| |

Toý / ýumoreska

Toý / ýumoreska TOÝ

Toý / ýumoreska

― Başlyk, bir toýjagaz edäýjek bolýas-da, şoňa…
― Gaty gowy, oň bolsun!
― 3-4 müň manatjyk puljagaz gerekdi.
― Bir müňdür, müň ýarymdyr, kömek etsek edäýerisem.
― Gelin edinmegem kynlaşdy-haw, 2-3 sany ýüň seçeklem-ä tapyp beräýseň diýjek bolýan.
― Ýekejesinden artyk bizde mümkinçilik ýok, ýaşuly.
― Söwüşlik arzan baha işşek goýundan 7-8 sanysyna hat berýämiň ýa ferma müdürine aýdýamyň…
― Ýaşuly, iki sany semiz goýun bereýin.
― Odunam-a gerek boljak öýdýän.
― Taparys. Täze karta açdyk. Goparan agaçlarymyz bar.
― Getirer ýaly maşyn bormy, teležka bormy, bir zatjagaz berersiň-dä.
― Hökman.
― Skladda çadyr bar diýip eşitdim. Toýa gelenlere kölegelik bir zat gurmaly boljak.
― He, öz-ä bolmaly.
― Güpem-ä gerek, çaý gaýnadar ýaly.
― Meýdan düşelgelerinden ýygnaýmaly bolar-da.
― Brigadirimize diýäýseň, otag otaýan gelin-gyzlardan 10-12 sanysyna rugsat beräýse, çörek bişirmeli boljak.
― Göreris, ýaşuly. Bir alajy bor.
― Gap-gaçdyr çäýnek-käse-de beräýseňiz gowy boljak.
― Medeniýet baradaky orunbasara aýdaýyn. Çagalar bagyndan alyp berer.
― Garrylyk gursun, huşuňy alar ekeni. Häzir-ä ýadyma düşýän zatlar şular. Soňam ýetmez zadymyz bolsa gerin duraryn-da, başlyk. Men indi şu ýerden ilen-çalanlaryň üstüne gitmeli. Dilemeli zatlarym kän. Ýak, başlyk, esasy zady unudaýypdyryn, raýpodan 10-15 halta un, 300-400 sany elýaglyk diläp ber…
― Bu zatlar-a düzederis welin, öýlenjek ýigit berin özüňizden düzeljekmi?! Satiriki hekaýalar
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle