Toýa gitdim
Toýa gitdim

Gury kelle togalanar toý bolsa
Diýip, menem bardym iliñ çetinden.
Nahar iýdim, toý töwirin galdyrdym,
Berhiz saklap, datmasamam etinden.
Toý gowy zat, hemmäniñem arzuwy,
Tuwmaýak bolmasa, gyzsyz-ogulsyz.
Ýyldyzlary duşup, ýaş çatynjalañ,
Ak posalak bäbejikler dogulsyn.
Hany, toýuñ bagşysynam diñläli,
Aýdyp bilýärmikä Amman-ammany
Ýogsam kä aýdymdan ýüzüñ utanýar,
Geýip çykan ýaly ýyrtyk tammany.
Hindiçe tans edýär başaçyk bir gyz,
Nämemikäm diýýär saçy kesilen.
Ýüregñi gopdurýan saz ýokmy başga,
Sen-sen bilen Uçradym bar, meselem.
Bilýän däldir heniz ulaljagyny,
Ýaşkañ sähelçejik goýberseñ hata.
Deñ-duşum däl, meniñ sözüm diñlenmez,
Besdir, gulak goýsa enedir at:a. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.