| |

Togalak dünýä -2/ powestiñ dowamy

Togalak dünýä -2/ powestiñ dowamy

Şeýdip, ýene artele gelmeli bolduk. Muňa meniň neneňsi begenendigimi bir bilseňizdi! Ejeme bu hoş habary aýdanymda, ol näme üçindir, muňa biparh garady. Diňe meniň göwnüm üçin:
— Gowy bolupdyr, Köpçüligiň içinde içiň gysmaz-diýip oňaýdy. Onuň biparhlygynyň sebäbini bilýän. Ol ha artel bolsun, ha halypamyňky – umuman meniň işlemegimi islemeýärdi. Käwagtlar meniň işden ýadap gelenimi göreninde uludan bir demini alyp:
-Wagtyň geçip barýar, bilimsiz galyp barýañ, oglum. Gijeki mekdep açyljakmyş diýen habar bar, käşge şo açylaýsa, onda saňa meňzeşler üçin gowy bolardy. guzym – diýerdi.

*  *  *

Şu aralykda tötänden  ýüze çykan bagytsyzlyk  biziň artel baradaky şatlygymyzy ýele sowurdy oturyberdi. Halypamyň kempiri tarpa-taýyn aradan çykaýdy.
Halypamy bu hasrata çydap bilmez diýip gorkupdym. Emma men ýalňyşan ekenim. Ol ýalňyz mahalynda aglan olsa aglandyr, emma märekäniň içinde welin gözüne ýaş hem aýlamady. Märeke d….argap, onuň ýanynda diňe  goňşusynyň aýaly bilen men galdym, şonda ol ýüregindäkisini dökdi. 
-Kempir pahyr bu dünýäniň gowgasyndan dyndy. Boldy-boldy maňa boldy… Täk özüm gugaryp galdym-diýdi. Goňşusynyň aýaly oňa göwünlik bermekçi boldy:
-Umytsyz bolmaň, Mahmyt aga. Siziň ýalňyzlygyňyz wagtlaýyndyr. Hä diýmän, ogluňyz  uruşdan geler, öýerersiňiz. Öýüňiz agtyklaryňyzdan dolar.  Agzyňyzy haýyr açaweriň.
Şonda welin halypam saklanyp bilmän, gözüne ýaş   aýlady.

***********
Aradan birnäçe gün geçensoň artele geldik. Gelen günümiz ussalaryň begenşini bir görseňizdi! Olar halypam bilen meni asyl ýitirip tapan ýaly, ýeke-ýekeden gujaklap görüşdiler. Adamlaryň beýle mähirli garşylamagy biziň depämizi göge ýetirdi.  Indi her gün, ozalkym ýaly, artele gatnaýardym. Şondan soň,  hemişeki tanyş ýol-ýoda ýene-de maňa birwagtky  goýungözli gyzy ýatlatdy.
Peduçilişäniň gyzlary öňümden ýene topar-topar bolup çykýardy. Emma olaryň içinde, näme üçindir,  ol goýungözli gyz görünmeýärdi. Ýöne onuň bilen mydama el tutyşyp ýören owadan gedem gyzy welin häli-şindi görýärdim. Ol meniň gözlerimiň näme agtarýandygyna düşünýän ýaly, mydama manyly gülümsiräp  geçip gidýärdi.  Men bolsam Belkem, yzyrakdan gelýändir, Ine häzir öňümden çykar diýip, içimi gepledýärdim. Ýüregim welin gürs-gürs uryp, kükregimden çykaýjak bolýardy.
Bir hepdäm şu hili ýagdaýda geçdi. Umydym  puja çykdy. Ol indi okuwa gatnamaýardy. Munyň sebäbini nireden, nädip anyklajagymy bilmeýärdim. Nätsemkäm? Ýada şol maňa gülümsiräp geçýän  boýdaşyndan soraýsammykam? Ony şonça gyzyň içinden saýlap saklaýmagam aňsat iş däl. Aňsat bolmasa-da saklamaly soramaly.Emma  ol meniň  bu bolşyma dogry  düşünermikä, üstümden gülmezmikä? Bardy-geldi, ol meni  başga bir zat aýdar öýdüp, küýinip gidiwerse nähili bolsada saklamaly, soramaly, anygyny bilmeli, ýogsam ýüregim ynjalyk tapanok.
Ertesi onuň gyzaryp-bozaryp sakladym.
-Boýdaşyňyz näme üçin görünmeýär? – diýip,  gyzyň meni synlap duran gözlerinden gözümi gizledim. Ol meniň soragyma şo bada düşündi.
-Sonagülmi,  gerekmedi?-diýip ýylgyrdy. Men onuñ adyny birinji gezek eşitdim.
-Hawa, ädik buýrupdy. Taýyn – diýip, kelläme gelen zady aýdyp göýberdim. Emma bu hili ýagdaýda gyz maşgalanyň gözüni gapyp bolýarmy näme?
Ol gülüp göýberdi-de:
-Ädigimizi maňa sataýyň – diýdi. Men çym-gyzyl boldym. Hiç zat aýdyp bilmän, oňaýsyz ýylgyrdym.  Gyz birden  gaşyny çytdy-da:
-Sonagül okuwy taşlap gitdi. Indi ony bu töwerekden tapyp bilmersiňiz – diýip, özüne garaşyp duran  gyzlara bakan dogumly ätläp ugrady.
-Sebäbi näme-diýip, men zordan dillendim. Ol gyz gaňrylyp birhili manyda seretdi-de, hiç zat diýmän gidiberdi. Onuň nähili manyda seredenine şo mahal pikirem bermedim.
Sebäbi aladam özüme ýetikdi. „Okuwyny taşlap gitmäge ony näme mejbur etdikä?  Şonda halypamyň  kempiriniň bizden para sorap gelen adam hakynda aýdany birden ýadyma düşdi. „Gyzy bilen aýalyny kowup, ýaş gyza öýlenen onuň kakasy ekeni-dä? Ine, onuň okuwyny taşlap gitmeginiň sebabi! Biçäre gyz, ol hem men ýaly güzeran görmek üçin bir ýerde işläp ýörendir….“
Şeýle pikirler bilen bilelikde, kelläme başga-da bir pikir geldi. „Näme üçin boýdaşy maňa muny açyk aýdaýmady? Bir hili gyz eken-aý, walla! Näme üçin ol meniň bilen gürleşeninde beýle suwjarýar-a? Gülümsiriýär, birhili seredýär? Boýdaşynyň başyna düşen gara gün onuň üçin hiç zat ýaly!“
Assa ädimläp barýarkam, kellämde şu pikirler at salýardy. Ýüregimde bolsa "Sonagül“ diýen at häli-şindi ýaňlanyp durdy.

************
Aýlar, günler geçip, Sonagüliň owadan goýüngözleriniň kalbymda galdyran yzy dura-bara öçüp ugrady…. 
******
Gyşyň içiňi gysdyrýan tukat günleri geçip, köçelerde baharyň şadyýan ýeli öwsüp başlady. Teniňe mahmal ýaly mylaýym degýän ýazyň ýeli çöküp ýatan duýgularymy hem oýardy. Ýüregimde düşnüksiz bir isleg döretdi. Bu islegiň peýda bolmagynyň bahardan başga-da bir sebapkäri bardy. Ol hem Sonagüliň şol baýaky boýdaşydy.
Sonagül zerarly aramyzda bolup geçen gürrüňden soň bu lälik gyzyň salamlaryna gözlerini allaniçiksi güldürip geçişlerine ilki günlerde parhsyz  garap gelipdim. Emma gyzyň yzyny üzmän gaýtalaýan bu hereketleri kem-kemden göwnüme hoş ýakyp başlady. Soňky wagtlar her gün ir bilen işe gidip barýarkam, oňa duşuşanymda, gözlerini güldürip, salamlaşmagyny  isläp başladym. Bir günem bu islegim on esse  artykmaçlygy bilen ýerine ýetirildi.
Ine, ol şeýle boldy.
Gijara işden ýeke özüm pikire çümüp, başymy  aşak salyp gelýärdim. Bäş ädim çemesi öňümden biriniň aýak sesine başyma galyrdym. Gözüm şol Sonagüliň boýdaşyna düşdi. Ol näzli gülümsiräp, gös-güni maňa seredip gelýärdi. Ol garşyma gelip aýak çekdi-de:
Ussa salam – diýip, gülüp duran gözlerini  gözlerime dikdi. Men onuň gyzlara mahsuz bolmadyk beýle aýgytly hereketindenmi ýa-da gapyl galanym üçinmi garaz, birhili özümi ýitirdim.
Salam…-diýip, zordan dillendim.
Gyz meniň bolup durşumdan nähili ýagdaýdadygymy aňyp, mylaýym ýylgyrdy-da:
-Şol baýak aýdan ädigiňizi nätdiňiz, hiç  kime satmadyňyzmy?-diýdi.
-O nähili ädik?
-Sonagüle tiken ädigiňiz-dä.
Şo bada ýalan sözlänim ýadyma düşdi-dä:
Ýok entek….-diýip, çym-gyzyl boldum.
-Henize çenli hyrydar tapyp bilmänsiňiz-dä?-diýip, gülip göýberdi. Onuň bu gülküsini özümiň ýigitlik mertebäme  dil ýetirmegi diýip düşündim-de, birden-kä  gaharym geldi. Mertebäme dil ýeterileninde men özümi  diýseň merdem tutýardym.  Şu häsiýetim bu gezek hem kömege ýetişdi.
-Hyrydar näçe diýseň bar, emma ol ädigiň özüne mynasyp hyrydary  tapylýança hiç kime satjak däl-diýdim.
Gyz gepiň manysyna düşündi öýdýän, boz-ýaz boldy. Ýöne dillenmän durup bilmedi:
-Şeýlemi? Maňa sataýjak däl-da onda?
Çyn hyrydar bolsaňyz….
Ol ýenede hüjüm edip ugrady:
Seret-le muňa! Çyn hyradardygymy men nädip subut etmeli, ýa-da pulumy çykaryp görkezäýinmi? – diýip, gyz ýenede güldi. Bu saparky gülki hilesiz gülki bolansoň, menem goşulanymy bilmäni galypdyryn.
-Eýsem söwdasyny haçan edýäs? – diýip, ol gyz birhili çynyrgadyp ugrady. Menem onuň özünden kem galmadym.
-Onuň söwdasyny şu gün agşam edil şu ýerde ederis- diýdim.
Gyzyň häliden bäri gülüp duran güzleri birden aşak bakdy…
-Ýok bu gün däl.
-Näme üçin? Şu gün bolaýsa, gowy bordy-da!
-Ýok, ýok, başga wagtda.
-Ýok diýmesene….Bolýarmy? Bolýa diýäýsene.
Bolýa… Gadalan ýeriňden  gan alýan oglan ekeniň.
Gyz gitdi.
Men öýe ýöräp däl, uçyp geldim.

************
Ol şol döwürlerde  ýörgünli bolan „han atlas“ köýnek geýip, gül ýaly açylyp geldi. Meniñ begenjimiñ çägi ýokdy. Gyzyñ gözleri-de bagryýarlyk bilen lowrdaýardy.
Bz iki ýany gur bagly ýan ýoda bilen egnimizi deňleşdirip, ýuwaşja ýöräp ugradyk. Ikimizdenem ses çykanok. „Näme diýsemkäm? Gürrüňi nämeden başlasamkam?“  Ýüregimi gurşap alan süýji  duýgunyň niçikdir bir lezzetli tolgunmanyň gujagynda bir  agyz söz tapmaga-da  rowgatym bolman, ejizläp barýardym. Maňa galsa, şu hili ýagdaýda tä ýary gijä çenli aýlanyp gezmäge razydym. Emma ümsümligiň uzaga çekmegi aramyzda birhili ebeteýsiz ýagdaý döretmäge başlady. Söz tapyp bilmän, azara galýanymy gyz aňan  bolmaga çemeli, özi dillendi:
-Bolşymyz-a  birhiliräk – diýip, ol  mylaýym ýylgyrdy.
-Näme üçin birhili bolýar?
-Entek biri-birimiziň adymyzy-da bilmeýäris. Şondada,  ýedi ýyllyk tanyşlar ýaly aýlanyp ýörüs-diýip, ol güldi. 
-Hawa, dogrudanam, munymyz birhiliräk –diýip, men gülesim gelmesede,  onuň gülkisine goşylan kişi boldum.
-Gel gowusy biri-birimize adymyzy aýtmaly –diýip, gyz edil ýaş çaga ýaly läliksiräp gepledi.
-Haçana çenli?
-Hiç haçanam.
-Şeýlede bir zat bormy?
-Biz bolduraly-da.
-Ýok munyň bolmaýar! Adyňy häziriň özünde  aýt!
 Gyz näzirgäp  dillendi:
-Eýýämden hemle atýaňmy?
-Bagyşla.
— Sen näme, gyzlaryñ adynyñ nädip soralýandygyny kitaplarda  okamadyňmy, kinolarda görmediňmi? Hany, meniň adymy biljek bolda?
Men näme diýjegimi bilmän ýylgyrdym. „Kitaplarda, kinolarda, dogrusyny aýtsam, mekdepden gidelim bäri, elime kitap almadym diýsem-de boljak.Ozalky   okan erteki  kitaplarymda-da    ýigitleriň    gyzlardan    nädip    adyny soraýanyna
duş  gelmedim. Duş gelen bolsam-da, ol mahallar muňa üns bermänim üçin, ýadymda  galmandyr. "Çapaýew", „Nasreddin Buharada“, „Bagdat ogrusy“ kinolaryny birnäçe gezek görüpdim.  Olarda-da bu hakda gep-söz ýokdy. Belki, şeýle gep-gürrüňli kinolar bolsa-da bardyr?" diýip, oýlanyp dymdym. Ol  -Gyzlaryň adyny  soramagy oňarmasaň, onda öňürti öz adyňy aýdaý- diýip, keerjekledi.
-Adym Abdy.
Gyz pyňkyryp göýberdi.
-Näme gülýäň?
-Näme üçin öz adyňy özüň kemsidip aýtýaň?
-Kemsidip dagy edemok. Adym Abdy-da.
-Hemmede adyňy Abdy diýip tutýarmy?
-Ýok ejem Abdy jan diýýär, halypam Abdy baý diýýär, oglanlar ýöne Abdy diýýärler.
-Bular seniň doly adyň däl, ahyryn. Doly adyň näme?
-Doly adymy indiki gezek, dogluş hakyndaky şahadatnamamy görüp, gelip aýdaryn.
Gyz maňa hezil edip güldi.
-Eý-waý, gepiň gursyn, tas içegäm üzülipdi. Seniň adyňy goýan kim?
-Bilemok, kakam goýan bolmaga çemeli.
-Kakaň nirede işleýär?
-Ol uruşda.
-Hm… Meniňem agam uruşda – diýip, gyz birden tukatlandy: — Ozal nirede işleýärdi  kakaň?
-Mugallymdy.
-Mugallymlar şahyrlaryň atlaryny gowy görýärler. Çyn adyňy häzir bilerin. Haýsy şahyryň adyna dogry gelýärkä adyň janym? Abdy… Abdy….. tapdym! Abdyrahman! Jamynyň ady-la bi!
-Azyrak ýalňyşdyň. Abdyrahym. Indi senem aýt-da adyňy.
-Ýok. Özüň tap. Adym „Z“ harpy bilen başlanýar. Muny tapmak aňsat-la. 
Adyň ýa Zulaýha ýa Zyba
-Ýok 
-Tapmadymmy? Eýse muny seň ýaňky usulyň  boýunça tapmaly bolýar. Seň adyňy goýan kim?
-Kakam
-Kakaň käri näme?
-Kakam gorispolkomyň başlygy.
-Şeýlemi?
Men dymdym. Halypamyň salgydy ýatyrmak üçin ispolkomyň başlygynyň ýanyna baryp geleninde "Biçäräniň oglundan şum habar gelenine üç gün  bolupdyr Örän tukatlanyp oturan ekeni" diýeni ýadyma güpbe  düşdi. Bu gyz hem "meniňem agam uruşda" diýýär.  Onuň  şum habardan  habary ýok bolmaga çemeli. Kakasy  biçäre, bu elhenç habaryň azabyny ýeke özi çekip  ýörene meñzeýär.
Tapdyň gerek? – diýip, ol meniň sesimi  çykarmanyma özüçe düşündi.
-Gorispolkomyň başlyklarynyň nähili  atlary gowy görýändigini hakydama getirip bilemok – diýdim.
Sözlerimiň manysy degişmä meňzese-de, äheňi meňzemedi. Sesimde ýüregimde berçigen tukatlygyň täsiri dýulýardy. Muňa-da başgaça düşünen gyz:
-Ýadadyň  öýdýän, öýli-öýümize gaýdaýaly –diýdi.
-Ýok-la, ýadamok. Ýene birsalym gezeli.
-Ýok. Gijä galsam, ejem käýýär.
Ony öýüne çenli ugratdym. Gapysynyň öňüne  gelenimizde ol:
-Gaýdyber onda – diýdi.
-Adyňy aýtman gidiberjekmi?
Gyz hilegärlik bilen ýuwaşja güldi-de, „Hoş“ diýen manyda elini uzatdy. Şeýle bir näzik, şeýle bir mylaýym bu eli gabarçakly elim bilen emaýja gysýarkäm, özümi ömrümde ilkinji gezek eline altyn alyp gören garyp ýaly duýdym. Gyz näme üçindir, elini birden çekip aldy. Men adyny aýtman gider öýdüp,  howlugyp soradym.
-Aýtmadyň-la
-Zülputar.
Şeýle diýdi-de, tiz-tiz ýöräp, howla girip gitdi. Bu etraplarda örän seýrek duş gelýän bu owadan ady näme üçindir, men şo näzik ellere meňzedesim geldi.
***************
Gumguk köçäni  ýeke özüm eýeläp gelýärdim. Hyýalymda welin, o gyzyň görküne guwanyp, sözüne, gülküsine gulak asyp, şadyýanlygyna, mähremligine guwanyp gelýärdim.
Asyl öýe gelenimem duýman galypdyryn. Gijäniň birwagty bolanyna garamazdan,  äpişgämizden yşyk görünýärdi. Ejem uklamandyr. Gijä galanym üçin, howatyrlanyp oturan bolmaga çemeli. Pişik basyşyny edip öýe girdim. Ejem krowatda arkasyna ýassyklary  goýup, kitap okap oturan ekeni. Gapydan girenimden başyny kitapdan göterip, ulydan demini alyp dillendi.
-Nirede eglendiň, oglum?
Şonda ol ýüz-gözümden birhili üýtgeşikligi syzjak bolýan ýaly geňirgenip, maňa diklenip seretdi. Men gyzaryp gitdim.
-Kino bardyňmy?
-Howa
Ejem soň gülümsiräp gepledi.
-Gyzykly ekenmi?
-Hawa „Çapaýew“.
-„Çapaýewdan “  başgasy ýokmuka? Hemişe şo kino-la? Şeýledir-dä. Kino çykarýanlaram uruşdadyr  bu wagt….
Ol kitabyny ýapyp, ýüz-gözüme ýene bir gezek mähirli seretdi.
-Indi ýataý, oglum. Ir bilen bäşde  çöregiň nobatyna gitmelisiň.
Hemişeki ýatýan ýerime – pejiň ýanyndaky köne  diwanyň üstüne düşek ýazyp, çyrany öçürdim. Otagda höküm sürýän garaňkylyk hem ümsümlik meni adatdakysy ýaly rahat ukynyň däl-de süýji  hyýallaryň  gujagyna çekdi.
-Abdy jan, Näme uklaňok?
Uklaman ýatanymy nireden bildikä? Ejem uklasyn diýip gymyldaman ýatdym ahyry? Ene-dä, ene ýüregi gör, nähili duýgur bolýar! Ol seniň dem alşyňdanam ukudadygyňy ýada oýadygyňy, gaýgylydygyňy ýa-da  şatlanýandygyňy – ählisini duýup ýatyr!
-Eje!
-Jana!
-Ýaňky okap oturan kitabyň näme hakynda?
Ejem birsalym dymyp, ulydan demini aldy.  Şonda ol maňa: „Ýüregiňde nähili tupan turanyna  indi düşündim“ diýen ýaly boldy.
-Ol kitap ajaýyp bir adam hakynda. Senem  wagt tapyp okaýsaň, zyýan etmez, oglum. Ýöne seniň  iş-aladaňam kän-dä. Bu-da geçer, oglum. Hany, ýat,  dynjyňy al. Ertir ir turmalysyň.
-Bolýar eje.
Soň uka gidipdirin
**************
Budilnigiň jyňyrdysyna oýandym,  görsem  sagat bäş. Ýumşajyk  düşegi terk edip, ýerimden  galasym gelmeýärdi. Isleg bilen  hajatyň işi ýok.  Turmaly boldy. Turdym. Ähli ýeriniň syrçasy gopup,  çypar bolup giden köne budilnige gaharly seredip  durşuma çalt geýnip, çöregiň  nobatyna ýüwürdim.
Daňdanyň çigreksi şemaly teniňe ýakymsyz degýärdi. Köçelerde eýýäm hereket başlanypdyr. Adamalaryň ädimleri aladaly. Çörek dükanyna gelenimde,  uzyn murtyna ak sepen garry milisiýoner nobaty tertibe salyp duran eken. Şol wagt  nobatyň soňunda  duran gök biýz köýnekli, uzyn boýly, näzenin gyza  keseden gözüm düşende, näme üçindir, ýüregim jigläp gitdi. Oňa golaýlaşyp nobatyň yzyny soraýarkam, ol yzyna  öwrüldi. Şonda bir wagt ýüregime ot atan goýungöze gözüm sataşdy. Sonagül! Birbada demim ýetmeýän ýaly boldy. Der basdy. Ozallar oňat geýnip, gül ýaly açylyp ýörän gyzy biýz köýnekli görenimde, inim  dyglap gitdi, ýüregim awady. Gyz hem özüniň bu  halyndan utanýan dek, başyny birden aşak egdi. Soň  asuda garaýyş bilen bakyp:
Gurgunmusynyz? – diýdi.
Juda mylaýymlyk bilen aýdylan bu söze jogap bermäge-de ejiz geldim. Bogazym dolup, diňe başymy egip oňaýdym. Şo bada hem köpden bäri  ýüregimizde saklanýan şol gaýybana tanyşlyk mesaňa ýüze çykan ýaly boldy durdy. Emma şondan soň sagatlap  nobatda  ýüzbe-ýüz duranam bolsak, aramyzda hiç hili gep-gürrüň bolmady. Ýöne bu dymyşma biziň üçin  manyly manysyz sözlerden  has ähmiýetlidi. Sebäbi biz  biri-birimize gyýa-gyýa seredişmek bilen, aram-aram nebsewür ýuwdunmak bilen, hatda göze ilmeýän kiçijik bir hereketlerimiz  bilenem sözde düşündirip bolmaýan syrlу bir zady-bir-birimize düşündirýän ýalydyk. Sagat sekize golaýlaşanda  biziň nobatymyz ýetdi.  Bir elimize kartoçkany, beýleki elimize-de bukankadan sähel azyrak çöregi mäkäm gysyp, nobatyň kadasyz  itnişiginden çykdyk. Şol mahalam orta ýaşlaryndaky iki sany sygan aýal gelip, adamlary gepe güýmemäge durdy. Nobatyň yzyragynda duran bir kempir syganlary ýanyna çagyrdy. Syganlaryň biri kempiriň sag eliniň а  ayasyna seredip samramaga başlady.
-Palyňda malyň göründi, malyň bilen  janyň göründi. Uzak ýerde diýsemmi, ýakyn ýerde  diýsemmi, ýadyňmy, ýakynyňmy, ýalňyz gaýybyň bar, gözüň  ýolda intizar…
Tapdyň tapdyň, başyňa döneýin – diýip,  kempir janykdy.
Sygan aýal hinizem samyrdaýardy. Men bolsa oňa seredip agzymy öweldip galypdyryn. Şol wagt goltygyma mäkäm gysyp duran  çöregimi biri silkip  aldy. Zährem ýarylyp, yzyma öwrüldim.
Adamlar:
-Haý tut! – diýip, yzan-çuwan bolşup gygyryşdylar. Milisiýoner gulagyňy deşip barýan ses bilen yzly-yzyna jürlewigini çaldy. Emma bary biderek boldy.Çöregi alyp gaçan  oglan  birdemde  köçäniň   aňyr  çetindäki  öwrüme  gabat  boldy. Men               
näme etjegimi bilmän, ol oglanyň kemzolynyň arkasyndaky  ýyrtygyndan görnüp duran çym-gyzyl içligine  seredip aňk-taňk bolup galyberdim.
Adamlaryň içinde wagyr güýjedi, Bir  inwalid ýigit milisiýonere:
-Hemmesi sizden, düýnem bir aýalyň nanyny  alyp gaçdylar. Näme üçin tertip-düzgüne seretmeýärsiňiz – diýip haýbat atdy. Başga bir aýal: Wah, ýaşy kesilen, ýaňyjada meniň çöregime  burnuny tutyp: „Wah munuň ysynyñ oňatdygyny,  peçden ýaňy çykypdyr öýdän“  diýip, ýalt-ýult edip  durdy – diýdi.
 Men özümiň aňkawlygymdan utanyp, märekeden saýlandym. Yzyma seretsem, Sonagül gelýär. Gyz  maşgalanyň öňünde bir bukanka çörek üçin özümi ýitirip durmagy uslyp bilmedim-de ekezlendim.
-Şeýdip alany, halaly bolsun onuň – diýdim. Sonagül bir hili ahmyrly äheñde:
-Näme üçin şeýle adamlar bolýar-a? – diýdi
-Nähili adamlar?
-Diňe özi hakda pikir edýän. Özüm dok bolsam bolany, özge aç galsa-da jähennem  diýýänler. Ýaňky oglan çöregi ýöne ýere alyp gaçan däldir. Ähtimal, açdyr. Ýöne ol näme üçin „Men biriniň çöregini alyp gaçsam, ol hem meniň ýaly aç galar“  diýip pikir etmeýärka?
-Onuñ ýaly pikir eden ogurlarmy?
-Onyňa dogry.
Ol gyzy men beýle ýüregi ýukadyr öýtmeýärdim. Onuň meniň halyma gynanmagy meni birhili geň galdyrdy.Öňki ysnyşygymyz ýene güýjäp ugran ýaly bolup duýuldy.
Şol gidip barşymyza ýolymyz  halwaçynyň dükanynyň üstünden geldi. Sonagül maňa „Bäri geliber“ diýen ýaly yşarat etdi-de, halwaçynyň dükanyna sowuldy. Orta ýaşlaryndaky halwaçy  dükanyny ýaňyja açyp daş-terezisini sazlaşdyryp duran ekeni. Dükanyň  öňüne gelip aýak çeken  gyzy görüp halwaçy ýarydan  deşilen ýaly kiçijik, bitik gözlerini birhili edip eljiredi:
-Gurgunmyň, gurgunjamyň, keýigim? Halwa çekeýinmi? Kakaň: „Gyzym halwany gowy görýä“ diýip öwerdi. Hawa-da….
-Mümkin bolsa, pyçagyňyzy berip duryñ– diýip, Sonagül onuñ gepini böldi.
Halwaçy oňa „Keýigim keýpiñ kelläňde, sensizem halwanyň hyrydary köp“ diýen manyda pyçagy alyp uzatdy. Sonagül  çalasynlyk bilen  pyçagy alyp, elindäki buhankany ikä böldi. Dukanyň öňünden dört-bäş adim aňry  gidenimizden soň, ol bölekleriň birini maňa uzatdy. 
-Al.
-Ýok, sag bol.
Çöregi hernäçe almajagam bolsam bolmady. Aldym. Şonda ol gyz ýylgyryp:
-Seni öýüňe boş ibersem, onda meniň şo çöregi alyp gaçan oglandan näme tapawudym bolar – diýdi.
Minnetdarlyk bilen oňa seredenimde, bu biýz  köýnekli gyz öňler ýüpek köýnek geýip, gözlerini güldürip, şadyýan gezýän gyzdanam gözel göründi.

************
Bir bölek çöregi goltugyma gysyp, öýe  gelenimde ýüz-gözümde bir üýtgeşiklik bar bolmaga çemeli, ejem geňirgenip seretdi. Çöregi saçaga goýdym  Şonda ejem çöregiň azdygyny bilip dillendi:
-Näme? Normany ýene kesipdirlermi?
-Ýok.
-Onda näme bu az?
Bolan wakany ejme gürrüň berdim. Ejem birsellem pikirlenip oturdy. Soňam ýüzi  birdenkä açylyp ugrady. Men muny ejemiň Sonagüle gaýybana minnetdarlygyna ýordum. Ejem ýuwaşja dillendi:
-Onuň diýäýenine seret-le: „Seni öýüňe boş  göýbersem, çöregi alyp gaçan oglandan näme  tapawudym bar?“ Bu sözleriň manysyna düşündiňmi, oglum! Bu kitabyň sözleri! Köp okan gyz bolmaga çemeli- diýip ejem maňa manyly seretdi. Menem oňa düşündim.
Ejemiň bu garaýşynda iki many bardy: biri onuň Sonagüle çäksiz minnetdarlygy bolsa,  beýlekisem meniň sowatsyz galyp  barýanlygymdy. Kitaba üns  bermeýänligimdi.
Hawa, şu güne deňiç okuwsyz galyp barýanyma  birjigem gynanamokdym. Ýene şo güniň ertesi  Sonagül bilen nobata durmaly bolduk. Hijimizden ses  çykmaýardy. Diňe  ogryn hem-de nebsewür seredişip  oňýardyk .Soňam çöregimizi alyp, bile ýola düşdik.  Şonda Sonagül ulydan  demini alyp dillendi.
-Ertirden başlap, men çörek almaga bu ýere  gelmeýän – diýip, başyny aşak egdi.
-Näme üçin?!
-Başga ýere göçýäs.
Başym aýlanyp, gözümiñ öñi garañkylap gitdi. Nobata Sonagül bilen bile durmak, onuň mylaýym keşbini synlamak meniň üçin bagtdy!
Bu habaryň maňa agyr degenini Sonagül aňdy öýdýän. Başyny wagty bilen galdyrmady, geplemedem.
Hoşlaşaýjak wagtymyz welin gülümsiräp:
 -Zülputara  menden salam aýt – diýdi. Şo bada dilim damagyma gitdi. Sowuk der basdy. Haýsy manyda aýdanyna-da düşünmän içimi  gepletdim. „Ol meniň Zülpütar bilen duşuşyp ýörenimi nirden bildikä?  Eýrandaky gyzyň  halyndan Turandaky gyzyň  habary bolýar  diýenleri çyn ekenow.
Hyýalymda olary deňeşdirip, Zülpütara bolan  duýgum  gözüňi gamaşdyrýan ýiti öwüşgünli bir zat ýalydy. Sonagüle bolan duýgym welin  negada bir duş  gelýän örän gymmat bahaly zada meňzeýärdi.
Öýe gelip ejem bilen jaý içmäge oturdym.  Şol gymmat bahaly duýgy käsämdäki çaý ýaly  ýüregimde  asuda çaýkanyp durdy. Işe gidip barşyma,  uçilişäniň öňünde Zülpütara duş geldim.
 Salamlaşanymyzdan soň oňa:
-Agşam duşuşaly aýtjak zadym bar – diýdim. Gyz  gözlerini ýeser güldirip:
-O nähili gep?- diýdi.
-Biri saňa salam aýdyp göýberdi.
Kim?
-Agşam gelseň aýtjak.
-Bolýa, mümkinçiligim  bolsa göreýin – diýip, ol  ýeserje  ýylgyrdy.
Belleşilen wagtda ol gyrmyzy  ýüpek köýnekde  lowurdap    geldi. Özümiziňki diýilýän  ýan ýodadan ýuwaşja ýöräp gitdik.
-Salam aýdan kim? Hany aýt.
-Boýdaşyň.
-Haýsy boýdaşym?
-Sonagül-dä.
 Zülpitar gaşlaryny çytyp, esli wagt dymdy. Bir haýukdan soň:
-Şeý diýsene…. Ony nirde gördüň?-diýdi.  Çöregiň nobatynda gördüm  diýmäge dilim barmady.
-Tötänden köçede sataşdym.
-Zülpütar birden telpegini ters geýdi  duruberdi. Dodaklary titräp, gözleri kiçeldi. Men Sonagüliň salamyny gowşuryp, gaýtam ony  bigendirmekçidim. Jorasynyň habaryny eşitse, hökman begener diýip pikir edipdim. Pikirim tersine bolup çykdy.  Bir tarapdan, Zülpitaryň jan ýaly jorasyna bolan  beýle garaýşy ýüregimi ynjydan bolsa, ikinji  tarapdan şeýle owadan gyzyň meni gabanmagy göwnüme  hoş ýakýardy.
— Aýtjagyň bary şumudy?– diýip Zülpitar gaharly seretdi.
-Ýok-la, men saňa başga bir zat aýtjak  bolýan. Dogrusy, senden bir zat hakda sorajak bolýan.
-Mendenmi? Baş üstüne, soraber! – diýip, ol kineli äheňde aýtdy.
-Bu işimiziň soňy nähili bolarka, Zülpitar? 
-Düşünmedim. Näme diýjek bolýaň?
-Uruş gutarsa, kakam dagy gaýdyp gelse,  ikimiz durmuş gursak….
Şeýle diýenimden  Zülpitar sözümi kesdi:
Sonagül tamsüpüriji, aýdandyr-a saña kim bolup işleýänini, senem ädikçi ikiñiz durmuş gusañyz bolýar." Deñ deñi bilen, tezek gaby bilen" diýipdirler-ä…
Şobada meni göze görünmeýän ýalyn  gurşap aldy, bütin göwräm ot bolup tutaşdy gitdi.  Dulugyna çalyp göýberenimi duýman galdym. Ol beýle  zada garaşmadyk bolara çemeli, gözlerini petredip  bir seretdi-de yzyna öwrülip, ýüzün salaýdy.

***

Dowamy bar..

Powestler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle