemmesi gipnozyň işi. Siz bolsa bulary hakykat ýüzündäki ýaly başdan geçirdiňiz, dogry dälmi? Indi, elbetde, siz hiç haçan bu gören zatlaryňyzy ýatdan çykarmarsyňyz. Şeýlelikde, siz agyrlyk kanuny, merkezden daşlaşýan güýç kanuny hakynda aýdyň sapak aldyňyz… Ýöne siz gaty degnaly, gaharjaň okuwçy bolup çykdyňyz, sapagyň soňunda juda yňdarmalyk etdiňiz…
— Eýsem-de bolsa, bu okuw näçe wagtlap dowam etdi?
Wagner sagadyna seretdi.
— Iki minut töweregi, şondan kän däl. Bilim almak üçin juda netijeli usuldyr görseňiz, dogry dälmi?
— Merhemet ediň — diýip janykdym. — Bu aýnaly penjire, ýere kakylan tutguçlar näme, onda!.. — Men elimi uzatdym, şobada hem sesimi kesdim. Howlynyň içi tep-tekizdi: tutgujam, tegelek aýnaly penjire hem ýokdy…
— Diýmek, olaram gipnoz ukusynda görüpdirin-dä, onda?
— Bolman näme, elbetde… Dogryňyzy aýdyň, meniň fizika boýunça sapagymda siziň içiňiz-ä gysan däl bolsa gerek? Fima! — diýip, ol hojalykçy aýaly çagyrdy. — Kofe taýynmy? Ýörüň, ertirlik edineliň.
1)Parallel — başga bir tekizlikden ýa-da çyzykdan deň aradaşlykda duran hem-de dowam etdirilende onuň bilen kesişmeýän tekizlik ýa-da çyzyk.
2)Moren Şarl (1871-1967) — fransuz geofizigi. Ýeriň dartyş güýji, seýsmologiýa, meteorologiýa boýunça birnäçe ylmy işleriň awtory.
3)Elektrika — zarýadlanan bölekleriň bolmagyny, hereketini, baglanyşygyny ýüze çykarýan hadysalaryň jemi.
4)Polýuslar — Ýeriň hyýaly okunyň onuň üsti bilen kesişýän nokatlary.
5)Radius — töweregiň ýa-da şaryň üstüniň haýsydyr bir nokadyny onuň merkezi bilen birleşdirýän kesim we ol kesimiň uzynlygy.
6)Siwilizasiýa — Jemgyýetçilik-ykdysady gurluş tarapyndan gazanylan jemgyýetçilik ösüşiniň we maddy medeniýetiň ýeten derejesi.
7)Žonglýor — birbada birnäçe zatlary ýokary zyňyp hem gapyp oýun görkezýän sirk artisti.
8)Piruet — tans edilende bir aýagyňda doly aýlanmak.
9)Skafandr — suwa çümmek, kosmosa, stratosfera uçmak üçin ýörite geýim.
10)Gipnoz — ynandyrma arkaly adamda ýa-da ýokary derejeli haýwanlarda uka meňzeş psihofiziki ýagdaýy emele getirmek hem-de ony gipnoz edýäniň erkine tabyn etmek.
