|

Towşan we Şir / basnýa

Towşan we Şir / basnýa TOWŞAN we ŞIR

Towşan we Şir / basnýa

Çalja Towşan gür tokaýda ir bilen,
Sataşdy ýodada ýatan Şir bilen.
Tisgindi-de, yza gaçmak isledi,
Ol Şirden arasyn açmak isledi.
Towşanjyk galpyldap böwrün diñledi,
Ökje götermäge ikirjiñledi.
Sebäp Şirde bir geñ agraslyk bardy,
Ol özüni ýuwaş alyp barýardy.
Haýwanlaryñ şasy bozup kadany,
Büs-bütinleý tutup ýatyr ýodany.
Daşyndan aýlanmak bolmansoñ mümkin,
Sandyrap dil açdy, baryp has ýakyn.
— Hökmürowan hormatlymyz Şir ata,
Gaharlanmañ biz ýaly bisyrata!
— Hawwa, näme diýmekçi sen hargulak,
Aýdyberiñ diñleýän men hargulak.
— Maý tapamok aýlanmaga destiñden,
Böküp geçmek mümkinmi señ üstüñden?!
Çekinmäñ ol oýna siz gaty ökde.
— Şir aga, bulaşyp tozana-gerde,
Siz nämüçin ýatyrsyñyz bu ýerde?!
Nälet şeýle zady oýlap tapana…
Eşdip Towşan Şiriñ beren jogabyn,
Bilip galman ýatmaklygnyñ sebäbin,
Gorky duýgulary bolup zym-zyýat,
Towşanjyk şatlygym nygtap bada-bat,
Çekinmän ol Şiriñ üstünden bökdi,
Geçensoñ, gedemlik depregin kakdy:
— Göwresi näteñet, ýoda bolsa dar,
Aýagyñ astynda her hili myrtar.
Gör, ynha, şeýdişip, ygyşyp ýatjak,
Bolsalar, ýeri sen, öljekmi, ýitjek!

Aman ANNAMYRADOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle