Toniniň arzuwy (Hekaýa)

Ken DERBI,
iňlis ýazyjysy
Iki hepde geçse-de, üýtgän zat bolmady — jenap Go mugallymçylygyny taşlamady, hanym Hernandes 911 telefon belgisini ulanmady, Dewid Lettermen bolsa Tonä jaň etmedi. Asudalykdy… ýöne bu ýagdaý öý haýwanlarynyň hepdeligi başlaýança dowam etdi.
Çagalar synp otagyna geçip, ýerli-ýerinde ornaşanlaryndan soň, bir zatlar barada gyzgalaňly gürleşýärdiler. Sebäbi tagtanyň ýüzünde basma harplar bilen düşnükli edip ýazylan bildiriş göze ilip durdy:
Mähriban çagalar! bu hepde öý haýwanlarynyň hepdeligi diýlip yglan edilýär. goý, her kim öz öý haýwany baradaky gyzyklyja maglumaty biziň bilen paýlaşyp, göwnümizi açsyn!
siziň dostuňyz, Tom Go.
Käbir okuwçylar ýeňsesinden onuň adyny «Jenap Gorilla» diýip tutardylar. Daş keşbiniň şol haýwana meňzeýänligi üçin, bu lakam oňa şaplaşyp durdy.
Hepdelikde Din Smit boýnuna oralan ýylan bilen geldi. Ol synpyň iň dawaçyl okuwçysydy. Hemmeler oňa «dawaçyl Din» diýýärdi, sebäbi ol gaty garagoldy.
Anna ýany bilen kiçijik gara pişijegi alyp geldi. Pişijek maýyny tapdygy onuň depesine çykmaga çytraşýardy.
Keýsi O’Neýliň partasynda guşlar üçin niýetlenen boş kapasa durdy. Ol huşsuz bolup, hemmeler oňa «aňkaw Keýsi» diýýärdi. Ýöne bu juda beýle-de däldi, sebäbi ol bütin synpda çylşyrymly mysallary hiç hili kynçylyksyz ýatdan çözüp bilýän ýeke-täk okuwçydy.
Toniniň dyzynda bolsa mymyjak tüýli, ýasy tumşuklyja akja güjüjek bardy. Güjüjek sagatda 60 mil tizlik bilen ylgap, kerpiçli diwary süsene meňzeýärdi.
— Çagalar, ýuwaş boluň! — diýip, jenap Go elini çarpdy. — Hemmäňizi öý haýwanlarynyň hepdeliginde hoş gördük!
— O, jenap Go! — diýip, kimdir biri gygyrdy. Dawaçyl Diniň ýüzi pökgeren çernika miwesine çalym edip, onuň kellesi çat açyp ýarylaýjaga meňzeýärdi!
Jenap Go öz garşydaşynyň kimdigini kynçylyksyz kesgitledi we Dine çiňerilip seretdi.
— Bu gezek çynyň bolaýmagy hem mümkin.
Ol şeýle diýdi-de, ýylana dogumly ýapyşyp, ony Diniň boýnundan ýuwaşlyk bilen çekip aldy.
— Öňräk şeýtmelidiňiz, jenap Go! — diýip, Din uludan demini aldy. — Beýle köp garaşmagyňyza näme sebäp boldy?
Jenap Go hiç zat diýmän gözlerini petredip, Diniň boýnuna ýylany gaýtadan orady.
— Öňem aýdyşym ýaly — diýip, jenap Go okuwçylara ýüzlendi — bu hepdäniň öz aýratynlygy bar. Siziň her biriňiz tutuş synpy öý haýwanlaryňyz bilen tanyşdyrmaly bolarsyňyz. Anna, Toni we Keýsi munuň başyny başlar, belki-de, Din hem olara goşular, elbetde, kellesi çat açmasa!
Jenap Go öz stolunyň golaýynda duran uly akwariumyň ýanyna bardy. Akwariumyň göwrümi, takmynan, wannanyň ululygy ýalydy. Suwdan pürepür bolsa-da, onda ýekeje-de balyk ýokdy. Ol akwariumyň diwaryny tyrkyldadyp:
— Bu bolsa meniň aýratyn sowgadym — diýip seslendi. — Biraz soňrak biziň synp otagymyza öý haýwanlaryny getirerler. Annanyň ejesi on sany altyn balyjak getirmäge söz berdi!
Otagy şowhun gurşap aldy.
— Hany, onda tijeniň. Toni, senden başlaýsak näder?
Toni enaýyja güjüjegi bilen tagtanyň öňüne çykdy.
— Bu — Frikadelka — diýip, Toni söze başlady. — Ol meniň meşhurlyk gazanmagyma sebäp bolar.
Burnuny barmaklary bilen jaýtardyp oturan Maýk Elwen:
— Nädip? — diýip sorady.
— «Öý haýwanlarynyň bolgusyz hokgalary» diýen gepleşik arkaly — diýip, Toni jogap berdi.
— Näme diýdiň?
Toniniň sözleri heniz hem elini burnundan aýyrman oturan Maýky geň galdyrdy.
— Özüňiz bilýäňiz, Dewid Lettermeniň «giçki şowhunynda» bolşy ýaly, käte adamlar bolgusyz hokgalary ýerine ýetirtmek üçin öý haýwanlaryny onuň şowhunyna alyp barýarlar.
— Alyp baranlarynda näme? — diýip, Maýk ýeň bermedi.
— Nämesi şol! — diýip, Toni sözüni dowam etdi. — Günleriň birinde Frikadelka ikimiz şol şowhuna gatnaşarys.
— Bolaýjak-da — diýip, Maýk onuň aýdanyna ynanmazlyk etdi.
— Beýle bolsa başlaň — diýip, jenap Go sabyrsyzlyk etdi.
— Häzir meniň kömekçim bize gerek boljak enjamlary getirer — diýip, Toni aýtdy.
Muhammet ibn Abdylhamat ibn Jamaletdin ibn Reşidiň şokolad reňkli teni, kiçijik gözleri we ýalpyldap duran gara saçy bardy. Hemmeler oňa Mo diýip ýüzlenýärdi.
Mo dälize çykdy-da, kiçijik bökülewajy getirip, ony gapy bilen jenap Goň stolunyň aralygynda goýdy. Soňra ol yzky jübüsinden iki sany daňy çykardy.
— Tibi, bu maňa ýaramajak bolýar.
Jenap Goň sesinde birhili gülki äheňi bardy. Toniniň hakyky ady Entoni Medisondy. Ejesi oňa hemişe pisse ýagyndan we balon şöhladyndan buterbrod taýýarlap bererdi. Ol diňe şony iýip oňňut ederdi. Şonuň üçinem käbir çagalar oňa Toni Baloni diýýärdi. Beýlekiler bolsa gysgaça Tibi diýip ýüzlenerdiler.
— Alada etmäň, bar zady barlap gördüm. Kömekçim size bar zady düşündirer — diýip, Toni aýtdy.
Mo otagdakylara baş egdi-de:
— Hanymlar we jenaplar! Häzir siz üýtgeşik oýna tomaşa edersiňiz. Men Frikadelkanyň gözüni daňaryn. Ol ylgap gelip, bökdürewajyň üstüne özüni oklap bat alar-da, howada pyrlanyp, Toniniň eline baryp düşer. Bu hokganyň iň gyzykly ýeri bolsa, Toniniň hem gözüniň daňylgy bolmagydyr!
— Baý-bow! — diýip, Anna gygyryp goýberdi.
Onuň sesinden tebil tapan pişijek böküp, Diniň çür depesine çykdy. Boş kapasany synlap oturan Keýsi:
— Ajaýyp — diýip samyrdady.
Pişijekden we ýylandan sypmak üçin kellesini silkeleýän Maýk bolsa:
— Akmaklyk — diýip gygyrdy.
— «Öý haýwanlarynyň bolgusyz oýunlary» atly gowy görýän gepleşigimiň alypbaryjysy Dewid Lettermene bu, hakykatdanam, ýarasa gerek — diýip, Toni aýtdy.
— Görýän welin, bu maňa ýaramajak ýaly — diýip, jenap Go ellerini gowşuryp, stoluň başyna bardy-da, özüni oturgyja goýberdi.
Mo Toniniň gözüni daňandan soň, jenap Goň oturan stolunyň ýanyna alyp bardy-da, bökdürewaja bakdyryp duruzdy.
Soňra Mo Frikadelkanyň gözüni daňyp, ony dälize çykardy. Ol güjüjegi hem bökdürewaja tarap bakdyryp oturtdy.
— Öňe! — diýip, Mo buýruk berdi.
Frikadelka otaga tarap okduryldy.
— Bök! — diýip, Mo sesine bat berdi.
Frikadelka ýokarlygyna zymdyrylyp, göni bökdürewajyň üstüne düşdi. Bökdürewaç ony itekläp goýberensoň, ol olimpiýadada çykyş edýän gimnast ýaly howada pyrlandy.
Toni bolsa ellerini öňe uzadyp, garaşyp durdy.
Ýöne Frikadelka onuň elleriniň deňinden geçip gitdi-de, kiçijik top oky ýaly bolup, akwariumyň içine pagşyldap düşdi. Jenap Go, onuň stoly we daş-töwerek öl-myžžyk bolup, ähli zat ezilen towuga döndi.
Oturan ýerinden laňňa galan jenap Go:
— Bir kemimiz şu, Toni! — diýip, gygyrmaga başlady we aýaklarynyň üstünde durup bilmän, gürpüldäp gaýtdy.
Hiç kimden ses çykanokdy. Okuwçylaryň ählisi lal açan ýalydy. Hemmeler gymyldaman, jadylanan ýaly bolup, jenap Go tarap bakýardylar. Ahyry bu ümsümligi Anna bozdy. Ol:
— Tibi, nähili ajaýyp! — diýip gygyrdy.
— Men, gowusy, Makdonaldsa işe duraýyn — diýip, jenap Go hüňürdedi-de, tirsegine daýanyp, ýerinden turjak boldy. — Gamburgerleri zyňyp gapmak howpsuzrak bolsa gerek.
Otagynyň içi alagalmagal boldy.
— Siz gyzardylan kartoşkany ýa-da süýtli kokteýli mugtjak berersiňizmi?
— Men million sany çizburgeri bir gezekde iýerdim.
— Men Ronald Makdonald bilen tanyşmak isleýärin!
Birden otaga mekdep müdiri girdi.
Hemmeleriň sesini kesip, hanym Hernandese tarap seretdi. Toni: «Işim gaýtdy» diýip oýlandy-da, gözüniň daňysyny çözdi.
— Bärde nämeler bolýar? — diýip, hanym Hernandes sorady. — Jenap Go nirede?
— Men bärde, aşakda.
Bolup geçenlere düşünmek üçin hanym Hernandese bary-ýogy 10 sekunt wagt gerek boldy.
Jenap Go eşigini çalşyrmak üçin öýüne gitdi, hanym Hernandesiň kömekçisi jenap Gonuň okuwçylaryna göz-gulak bolmak üçin bärde galdy, Toni bilen Mo bolsa direktoryň iş otagyna tarap ugradylar.
***
Şol agşam nahar başynda Toniniň ejesi:
— Toni, näme sebäpli sen adaty çagalar ýaly multfilm göreňok? — diýip sorady.
— Näbileýin, eje — diýdi-de, Toni jamyndaky aşy içine sordy. Şonda huruşlyk tomat onuň ýüzüniň ähli ýerine syçrady.
— Ol kemakyl, multfilm görmeýändiginiň sebäbem şol — diýip, Mariýa seslendi.
— Onuň ýaly bolsa, kemakyllar barada gürleşeliň! — diýip, Toni hem kem galmady. — Şu ýerdäkileriň biri öz saçynda ýadro ýaragyny synap görýär!
Mariýa ýaňy-ýakynda altynsow saçyny narynç reňke boýapdy.
— Ikiňizem bes ediň! — diýip, Toniniň kakasy sarymsak garylyp gyzardylan çöregini dişlände, onuň sport bilen meşgullanan mahaly geýýän köýnegine ýag damdy. — Näme diýsene, jenap Medison, bir hepdelik dynç alşa çykanyňda, bu arzyly döwrüň hözirini görmegiň ýerine, homýaklaryň gözenegini arassalajakdygyňy hanym Hernandes jaň edip aýtdy. Işi şu derejä ýetirmek gerekmidi?
— Aý… gerek däl bolaýmasa — diýip, Toni ýaýdanyp jogap berdi.
— Diýmek, sen şeýle pikir edýäňdä?! Onda maňa gulak as, ýaş ýigit. Men gaýdyp hanym Hernandesiň maňa jaň edenini islämok. Düşnüklimi?».
— Hawa, jenap — diýip, Toni jogap berdi.
— Mariýa, senem mundan beýläk saçyňda himiki synaglary geçirmegiňi bes etmegiňi haýyş edýärin!
— Elbetde, jenap — diýip, Mariýa hem aýtdy.
— Men gidip bilerinmi? — diýip, Toni sorady. — Men Dewid Lettermene ýene bir hat ýazmakçy.
— Gidiber — diýip, Toniniň ejesi seslendi. — Emma, ilki bilen, gap-gaç ýuwujyny işlet. Öz bilşiň ýaly, bir hepdeläp gap-gaç ýuwmak seň boýnuňa. Onsoňam gaýdyp biziň sabyr-takadymyzy synamarsyň diýip umyt edýärin!
— Hut şeýle, hanym.
— Gowuja işle, Tibi — diýip, Mariýa-da awusyny pürkdi. — Belki, indi men hiç haçan gap-gaç ýuwmaly bolmaryn!
Toni Mariýa dilini görkezdi.
— Eje, ertir, ilki bilen, meniň hatymy iberersiň-dä?
— Ýazyp goýsaň ibererin.
— Minnetdar.
***
Gadyrly jenap Lettermen!
Siz meniň öňki hatymy aldyňyzmy? Alansyňyz diýip umyt edýärin. Biz güjüjegim Frikadelka bilen siziň gepleşigiňize gatnaşmak isleýäris. Biz bolgusyz hokgalary ýerine ýetirýän öý haýwanlarynyň şowhunly gepleşigine taýýarlyk görüp, bir oýun taýýarladyk. Ol mekdebimizde uly üstünlige eýe boldy.
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
siziň Toniňiz.
Sözsoňy:
Gepiň gidişine görä aýtsam, ejem meniň
üçin siziň şowhunlaryňyzyň ählisini
ýazga geçirýär. Men bolsa her gün
mekdepden gelip, olara tomaşa edýärin.
